Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň polisiýasy könelişen ulaglara gözegçiligi güýçlendirdi


Illýsutrasiýa suraty
Illýsutrasiýa suraty

Mary welaýatynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri könelişen awtoulaglary saklap, ulaglaryň tehniki taýdan guratlyk derejesi baradaky resminamalary barlamak çärelerini güýçlendirdiler.

“Marynyň ýol gözegçiligi gullugynyň polisiýa işgärleri köne ulaglary saklaýarlar. Ulagyň guratlyk haty bolmasa ýa-da onuň möhleti geçen bolsa, awtoulagy ilat arasynda aýdylyşy ýaly ‘dostawka’ edýärler. Sürüjilere bolsa jerime ýazýarlar we onuň sürüjilik şahadatnamasyny hem-de möhleti geçen guratlyk hatyny alyp, onuň deregine wagtlaýyn resminama berýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 28-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, sürüjiler 100 manat möçberindäki jerimäni töländen soňra, ulagy guratlyk barlagyndan geçirmek üçin alyp gidip bilýärler. Şonda polisiýa işgärleri sürüjä bir günlük möhleti bolan resminama berýär. Sürüji ulagyň guratlyk derejesini barlatmak üçin ony Aşgabat-Mary ýolunyň ugrundaky polisiýa departamentine alyp barýar. Bu ýerde her bir sürüji ortaça 400 manat çykdajy etmeli bolýar.

“Welaýat GAI-de guratlyk barlagyndan geçeniňden soň, şol ‘dostawka’ edilen ýeriňe baryp, ýene 100 manat jerime töläp, sürüjilik şahadatnamaňy yzyna almaly. Soňra 30 manat töläp, hakykatdan hem guratlyk barlagyndan geçendigiň baradaky kepilnamany tabşyrmaly we awtoulagyň möhleti geçen guratlyk hatyny almaly” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Habarçynyň sözlerine görä, sürüjileriň ençemesiniň öz ulagynyň tehniki taýdan guratlygyny barlatmaga maddy mümkinçiligi bolmansoň, olar muny soňa goýýarlar. Käbir sürüjiler bolsa, resmileriň dürli bahanalary tapýandygyny we 100 manat para bermeseň, ulagyň tehniki taýdan guratlyk derejesi baradaky resminama gol çekmeýändiklerini aýdýarlar.

Mary welaýatynda könelişen awtoulaglara garşy gözegçilikleriň güýçlenmegi barada türkmen häkimiýetleri ýa media serişdeleri tarapyndan köpçülige düşündiriş ýa-da maglumat berilmeýär.

Türkmen häkimiýetleri könelişen ulaglara garşy gözegçiliklerini we çäklendirmelerini wagtal-wagtal güýçlendirýärler.

Şu ýylyň awgust aýynda Lebabyň polisiýasynyň 2000-nji ýyldan öň öndürilen awtoulagy bolan adamlara awtoulaglaryny bir aýlap ulanmazlyk barada duýduryş berendigi mälim boldy.

“2000-nji ýyldan öň zawoddan çykan awtomobilleriň eýelerinden bir aýlap, 1-nji sentýabrdan 1-nji oktýabra çenli ýol hereketine girmezlik hakynda dilhaty alýarlar. Häkimiýetler tehniki gözegçilikden geçen “garry” ulaglary wagtlaýyn gadagan etmekleriniň sebäbini düşündirmeýärler” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran lebaply awtoulag eýesi 29-njy awgustda gürrüň berdi.

Geçen ýylyň maýynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenbaşy şäheriniň polisiýa işgärleriniň Orsýetde öndürilen “Žiguli”, “Niwa”, “Moskwiç” kysymly we beýleki könelişen awtoulaglary saklap, olary “jerime duralgalaryna” alyp gidýändigini habar berdi.

“Bu gadagançylyklar sebäpli Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary öz könelişen awtoulaglaryny welaýatyň çarwa obalaryna satyp başladylar” diýip, habarçy aýtdy.

Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri ilatyň hususy awtoulaglary bilen bagly yzygiderli çäklendirmeleri we gadagançylyklary girizýär. Olaryň arasynda hususy eýeçilikdäki ulaglaryň diňe ak, çal ýa-da açyk reňklerde bolmalydygy, il içinde “owadan nomerler” diýlip atlandyrylýan, öňi 77-lik bilen başlanýan awtoulag belgileriniň döwlet tarapyndan ýygnalyp alynmagy, könelişen ulaglaryň duralgalarda goýulmagyna gadagançylyk girizilmegi ýaly çäklendirmeler bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG