ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomaty impiçment diňlenişiginiň çäklerinde beren görkezmesinde, prezident Donald Trampyň ukrainaly kärdeşi bilen Ak Tamda duşuşygyny gurnamak üçin, özüniň syýasy garşydaşy baradaky derňewiň yglan edilmegini şert edip goýandygyny aýtdy.
Emma ABŞ-nyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi Gordon Sondland 20-nji noýabrda Demokratlaryň ýolbaşçylygyndaky diňlenişikde Respublikan Trampyň hiç haçan harby kömegiň derňewiň yglan edilmegine şertli edendigini aýtmandygyny belledi.
Sondland Trampyň Ukrainanyň Burisma gaz kompaniýasynyň we ýurduň, hamana, ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna goşulandygy baradaky ýagdaýlaryň derňelmegini sormagy “quid pro quo” bolandygyny nygtady. Trampyň goldawçylary munuň şeýledigini yzygiderli inkär edýärler.
2020-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlarynda Tramp bilen bäsleşmegi maksat edinýän ozalky wise-prezident Joe Baýdeniň ogly Burisma kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy bolupdy. Sondland Trampyň haýyşynyň şahsy aklawçysy Rudy Jiulianiniň üsti bilen edilendigini aýtdy.
Ilçi derňewiň ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý tarapyndan yglan edilmegi bilen baglylykda harby hemaýatyň hem şert bolandygy baradaky maglumatlary ret etdi. Bu geçen hepde ABŞ-nyň beýleki bir resmisi tarapyndan berlen görkezmä çapraz gelýär.
Şol bir wagtda, Sondland Ak Tama edilmeli saparyň derňewe bagly bolmaly däldigini aýtdy. Ol saparyň Ukrainanyň täze prezidentine ABŞ-nyň goldawyny bildirmek üçin möhümdigini nygtady. Şeýle-de, ol Ukraina harby hemaýatyň gijikdirilmegi Kiýewiň garşydaşy Russiýanyň bähbidine işläp biljekdigini sözüne goşdy.
Respublikan wekilleri Sondlandyň Trampyň hiç haçan harby hemaýaty derňew bilen ilteşdirmändigi baradaky görkezmelerine ünsi çekdiler.
Wekiller Öýüniň derňewine ýolbaşçylyk edýän Demokrat Adam Şiff Sondlandyň görkezmelerini “möhüm we iňňän alada goýujy” diýip häsiýetlendirdi.
Sondland Trampyň Baýdeni derňetmek üçin, Zelenskä basyş eder ýaly harby kömegi saklap-saklamandygy boýunça geçirilýän derňewiň möhüm şaýatlarynyň biridir. Sebäbi, ol Ukrain syýasaty bilen baglylykda ABŞ-nyň prezidenti bilen 6-7 gezek gepleşdi.
Tutjar we Trampyň möhüm donory Sondland geçen ýyl prezident tarapyndan ÝB-däki ilçisi wezipesine hödürlenipdi.
Sondland Ak Tamyň we Döwlet departamentiniň onuň diňlenişige gatnaşmazlygyny sorasa-da, özüniň görkezme bermäge razy bolandygyny aýtdy.
Demokratlaryň ýolbaşçylygyndaky diňlenişik, duýduryjynyň 25-nji iýuldaky telefon gepleşiginde Trampy Baýdeni we onuň ogly Hanteri (Hunter) derňetmek üçin Zelenskä basyş etmekde aýyplap, bu baradaky şikaýaty tassyklamagynyň yzýanyna gabat geldi.
25-nji iýuldaky gepleşikden öň, Tramp Russiýa tarapdan goldalýan separatistleriň garşysynabarýan urşunda Ukraina üçin zerur bolan 400 million dollara golaý harby kömegi goýbermän saklap otyrdy. Ol bu kömegi sentýabr aýynda goýberdi.