Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň aeroporty EASA-nyň barlagyndan geçdi; "Türkmenhowaýollarynyň” ÝB gatnawlarynyň ykbaly häzirlikçe näbelli


Aşgabat. Halkara uçar menzili

Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentliginiň (EASA) geçiren barlaglarynyň netijesinde “Aşgabadyň Halkara howa menzili Türkmenistanyň ulag ulgamynda ähli babatda nusgalyk toplum diýlip ykrar edildi” diýip, 14-nji oktýabrda “Türkmenhowaýollarynyň” başlygy Döwran Saburow türkmen prezidentine hasabat berdi.

Şol bir wagtda, resmi habarda “Türkmenhowaýollary” kompaniýasyna Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçmagyna şu ýylyň fewralynda girizilen gadagançylygyň aradan aýrylyp-aýrylmandygy barada hiç zat aýdylmaýar.

Maglumatda diňe prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ýewropa döwletleriniň şäherlerine uçuşlary amala aşyrmak meselesini düýpli öwrenmek üçin iki aý möhlet berendigi” bellenilýär.

Bu aralykda, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň Sank-Peterbugrdaky wekili Azatlyk Radiosyna Ýewropa Bileleşigine uçuşlary amala aşyrmak boýunça rugsadyň berlendigini, häzir hem munuň bilen baglylykdaky degişli çäreleriň geçirilýändigini aýtdy.

Ýatlatsak, 4-nji fewralda Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugy (EASA) “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçýan we bu bileleşigiň çäklerinden yzyna uçýan uçuşlaryny togtadypdy. Gadagançylygyň takyk sebäpleri mälim edilmändi.

Netijede “Türkmenhowaýollarynyň” Beýik Britaniýa, Germaniýa we Fransiýa amala aşyrýan gatnawlary ýatyryldy.

Soňy bilen türkmen häkimiýetleri girizilen gadagançylygy boýun aldylar, emma onuň sebäplerini howpsuzlyk ýagdaýlary bilen baglanyşdyrmadylar. Türkmen resmileri, hamala, gullugyň uçarlary ABŞ-nyň kadalaryna laýyklykda hasaba alandygyny, EASA-niň bolsa, munuň Ýewropa kadalaryna görä alnyp barylmagyny talap edendigini aýtdylar.

13-nji fewralda “Türkmenhowaýollary” gullugy halkara howa howpsuzlygy standartlarynyň talaplaryna gabat gelmek üçin Lufthansa Consulting geňeş kompaniýasyndan ýardam alyp başlandygyny mälim etdi.

Soňky wagtlar “Türkmenhowaýollary” gullugynyň Ýewropa ugry boýunça uçuşlaryny täzeden ýola goýjakdygy baradaky maglumatlar peýda bolýar. Emma, munuň haçan amala aşjakdygy näbelli bolmagyna galýar.

16-njy oktýabrda "Türkmenhowaýollarynyň” resmi websaýtyndaky “halkara gatnawlary” bölüminde Ýewropa ugry boýunça ýekeje-de uçuş ugry görkezilmändir.

1992-nji ýylda döredilen “Türkmenhowaýollary” ýolagçylara edilýän hyzmatyň hili boýunça halkara derejesinde geçirilýän reýtinglerde ýyllarboýy pes bahalary alýar. Onuň öz ýolagçylaryny köp garaşdyrmagy kemçilikleriň arasynda agzalýar. Şeýle-de, bu howaýollary kompaniýasy bilen sapar eden ýolagçylaryň ençemesiniň goşlarynyň açylandygy barada“Skytrax” neşirinde habarlar hem bar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG