Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jaý gurýar, massaž edýär hem palaw bişirýär. Bahtiýary Kareliýada işlemäge näme mejbur edýär?


Soňky 15 ýylyň dowamynda Bahtiýar Uzakow Orsýete gidip, çagalarynyň durmuş toýy üçin pul gazanýar. Häzir ol Kareliýada Nikolaý Mukkoneniň kärhanasynda işleýär. 34 ýaşly Nikolaý Mukkonen gelip çykyşy boýunça fin, mundan birnäçe ýyl öň öz firmasyny açyp, şungit mineralyny gaýtadan işleýär, şeýle hem şol sebitde turizmi ýola goýýar. Syýahatçylary suwy üýtgeşik bolan şungit kölüne alyp gidýär.

Bahtiýar Nikolaýyň jaýyna seredip, onuň gurluşyk işlerine kömekleşýär hem onuň myhmanlaryny kabul edýär.

Öz ýurdunda Bahtiýar köp hünäre baş urupdy, dellekçi boldy, aşpez, köwüş ussasy, hatda ýumruklaşma göreşiniň bir bölümine ýolbaşçylyk hem etdi. Ol Nikolaý bilen tanşandan soň, ilkinji gezek Orsýete 90-njy ýyllarda gitdi.

“Maňa ol ýere gitmegi teklip etdiler. Onuň jaýyny düýpden täzeden gurmaly eken. Meniň käbir işim hojaýyna ýarady. Şungit daşy boýunça-da käbir işleri etmegi teklip etdi. Men oňa başarýan işlerimiň barysyny – sport ukybymy, tebipçilik edýänimi gürrüň berdim” diýip, Bahtiýar aýdýar.

Indi bolsa ol gurluşyk bilen meşgullanýar, daşary ýurtly myhmanlar üçin palaw taýýarlaýar, olar bilen bedenterbiýe maşklaryny geçirýär. Munuň daşyndan, örän täsin häsiýete eýe bolan şungit daşy bilen tebipçilik massažyny-da başarýar.

Bahtiýaryň iki gyzy, bir ogly bar. Soňky ýyllarda Orsýetde gazanýan pulunyň köp bölegini çagalarynyň toýy üçin süýşürýär. “Bu meniň arzuwym, bu meniň bütin ömrüme ýetmek islän baş maksadym, biz munuň üçin ýaşadyk ahyryn. Çagalarymyzy öýli-jaýly edip toý tutmak; bu biziň musulmanlyk borjumyz ýaly. Är bilen aýal şuny gazanmagy maksat edýärler ahyryn” diýip, ol aýdýar.

Ol şu ýyl ogluny öýermek isledi. Oglunyň toýuna öz hojaýyny Nikolaýy hem çagyrdy, hatda toý sähedini Nikolaýyň toýunyň ýyl dönümi bilen gabat geler ýaly etdi. Bahtiýaryň aýtmagyna görä, Orsýetde edilişi ýaly, Özbegistanda toý üçin kredit alynmaýar, her kim öz süýşürip-toplanjasy hem dogan-garyndaşlarynyň ýardamy bilen oňşuk edýär.

Ogly üçin gelinligi ol aýaly bilen bile dostlarynyň hem tanyşlarynyň arasyndan gözledi. Eger aýdylan wagta çenli ogly biri bilen halaşmasa, onda adata görä şeýle edilýär. “Esasy zat gaýyn bilen gelniň biri beýlekisine ýaramagy. Şol ylalaşyk bolsa, maşgala oňşup gidýär” diýip, Bahtiýar aýdýar.

Bahtiýar ogluny öýerende, öz tarapyndan 300 adamy toýa çagyrdy. Adatça şäher howlusynda edişleri ýaly, howluda stol goýdular-da, ähli goňşulary palawa çagyrdylar. “Bizde – musulmançylykda uly toýdan öňinçä öten-geçenlerimiz razy bolsun diýip, Alla hatyrasyna mal soýup sadaka berýärler. Munuň üçin bir ýerden et alanyňdan, maly öz gapyňda sowmak amatly. Bu, megerem, tebigatyň kanuny bolsa gerek diýip pikir edýän, bu ýerde günä ýok, bizde şeýle kabul edilen” diýip, Bahtiýar gapysynda mal soýulmagynyň sebäbini düşündirýär.

“Diňe-däp dessurda bolaýmasa, halklar arasynda düýpli bir tapawut ýok, men 50 ýyla golaý ruslar bilen gatnaşyp gelýän – diýip, ol gürrüň berýär. – Meniň ýüregimiň bir bölegi ruslaşan, Orsýetde bolanymda, şol çäksiz giň meýdanlary, tokaýlary hem deňzi görenimde, göwnüm giňeýär. Bu ýer bolsa meniň Watanym, bu ýerde halklar deň.”

Bahtiýar oglunyň toýuny sowup, ýene Russiýa dolandy. Indi ol ulalan maşgalasyna laýyk täze mellek ýer alyp, ol ýerden tam gurmak üçin gazanç etmäge çalyşýar. “Çagalarym dünýä inende, men bagtly bolupdym, indi has hem beter, sebäbi olar öz durmuşyny özleri gurýarlar. Bularyň durmuşynyň abatlygyna Alla alkyşlar aýdyp, muňa köp şükür edýän. Biziň ýurdumyz parahat, ol örän täsin, onuň adamlary hem täsin. Şonuň üçinem bize geliň. Baş üstüne!” diýip, Bahtiýar aýdýar.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG