Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy 'Türkmenhowaýollary' bilen bagly howpsuzlyk duýduryşyny ýaýratdy


“Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň uçary.

Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy, Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentliginiň (EASA) “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň territoriýasyna uçmagyna ygtyýar bermegi bilen baglylykda, özüniň 7-nji fewraldaky ýaýradan duýduryşy boýunça täze maglumatlary ýaýratdy.

17-nji oktýabrda çap edilen maglumata laýyklykda, ABŞ-nyň ilçihanasynyň işgärlerine “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň ýerli we halkara uçuşlaryndan peýdalanmagyny dowam etdirmegine ygtyýar berilýär.

Ýatlatsak, 4-nji fewralda Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugy (EASA) “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçýan we bu bileleşigiň çäklerinden yzyna uçýan uçuşlaryny togtadypdy. Gadagançylygyň takyk sebäpleri mälim edilmändi.

7-nji fewralda Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy howpsuzlyk duýduryşyny ýaýratdy. Onda ilçihananyň işgärleriniň resmi saparlarynda “Türkmenhowaýollary” gullugynyň uçarlarynda uçup bilmeýändigi mälim edildi.

13-nji fewralda “Türkmenhowaýollary” gullugy halkara howa howpsuzlygy standartlarynyň talaplaryna gabat gelmek üçin Lufthansa Consulting geňeş kompaniýasyndan ýardam alyp başlandygyny aýtdy.

17-nji oktýabrda Reuters gullugy Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentliginiň “Türkmenhowaýollaryna” ÝB-niň territoriýasyna uçmak boýunça fewralda girizen gadagançylygyny aradan aýyrandygy barada maglumat berdi.

14-nji oktýabrda türkmen resmileri Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentligi tarapyndan uçuşlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilişine geçirilen gözegçilik işleri boýunça maglumat berdiler.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG