Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdep müdiri mugallymyň okuwçyny urandygyny ýaşyrmak isleýär (wideo)


Andijonda mekdep okuwçysy özüni mugallymyň urandygyny gözýaş bilen gürrüň berýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:13 0:00

Andijonda mekdep okuwçysy özüni mugallymyň urandygyny gözýaş bilen gürrüň berýär

Özbegistanyň sosial ulgamynda ýaýradylan wideoda, mekdep okuwçysy özüni mugallymyň urandygyny gözýaş bilen gürrüň berýär. Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, waka Andijan welaýatynyň Asaka raýonyndaky 30-njy mekdepde bolupdyr.

Iki minuta çekýän wideo ýazgyda, okuwçy gözýaş döküp, ýyrtylan jalbaryny çatýar. Şol wagtda kamera düşmedik beýleki biri onuň ýagdaýyny soraýar. Okuwçynyň sözüne görä, ol klasdaşlaryndan biri bilen dawalaşyp-tartyşanda, bularyň üstüne gelen mugallym hut şol oglany urupdyr.

«Mugallym maňa iki gezek şarpyk çaldy» diýip​, wideodaky okuwçy aýdýar.

Wideo ýazgydan görnüşine görä, oglan garyp maşgala degişli bolmaly. Aýtmagyna görä, onuň mekdebe geýýän ýeke-täk jalbary öz klasdaşy bilen dartyşanda ýyrtylypdyr.

Munuň daşyndan ol özüni uranynda, mugallymyň kemsidiji sözler aýdandygyny-da gürrüň berýär.

«Mugallym meni mydama ‘köçe süpüriji’ diýip kemsidip gelýär. Onuň meni kemsitmäge ýa urmaga näme haky bar. Mende geografiýa sapagyna gatnaşmaga höwes galmady» diýip, okuwçy aýdýar.

Ýagdaýy öwrenen Azatlyk Radiosy hadysanyň Andijan welaýatynyň Asaka raýonyndaky 30-njy orta mekdepde bolup geçendigini anyklady. Urlan oglan şol mekdebiň 7-nji synp okuwçysy eken.

Mekdebiň bir işgäriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, geografiýa mugallymy okuwçyny sapak wagtynda urupdyr.

–​ Şol gün mekdep okuwçylarynyň arasynda dawa döräp, olar özara dartyşypdyrlar. Wakanyň üstüne gelen mugallym okuwça birnäçe şarpyk çalypdyr. Näme üçindir soňky döwürde geografiýa mugallymynyň üstünden şikaýat edýän köp. Geçen aýda 5-nji synpyň okuwçylaryndan biriniň hossarlary gelip, mekdebiň okuw bölüminiň müdirine çagasynyň urlandygyny aýtdy – diýip, 30-njy mekdebiň işgärlerinden biri Azatlyga gürrüň berdi.

Mekdebiň okuw bölüminiň müdiri Şarifa (Azatlyga onuň familiýasyny anyklamak başartmady – Red.) sentýabr aýynda hakykatdanam okuwçylardan biriniň hossary gelip, geografiýa mugallymy N.E-niň üstünden arz edendigini tassyklady. Ýöne golaýda geografiýa mugallymynyň 7-nji synp okuwçysyny urlandygyndan habarsyzdygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň žurnalisti 30-njy mekdebiň geografiýa mugallymy N.E-niň mobil telefonyna birnäçe gezek jaň edip, gepleşip bilmedi.

Mekdep direktory Gülçehra Mirzaahmedowa owal başda Azatlygyň žurnalisti bilen gepleşende, okuwçynyň urlandygyny tassyklady.

​– Wideony häzir gördüm. Geografiýa mugallymy N. kabinete çagyrdym, ol okuwçynyň hossarlaryny-da çagyrdym. Häzir biz ol meseläni çözýäs, siz maňa soňrak jaň ediň – diýip, mekdep direktory aýtdy.

Ýöne şondan soň ol žurnalistiň telefon jaňlaryna jogap bermedi.

Asaka raýonyndan biz bilen gürrüňdeş bolanyň aýtmagyna görä, 30-njy mekdebiň ýolbaşçylary mugallymyň okuwçyny urmagy bilen bagly hadysany basyrmaga çalyşýarlar.

– Mekdebiň ýolbaşçylary bu ýagdaýy wideo düşüren adamy tapypdyrlar, indi oňa şol wideo ýazgyny Internetden aýyrmak üçin basyş edýärler – diýip, gürrüňdeşimiz aýtdy.

Umumy bilim berýän okuw jaýlarynda okuwçylara garşy güýç ulanmak çäresiniň öňüni almak barada Özbegistandaky maksatnamanyň Asakadaky 30-njy orta mekdepde hem hereket edýändigini okuw bölüminiň müdiri Azatlyk bilen gürleşende tassyklady.

– Biz mekdebiň ähli mugallymlary bilen gepleşik geçirdik. Hiç bir okuwçyny urmaga hukuk berilmeýändigini olara düşündirdik. Biz hatda olardan kepillik dilhaty hem aldyk – diýip, 30-njy mekdebiň okuw bölüm müdiri aýdýar.

Özbegistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda aýdylyşyna görä, mekdeplerde okuwçylara topulmak, olary gorkuzmak ýaly hereketiň öňüni alyp, täsirli psihologiki gatnaşyklary ýola goýmak başlangyjy şu ýylyň fewral aýyndan güýje girizilipdir.

Ol proýekt 2019-2020-nji okuw ýylynda ýaýradylypdyr. Proýektde Özbegistanyň kanun aktlaryna laýyklykda, okuwçylara garşy güýç ulanmalary aradan aýryp, okuw materiallaryny tebigy şertde özleşdirmäge şert döretmeli diýilýär.

Azatlyk Radiosy mundan öň Özbegistanda okuwçylaryň, Çagalar baglarynda çagalaryň terbiýeçiler tarapyndan urulýandygy hakda maglumatlar beripdi.

Şu ýylyň sentýabr aýynda Samarkant welaýatynyň Çelak şäherindäki 79-nji orta mekdebiň synp ýolbaşçysynyň 3-nji synpyň okuwçysyny urandygy baradaky maglumat bilen baglanyşykly Paýarik raýonynyň magaryf bölüminiň inspektory derňew işine başlapdy. Soňra mekdebiň administrasiýasynyň Azatlyga aýtmagyna görä, mekdep mugallymasy öz äri bilen bolan dawa-jenjelden soň, özünden çykyp 9 ýaşly mekdep okuwçysyny urupdyr.

Daşkent şäheriniň Şaýhantahur raýonyndaky 141-nji mekdebiň mugallymasy 10-njy synp okuwçysyny urandygy baradaky wideo ýazgy Azatlykda peýda bolandan soň, öz arzasy bilen işden çykmaga mejbur bolupdy.

Şu ýylyň mart aýynda Daşkent welaýatyndan pensioner aýal Gülçehra Ubaýdullaýewa bedenterbiýe mugallymynyň ähli okuwçylaryň öňünde 6-njy synpda okaýan agtygyny kemsidip masgaralandygyny Azatlyk Radiosyna aýdypdy. Ol okuwçy ýarawsyzlyk sebäpli bedenterbiýe sapagyna gatnaşyp bilmändigi üçin, mugallym onuň köýnegini ýyrtypdyr.

4-nji aprelde bolsa biziň Radiomyza Horezm welaýatynyň Hazarasp raýonyndan, 13 ýaşly Doston Sultanow ýüz tutdy hem özüniň okuwçylaryň gözüniň alnynda gazaply urlandygyny aýtdy. Ol «Milli garaşsyzlyk ideýasy» diýen sapagy özleşdirip bilmändir. Ol okuwçy garyp maşgaladan bolansoň, ne raýon milisiýasy, ne-de mekdebiň ýolbaşçylary ýüze çykan hadysa barada hiç bir çäre görmändiler, bu barada Azatlyga onuň hossarlary aýtdylar. Ýöne bir hepde geçenden soň, ol okuwçynyň biziň Radiomyza ýüzlenmegi bilen bagly habar peýda bolanda, şol mugallym işden boşadylypdyr.

Şu ýylyň martynda mekdep-internatyň 36 ýaşly bedenterbiýe mugallymy Jumanazar Ruzmetowyň öz okuwçysyny bilkastdan urup, tenine ýara salandygyny Horezm welaýatynyň Bagat raýon sudy aýan etdi hem ony çäklendirilen görnüşde üç ýyllyk azatlykdan mahrum etdi. 5-nji synpyň okuwçysy Bobonazar Hudoýnazarow üç aýlap komada ýatandan soň özüne geldi.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG