Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze beýanatda britan DIM-i Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna alada bildirýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrligi adam hukuklary meselesinde aýratyn aladalanma bildirilýän ýurtlar boýunça ýaýradan täze beýanatynda Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna alada bildirdi.

22-nji oktýabrda Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrligi adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça aýratyn alada bildirilýän ýurtlar barada hasabat ýaýratdy. Hasabatda agzalýan ýurtlarda adam hukuklarynyň 2019-njy ýylyň ýanwar-iýun aralygyndaky ýagdaýyna syn berilýär. Onda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň hatarynda galýandygy aýdylýar.

“Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy alada bolmagynda galýar, adam hukuklaryna degişli kanunçylyk diňe çäkli ýerine ýetirilýär. Adam gynamalary we ýaramaz türme şertleri boýunça dowam edýän öňe sürmeler, söz-beýan azatlygynyň hem-de din-wyždan azatlygynyň çäklendirilmegi, gender ýekirmeleri hem-de LGBT hukuklarynyň çäklendirilmegi esasy meselelerdir” diýlip, britan daşary syýasat edarasynyň hasabatynda aýdylýar.

Onda Türkmenistanyň metbugat azatlygynda dünýä ýurtlarynyň arasynda alan ornuna üns çekilýär:

“Serhetsiz reportýorlaryň metbugat azatlygy boýunça hasabatynda bu ýurt iň yzdaky orunda ýerleşdirildi” diýlip, beýanatda aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, maglumatda 2018-nji ýylda geçirilen Adam hukuklary boýunça Ähliumumy döwürleýin syn bilen bagly Türkmenistanyň kabul eden rekomendasiýalary ýatladylýar, olaryň heniz ujypsyz böleginiň berjaý edilýändigi bellenilýär:

“2018-nji ýylda Türkmenistanyň Ähliumumy döwürleýin syn boýunça dürli rekomendasiýalary kabul etmegi ösüşe yşarat etdi, ýöne bu güne çenli olaryň ýerine ýetirilýändigi bilen bagly örän ujypsyz subutnama bar” diýip, britan daşary işler ministrliginiň çap eden soňky hasabatynyň Türkmenistana bagyşlanan böleginde aýdylýar.

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrliginiň adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça aýratyn aladalanma bildirilýän 30 ýurduň arasynda Demirgazyk Koreýa, Russiýa, Eýran, Özbegistan, Türkmenistan, Wenezuella we beýleki käbir Aziýa hem-de Afrika ýurtlary bar.

Hasabatda beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Özbegistanda geçirilen käbir reformalar oňyn özgeriş hökmünde agzalýar.

Meselem, Özbegistanda prezident Şawkat Mirziýoýewiň baştutanlygynda media ulgamynda gowşadylýan käbir çäklendirmelere, şol sanda birnäçe media websaýtynyň gadagançylykdan aýrylmagyna, BBC-niň žurnalistleriniň ýurtda akreditasiýa edilmegine oňyn baha berilýär. Hasabatda Özbegistanyň iýul aýynda media azatlygy boýunça Londonda geçirilen Bütindünýä Media maslahatyna köp adamly delegasiýa ugradandygy bellenip geçilýär.

Ýatlasak, bu maslahat mynasybetli Birleşen Şalygyň Aşgabatdaky ozalky ilçisi Torda Abbot-Wat (Thorda Abbott-Watt) Türkmenistanyň içindäki we daşyndaky dogruçyl we halal türkmenistanly žurnalistleri goldap beýanat çap edipdi. Media azatlygy boýunça Londonda geçirilen maslahata Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň gatnaşyp gatnaşmandygy mälim däl.

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň dünýädäki metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça 2019-njy ýylyň aprelinde çap eden soňky ýyllyk hasabatynda-da Türkmenistan bu ugurda dünýäde 180 ýurduň arasynda iň yzdaky orny eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG