ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Türkiýäniň Russiýadan S-400 raketa hüjüminden goranyş ulgamyny satyn almagy “çynlakaý kynçylyklary” döredýändigini, emma munuň çözüljekdigine umyt edýändigini aýtdy.
Tramp bu barada 13-nji noýabrda Ak Tamda türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen geçiren duşuşygyndan soň aýtdy. Tramp gepleşikleriň “ajaýyp we örän netijeli” bolandygyny belledi.
Siriýa meselesi we Türkiýäniň Russiýadan S-400 ulgamyny satyn almagy ýaly ýagdaýlar sebäpli, Waşington bilen Ankaranyň gatnaşyklary pes bolmagyna galýar.