Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Surhanderýaly okuwçy özüni 62 ýaşly mugallymynyň 'sapaga taýýarlyk' diýip, bir ýarym ýylyň dowamynda zorlap gelendigini aýdýar


Illýustrasiýa suraty.

Surhanderýa welaýatynyň Altynsaý raýonynyň kanun goraýjy guramalary ýerli orta mekdebiň 62 ýaşly himiýa mugallymynyň garşysyna Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 128-nji maddasy boýunça jenaýat işini gozgady. Ol kämillik ýaşyna ýetmedik mekdep okuwçysyny zorlamakda aýyplanýar. Günä bildirilýäniň ýaşynyň uludygy nazara alyp, ony gorag astynda saklamak islemändirler.

Derňew işiniň gizlinligini nazarda tutup, Azatlyk Radiosy ol mugallymyň hem okuwçy gyzyň adyny aýtmakdan saklanýar.

Mekdep okuwçysynyň sözüne görä, 62 ýaşly himiýa mugallymy ony mekdebiň çäginde bir ýarym ýyllap zorlap gelipdir. Onuň tassyklamagyna görä, jynsy gatnaşyk 2017-nji ýylyň sentýabryndan, 2019-njy ýylyň martyna çenli dowam edipdir.

– Mugallym maňa arak içirdi, soňra himiýa laboratoriýasyna salyp zorlady. Bu käte günaşa bolýardy, käte üç günden bir gezek. Ol meni sapakdan alyp galyp, zyna iş eden gezekleri-de boldy. Himiýa kabinetine girmek meniň üçin bir azapdy. Ilkinji jynsy zorluk 9-njy synpyň başynda boldy. “Olimpiada taýýarlajak” diýip, meni sapakdan soň mekdepde alyp galdy. Şonda aldadyp arak içirdi-de, soňra zorlady. Şondan soň gorkuzyp başlady: «Bu barada hossarlaryňa aýtma, aýtsaň seni mekdepden kowarlar, sen hiç kime gereksiz bolup galarsyň» diýdi. Şonuň üçinem men gorkup, ähli hasratymy içimde sakladym – diýip, 5-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň žurnalisti bilen gürleşende aýtdy.

Okuwçy gyzyň ejesiniň sözüne görä, onda ilkinji şübhe şu ýylyň martynda döräpdir. Gyzynyň elinde gymmatbaha telefon hem pul bardygyny görüpdir.

– Men ony nireden aldyň diýsem, gyzym himiýa mugallym berdi diýdi. “Näme üçin berdi?” diýip, anygyny bilmäge başlap, köp sorag berenimden soň, ol maňa bar zady gürrüň berdi. Himiýa mugallymynyň onuň namysyna degip, zorlap gelendigini aýtdy – diýip, okuwçynyň ejesi Azatlyga gürrüň berdi.

Gyzyň ejesi mekdep ýolbaşçylaryna hem kanun goraýjy guramalara arz edipdir. Şeýle hem jynsy zorlugyň bolandygy baradaky fakty anyklamak üçin, medisina barlagynyň geçirilmegini talap edipdir.

– Medisina barlagyny geçirip, hakykatdanam meniň gyzymyň garşysyna jynsy zorlugyň bolandygyny tassykladylar. Ekspertiza geçiren doktor ýüz gezekden hem gowrak jynsy gatnaşyk bolandygyny maňa aýtdy – diýip, okuwçy gyzyň ejesi mälim edýär.

Jebir çekeniň hossarlary medisina ekspertizasynyň gelen netijeleri häzir kanun goraýjy guramalarda diýip, ony Azatlyk Radiosyna geçirip bilmediler.

Biziň Radiomyza mälim bolşy ýaly, öz okuwçysyny zorlan himiýa mugallymy şu ýylyň maýyndan işden çykypdyr.

Jebir çeken gyzyň okaýan mekdebiniň direktory himiýa mugallymynyň öz arzasy bilen işden çykandygyny aýtdy.

– Bolan ýagdaý dile düşensoň, himiýa mugallymy meniň ýanyma gelip: “Meni töhmete batyrdylar, men beýle masgaraçylyga çydamok, mekdepde mundan artyk işläp biljek däl” diýdi. Soňra arza ýazyp, öz haýyşy bilen işden çykdy. Ony biz işden boşatmadyk, sebäbi entek sud bolanok, häzirlikçe ol güman edilýäniň derejesinde. Onuň özi işden gitdi. Ýöne ol gyz biziň mekdebimizde okuwyny dowam etdirýär. Näme bolandygyny anyklamak milisiýanyň işi. Mundan artyk hiç zat aýdyp bilmen – diýip, mekdep direktory Azatlyk radiosyna aýtdy.

Günä bildirilýän 16 ýaşa ýetmedik bilen jynsy gatnaşyk guran bolsa ýa-da öz jynsy islegini tebigy bolmadyk şertde kanagatlandyrsa, köp ýurtlarda agyr jenaýat hasaplanýar. Käbir ýurtlarda beýle işe pedofil hökmünde garalýar.

Ýöne jenaýat üçin jezany liberalizasiýa etmek maksady bilen 2017-nji ýylda Özbegistanyň Jenaýat kodeksine girizilen üýtgetmelere görä, beýle jenaýata 360 sagatlyk mejbury jemgyýetçilik işleri ýa-da iki ýyla çenli ahlak-düzediş işleri, ýa-da bir ýyldan üç ýyla çenli azatlykdan çäklendirmek ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek göz öňünde tutulýar.

Özbegistanda kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň zorlanýandygy baradaky habarlaryň soňky ýyllarda artýandygyny bellemek gerek, Azatlyk Radiosyna ýygy-ýygy şeýle habarlar gowuşýar.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy sentýabr aýynyň başynda, Syrderýa welaýatynyň Şirin şäherinden 57 ýaşly ýaşaýjynyň öz goňşusynyň 15 ýaşly gyzyny zorlanlykda güman edilýändigini habar beripdi.

Geçen aýda bolsa Samarkant welaýatynyň Kuşrabat raýonynda 82 ýaşly adamyň 9 ýaşly gyzy zorlandygy güman edilip, jenaýat işi gozgaldy. Sorag edilenden soň, günä bildirilýän öýüne goýberilipdir.

2018-nji ýylyň noýabrynda bolsa Fergana welaýatynyň Beşaryk raýonynda iki işewür adam 13 ýaşly gyzyň namysyna degendigi üçin, sud edilipdi.

2016-njy ýylyň tomsunda Horezm welaýatynyň Koşköpri raýonynda 28 ýaşly ýigit 7 ýaşly gyzy zorlandygyny boýun alypdy, ol uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi.

Ýöne kämillik ýaşyna ýetmedigi zorlamakda güýçli tolgunma döreden hadysa 2017-nji ýylda Andijan welaýatynyň Boz raýonynyň mekdepleriniň birinde bolup geçdi.

Ýerli mekdepleriň biriniň 30 ýaşyndaky saz mugallymy 7 ýaşly gyzy sapakdan soň alyp galyp zorlandygy barada, Azatlyk Radiosy habar beripdi.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG