Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň täjik ulaglaryna girizen tranzit gadagançylygyna 10 aý boldy. Mesele çözülermi?


Täjigistanyň ýuk ulaglary, türkmen-eýran serhedi, 9-njy sentýabr, 2018

Täjigistanyň resmi delegasiýasy 1-nji noýabrda Türkmenistana baryp gaýtdy. Aşgabatdaky gepleşiklere gatnaşan Täjigistanyň transport ministriniň birinji orunbasary Suhrob Mirzoda delegasiýanyň ýük ulaglaryň Türkmenistanyň territoriýasyndan geçmegine degişli sorag berendigini, emma türkmen tarapynyň anyk jogap bermändigini Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Meseläniň oňyn çözgüdine garaşmak mümkinmi diýlip berlen sowala Mirzoda: "Mesele çözülermi bilmeýäris, emma biz umyt edýäris" diýip jogap berdi.

Söhbetdeşimiz beýleki kommentariýlerden saklanyp, meseläniň çözgüdi üçin wagtyň gerek boljagyny mälim etdi. "Täjik delegasiýasynyň gozgan meseleleriniň tas ählisine seredildi, emma wagty talap edýän käbir meseleler galdy" diýip, resmi belledi.

Täjigistanyň energiýa we suw resurslary ministri Usmonaly Usmonzodanyň ýolbaşçylygyndaky resmi topary Aşgabada sapar edip, söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara komissiýanyň 9-njy maslahatyna gatnaşdy. Ýurduň Daşary işler ministrliginiň bu barada ýaýradan beýanatyna görä, maslahatyň netijesinde protokolda taraplaryň transport-tranzit mümkinçiliklerini ulanmaga islegleri görkezilýär.

Maslahatdan bir gün öň 31-nji oktýabrda Aşgabatda Täjigistanyň we Türkmenistanyň arasynda syýasy konsultasiýalar geçirildi. Bu duşuşyga gatnaşan Täjigistanyň delegasiýasyna daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin baştutanlyk etdi.

Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Wafo Niýatbekzodanyň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtmagyna görä, konsultasiýalaryň dowamynda möhüm meseleleriň maslahat edilmändir. "Şeýle konsultasiýalar her ýylda geçirilýär, olarda umumy häsiýetli meseleler maslahat edilýär" diýip, resmi belledi.

Täjigistanyň iki sany ýokary derejeli resmi toparynyň Aşgabada eden saparlary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň "sowaşan" döwrüne gabat geldi.

Şu ýylyň fewral aýynyň başyndan bäri türkmen häkimiýetleri Täjigistana barýan ýa-da ondan gelýän ýük ulaglary öz territoriýasyndan tranzit geçirmeýär. Türkmenistan ýöredýän bu gadagançylygynyň sebäplerini düşündirmekden saklanýar. Bu ýagdaýda Täjigistanyň häkimiýetleri ulag sürüjileri Azerbaýjanyň territoriýasyndan geçýän alternatiw marşrutlary ulanmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Eýran bilen serhet araçägindäki “Sarahs” geçelgesinde we Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhet araçägindäki “Farap” geçelgesinde onlarça täjik ýük ulagy saklanyp galypdy. Täjigistanyň ýük ulag eýeleri Türkmenistanyň territoriýasyndaky tranzit gadagançylygy zerarly maddy zyýan çekýändiklerini habar beripdi.

Türkmen häkimiýetleri gürrüňi edilýän gadagançylyk dogrusynda häzirlikçe resmi çykyş etmän gelýärler.

Türkmenistanyň Täjigistana ýük çekýän ulaglary öz territoriýasyndan geçirmezligi bilen bagly waka ilkinji gezek ýüze çykmaýar. Türkmen serhetçileri 2018-nji ýylyň awgust aýynyň aýagynda Täjigistanyň ýük daşaýjylarynyň ulaglaryny öz territoriýasyna geçirmändi.

2018-nji ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda resmi Aşgabat Türkmenistanyň üstünden Täjigistana barýan ýük ulaglaryň howpsuzlyk sebäpli türkmen serhedinde saklanýandygyny aýtdy. Türkmen tarapynyň bu düşündirişiniň nämäni aňladýandygy henize çenli nämälim bolup galýar.

Käbir bilermenler Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagyna täjik tarapynyň Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolup gurluşygyna degişli proýekt boýunça borçlaryny ýerine ýetirmezliginiň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

"Türkmenistanyň Owganystana demirýoluň gurluşygyna uly umytlary bardy. Ol ýoluň 88 kilometrlik bölegini gurdy, emma Täjigistan öz böleginiň gurluşygyna howlukmaýar, sebäbi onuň Özbegistan bilen gatnaşyklary kadalaşdy. Meseläniň şuňa bagly bolmagy mümkin" diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan bilermenleriň biri aýtdy.

Syýasaty öwreniji Parwiz Mullojanow Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýol proýektine uly ähmiýet berýän Aşgabadyň pozisiýalarynyň we garaýyşlarynyň Täjigistanyň bähbitlerine gabat gelmeýändigini belleýär. Bilermen Türkmenistanyň ýük ulaglaryň tranzit meselesini öz bähbitleriniň Täjigistan tarapyndan hasaba alynmagy üçin gural hökmünde ulanýan bolmagyny çak edýär.

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy barada gepleşikler 2013-nji ýylyň başynda başlanypdy. Şol ýylyň 20-nji martda Aşgabatda üç ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagynda demir ýoluň gurluşygy barada memoranduma gol çekilipdi.

Türkmenistan demir ýoluň öz giňişliginden geçýän 85 kilometrlik bölegini 2015-nji ýylyň noýabr aýynda jemledi. Şonda Täjigistan öz giňişliginden geçmeli 50 kilometrlik bölegini we Owganystanyň üstünden geçjek bölegini maliýeleşdirmäge mümkinçiliginiň ýokdugyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG