Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda temmäkiniň bikanun ösdürilip ýetişdirilmegi täzeden janlanýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda ösdürilen temmäki ösümligi
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda ösdürilen temmäki ösümligi

Lebap welaýatynyň Halaç we Kerki etraplarynda adamlar uzak wagtlardan bäri temmäki ösdürip ýetişdirýärler. Temmäkiden nas we mahorka öndürilýär. Oba ýaşaýjylary üçin bu düşewüntli iş hasaplanýardy. Agzalýan regionlarda temmäkiniň bikanun söwdasy täzeden janlanyp başlady. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 29-njy oktýabrda habar berdi.

Neşiriň Lebap welaýatyndaky habarçylarynyň habar bermegine görä, uçastok polisiýalary aýda bir gezek daýhan birleşikleriň bir wekili bilen öz gözegçilik edýän obalarynda bikanun temmäki ösdürip ýetişdirýän adamlary anyklamak üçin hojalyklara aýlanýarlar.

Türkmenistanda 2008-nji ýylda nasyň öndürilmegi, satylmagy, ulanylmagy we ýerlenmegi prezidentiň karary bilen gadagan edildi. Bu gadagançylyk belli bir wagt güýjüni saklady. Häzirki wagtda bu bikanun söwda täzeden janlanýar. Muňa diňe başga girdejisi bolmadyk oba ýaşaýjylary däl, eýsem prezidentiň kararyny ýerine ýetirmek bilen borçlanýan kanun goraýjy edaralaryň işgärleri hem gyzyklanma bildirýärler diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” ýazýar.

Polisiýanyň işgärlerinde atyzlary barlanmaly däl obalylaryň sanawy bar. Habarda aýdylmagyna görä, bu sanawy polisiýanyň işgärine Milli howpsuzlyk ministrliginiň etrap bölüminiň başlygy berýär.

“Eger-de uçastok polisiýalary tarhanlyk sanawyna girizilmedik ýaşaýjylaryň atyzyndan temmäki tapsa, polisiýa işgäri kanun bozuja MHM-niň etrap bölümine barmagy we “ylalaşmagy” – 50 müň we 100 müň manat aralygynda para bermegi teklip edýär. Şondan soňra onuň ady tarhanlaryň sanawyna girizilýär. Önüm öndürijiniň gazanýan girdejisi muňa degýän çemeli, ýöne adamlar girdejileriniň anyk möçberini gizleýärler. Köp adam barlagçylar bilen öňünden ylalaşmagy saýlap alýar” diýip, neşir ýazýar.

“Biziň 25 sotuk uçastok ýerimiz bar. MHM-niň başlygy atyzyň töweregine mekge jöwen ekmegi duýdurýar, soň içine “näme isleseň” şony ekibermeli. Soňra adamyň satlyk hasyldan başlyga tölemeli pulunyň mukdary kesgitlenilýär. Munuň öwezine oňa eldegirmesizlik kepilligi berilýär” diýip, Kerki etrabynyň Başsaka obasynyň temmäki ösdürip ýetişdirýän bir ýaşaýjysy “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda çilimiň gyt haryda öwrülmegi hem-de onuň bahasynyň gymmatlamagy bilen ilat arasynda nas we temmäki uly isleg bildirilýän haryda öwrüldi.

Türkmenistanda 2016-njy ýylyň martynda “Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibi” hakynda karar kabul edildi.

Bu karara laýyklykda, garamagyndaky edara görnüşli taraplaryň üsti bilen çilimiň lomaý we bölek satuw söwdasyny amala aşyrmaga diňe Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine ygtyýar berildi. Şeýle-de, prezidentiň gol çeken degişli karary temmäki önümleriniň resmi bölek satuw bahalaryny kesgitlemäge-de diňe Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine ygtyýar berýär. Synçylara görä, bu karar bilen çilimiň söwdasy doly döwlet monopoliýasyna geçirildi.

Kararyň kabul edilmeginiň yzýany 2016-njy ýylda döwlet dükanlarynda 3 manatdan satylan çilimler, Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylda 30 manada çenli 10 esse gymmatlady; Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda çilimiň satuwy wagtal-wagtal çäklendirildi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň soňky maglumatlaryna görä, oktýabryň ortalarynda orta hilli çilimiň 1 gutusynyň bahasy Lebap welaýatynda hususy söwdada 150 manada, Balkan welaýatynda 200 manada çenli çykdy; döwlet dükanlarynda çilim tapdyrmaýar.

Bütindünýä saglyk guramasynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda her 12 adamdan 1 adam çilim çekýär, bu ilatyň 8 %-e deň gelýär. Synçylar bu sanlaryň hakykata gabat gelmeýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG