Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşingtonda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi


Duşuşyga gatnaşyjylar. Türkmen DIM-niň fotosuraty

20-nji noýabrda Waşingtonda Türkmenistanyň wekiliýeti her ýyl geçirilýän türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyryna gatnaşdy diýip, türkmen DIM-niň websaýty habar berýär.

Türkmen delegasiýasyna ýurduň daşary işler ministry Reşit Meredow, amerikan delegasiýasyna ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça orunbasarynyň işlerini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Elis Wells ýolbaşçylyk etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentinde geçirilen geňeşmelerde ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meseleleri babatynda pikir alşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine we häzirki ýagdaýyna seretmek üçin syýasy geňeşmeleriň işiniň netijeliligini gazanmagyň möhümdigini bellediler.

Şeýle-de taraplar iki döwletiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy geljekde has-da ösdürmäge berk ygrarlydyklaryny tassykladylar diýip, habarda aýdylýar.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Waşingtona saparynyň çäklerinde, 21-nji noýabrynda ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň ykdysady ösüş, energetika we daşky gurşaw boýunça orunbasary Kit Kraç bilen duşuşyk geçirildi.

Taraplar söwda-ykdysady we ulag-üstaşyr ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şol sanda, nebit-gaz, sanly tehnologiýalar we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňra ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Deýwid Heýl bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy diplomatik gepleşikleriň derejesini ara alyp maslahatlaşdylar we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy seljerip geçdiler.

Diplomatlar Merkezi Aziýanyň sebit howpsuzlygy barada pikir alyşdylar hem-de öňüni alyş diplomatiýany peýdalanmagyň ähmiýeti we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini nygtadylar diýip, resmi habarda bellenýär.


Aşgabat bilen Waşingtonyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar 1992-nji ýylyň fewralynda ýola goýuldy. Şondan bäri geçen döwürde Türkmenistan nebit-gaz we himiýa pudagynda, oba hojalygynda, transport-aragatnaşyk ulgamynda işleýän amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

Metbugat maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli çap edilen görkezijiler amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 156 taslamanyň hasaba alnandygyny, olaryň umumy bahasynyň $2,5 mlrd dollara we 300 müň ýewro barabardygyny görkezýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG