Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda işewür adamyň öldürilmegi jemgyýeti tolgundyrdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

«Manas» aeroportunyň golaýynda awtoulagyň ýük goýulýan bölüminden güýç bilen öldürilene meňzeýän adam jesedi tapyldy. Ondan öňki hepdede ‘dereksiz ýitdi’ diýilýän işewür adamyň jesedi aýan edilipdi. Bu ganly wakalar hökümete garşy tankydy güýçlendirdi.

Çuý oblastynyň 39 ýaşly ýaşaýjysynyň jesedi 23-nji oktýabrda aýan edildi. Mundan öň onuň dogany milisiýa ýüz tutup, 22-nji oktýabrda aeroporta gidip, soň gaýdyp gelmändigini mälim edipdir. Milisiýa adam öldüreni gözleýär.

Aeroportdaky ölüm

Sosial ulgamlarda berilýän maglumata görä, ol öldürilen işewür topardan eken. Ony talapdyrlar. Ýöne milisiýa bolan hadysa barada entek hiç zat aýtman gelýär.

Vesti.kg neşiriniň kanun goraýjy guramalardaky öz çeşmesine salgylanyp beren maglumatyna görä, ol öldürilen adam Türkiýä pul ugratmak işi bilem meşgullanýan eken. Saýtyň ýazyşyça, öldürileniň ekiztaý dogany bolmaly, olaryň ikisi-de şu iş bilem meşgullanypdyr. 24.kg agentliginiň maglumatyna görä, ol öldürilen taksi sürýän eken. Janyna kast edilen güni onuň ýanynda 10 müň dollar bolupdyr. Azatlyk Radiosynyň çeşmesi hem öz gezeginde ol adamyň pul gatnadyjy bolandygy baradaky çaklamany goldaýar. Ýakyn tanyşlary onuň ýiten pursadynda ýanynda köp mukdarda pul bolandygyny aýdýarlar. Resmi milisiýa bolsa bu çaklamany tassyklamaýar, olaryň hiç birini ret hem etmeýär.

Parlamentiň deputaty Žanarbek Akaýew Žokorky Keneşde çykyş edip, ol öldürileniň pul gatnatmak bilen meşgul bolandygyny aýdyp, kriminala garşy göreşde, hökümeti hem sudlary tankytlady.

Žanarbek Akaýew.
Žanarbek Akaýew.

– Hökümet özüni aklamaly däl, maňa-da jogap bermegiň geregi ýok. Goý, ol halka jogap bersin, graždanlara bizde güýçli hökümetiň bardygyna, olaryň howpsuzlygyny gorajakdygyna kepil geçsin. Bu mesele meniňki ýa hökümet baştutanynyňky däl, ol graždanlaryň howpsuzlyk meselesi. Premýer-ministr maňa ‘sen meseläni syýasylaşdyrýaň’ diýýär. Syýasylaşmakdan gorkup, eýsem biz hiç zat aýtmaly dälmi? – diýip, deputat aýdýar.

Hökümetiň jogaby

Žanarbek Akaýew ondan bir gün öň hem hökümet kriminala garşy gowşak göreş alyp barýar diýip, Ministrler kabinetini tankytlapdy. Hökümetiň metbugat-gullugynyň ýolbaşçysy Adilet Sultanaliýew deputaty adalatly bolmaga çagyryp jogap berdi.

– Paýtagtyň işewür toparyndan bolan ol adamyň rehimsiz öldürilmegi sebäpli premýer-ministr haýal etmezden iň möhüm tabşyryklary berdi. Milisiýanyň hem «Howpsuz şäher» proýektiniň işi utgaşykly alyp barmagy netijesinde, gysga wagt içinde jenaýatyň üsti açyldy. Biz ýurdumyzdaky biznesiň hem işewür toparlaryň bähbitlerini nazarda tutup, şeýle-de inwestisiýa klimaty üçin, beýle kesgin beýanatlary aýtmakdan saklanmaga çagyrýas.

Sultanaliýew bilen birlikde deputatyň tankydyna IIM hem deň jogap gaýtaryp, ýurtda jenaýatyň ösýändigini aýtmaga esasyň ýokdugyny öňe sürdi hem milisiýanyň kanunyň goragynda durýandygyny mälim etdi.

Kriminala garşy göreş barýarmy?

Muňa garamazdan, aeroportuň golaýynda bolan ölüm sosial ulgamlarda garşylykly pikirleriň döremegine getirdi.

Semeteý Talas uulu kriminal temadan ýöriteleşen žurnalist. Ol bolan ýagdaý barada şeýle diýýär:

Semeteý Talas uulu.
Semeteý Talas uulu.

– Ogurlanan puluň köp bölegi şu usulda ýurtdan daşyna çykarylýar. Diýmek, soňky bolan ýagdaý ‘pul daşalyşynyň’ bir delili bolup durýar. Şol bir çinownikler, deputatlar, şol bir wekiller kriminallaryň toýlaryna gatnaşyp, hoşamaý gatnaşyk saklasa, onsoň olar banditlere garşy kanun kabul etjekmi?

ŽK-nyň öňki deputaty Bakytbek Kalmamatow parlamentde bolan wagtynda, guramaçylykly jenaýata garşy meseläni öňe çykaranlardan biridi. Onuň pikirine görä, kriminallaryň esasy «çöregi» kölegedäki ykdysadyýetiň dolanyşygyndan gelýär.

Bakytbek Kalmamatow.
Bakytbek Kalmamatow.

– Bütin dünýäde kriminala garşy göreşiň ýeke-täk hem aňsat usuly bar; olar bilen hyzmatdaşlyk etmeli däl. Saýlaw wagtlarynda, syýasy opponentleriň arasynda göreş gideninde, olaryň hyzmatyndan bir gezek peýdalan, nakylda aýdylyşy ýaly, olara müň gezek salam bermeli bolýar. Saýlaw döwründe bolsa kriminallary öňe düşürýärler – diýip, öňki deputat Bakytbek Kalmamatow aýdýar.

Şondan öňki hepdede işewür topardan Abduraheman Hufuryň janyna kast edildi. Bu ölüm bilen baglanyşykly 8 adam tussagda saklanýar.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG