Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň resmisi Trans-Hazar barada özüniň mediada sitirlenýän sözlerini ret edýär


Piter Burian (Peter Burian) Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili

Ýewropa Bileleşiginiň resmisi Trans-Hazaryň gurluşygy boýunça Bileleşik bilen Türkmenistanyň arasyndaky gepleşikleriň täzeden başlanýandygy barada özüniň mediada sitirlenýän sözlerini ret edýär.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Burian (Peter Burian) Awazadaky Birinji Hazar ykdysady forumynda 12-nji awgustda eden çykyşynda aýdan sözleriniň mediada ýalňyş sitirlenýändigini aýdýar.

“Regnum” habar agentliginiň we “Stratfor” geosyýasy maglumat merkeziniň neşirleri we beýleki käbir habar saýtlary 11-12 – nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynda Ýewropa Bileleşiginiň resmisiniň Trans-Hazar boýunça ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky gepleşikleriň täzeden dikeldilýändigini aýdandygyny habar berdiler.

Burian 14-nji awgustda Twitter sosial ulgamynda paýlaşan maglumatynda özüniň mediada ýalňyş sitirlenýändigini aýtdy.

“ [...] Ynha meniň aýdan anyk sözlerim: Men energiýa hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda 2019-njy ýylda gepleşikleriň güýçlendirilendigini aýdýandygyma şatdyryn” diýip, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Burian sosial mediada paýlaşan maglumatynda aýtdy.

Ilki peýda bolan media maglumatlarynda ýörite wekiliň forumda eden çykyşynda ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda Hazarüsti gaz geçiriji taslamasy bilen bagly gepleşikleriň täzeden dikeldilýändigini aýdandygy hem-de onuň gurluşygyna ÝB-niň gatnaşmak ähtimallygy barada taraplaryň arasynda gepleşikleri güýçlendirmek boýunça tagalla edilýändigini belländigi aýdylypdy.

Energiýa bilermenleri Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda energiýa ulgamyndaky gepleşikleriň uzak ýyllaryň dowamynda wagtal-wagtal geçirilip gelinendigini we olaryň asla ýatyrylmandygyny ýa-da goýbolsun edilmändigini aýdýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň forumda eden çykyşy barada habar bermeýär.

Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigi Türkmenistandan uç aljak Trans-Hazar gaz geçiriji taslamasyny goldap çykyş edip gelýär.

12-nji awgustda geçirilen Ykdysady forumda eden çykyşynda Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň wekili Behruz Namdari islendik Trans-Hazar gaz geçiriji taslamasyna Eýranyň garşy çykýandygyny aýtdy.

“Eýran islendik Trans-Hazar gaz geçirjisine garşydyr. Trans-Hazar gaz geçirijisiniň gurluşygy daşky gurşawa örän agyr zyýan ýetirer” diýip, Namdari Hazar Ykdysady forumynda eden çykyşynda aýtdy.

Namdari dünýä bazaryna çykmakda öz goňşularyna Eýranyň infrastrukturasyndan peýdalanmak teklibini hödürleýändiklerini belledi.

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletleri – Gazagystan, Russiýa, Azerbaýjan, Eýran we Türkmenistan Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Bäşinji Hazar sammitinde Kaspiniň hukuk derejesini kesgitleýän konwensiýa gol çekdiler.

Muňa gol çekilmegi bilen käbir energiýa bilermenleri göz öňünde tutulýan Trans-Hazar gaz geçirijisiniň gurluşygynyň öňündäki päsgelçiligiň aradan aýrylandygyny aýtdylar. Ýöne rus we eýran resmileri deňziň astyndan çekiljek geçiriji taslamalaryň ekologiýa zyýan ýetirýändigini aýdyp, taslama garşy çykyp gelýär.

Hazarýaka döwletlerinden Türkmenistan, Azerbaýjan we Gazagystan Kaspi konwensiýasyny ratifikasiýa etdi, ýöne bu resminamany Russiýa we Eýran heniz tassyklaman gelýär.

Duşenbe güni Awazadaky halkara forumda eden çykyşynda Russiýanyň hökümet başlygy Dmitri Medwedow Russiýanyň konwensiýany ýakyn wagtda tassyklajakdygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow forumda eden çykyşynda Trans-Hazar gaz geçiriji taslamasyny agzamady.

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistany Hazaryň üstünden Günorta gaz koridoryna goşulmaga çagyryp geldi.

Günorta gaz koridory taslamasy Günorta kawkaz, Trans Anadoly (TANAP), hem-de Trans Adriatik (TAP) gaz geçirijilerini öz içine alýar.

“Awazada” geçirilen Birinji Halkara ykdysady forumyna Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlaryň liderlerinden diňe Bolgariýanyň premýer-ministri Boýko Borisow gatnaşdy.

Metbugat habarlaryna görä, Ýewropa Bileleşigine agza bolan Bolgariýanyň premýer-ministri Borisow Trans-Hazaryň daşky gurşawa ýetirýän täsirini agzap, onuň alternatiwa däldigini, şeýlelikde özleriniň Balkan sebitiniň gaz üpjünçiligi üçin Russiýanyň üstünden swap ylalaşygy esasynda türkmen gazyny satyn almaga isleg bildirýändiklerini mälim etdi.

Gaz gorlarynyň göwrümi boýunça dünýäde bäşinji orunda durýan Türkmenistan öz gazyny häzirki wagtda diňe Russiýa we Hytaýa eksport edip bilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG