Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Türkiýä, Müsüre rus harby ulgamlaryny satyn almazlygy duýdurdy


Su-35 uçary

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli resmisi Türkiýäniň we Müsüriň Russiýa bilen harby ylalaşyklaryny tankytlady. Şeýle-de ol eger Ankara we Kaýir bu ugurdaky ýoluny üýtgetmeseler, onda olara garşy sanskiýalaryň girizilmeginiň mümkindigini duýdurdy.

21-nji noýabrda atlandyrylmasyzlyk şerti bilen žurnalistlere maglumat beren resmi eger-de Ankara Waşington bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmak isleýän bolsa, onda onuň Russiýadan alan S-400 raketa hüjüminden goranyş ulgamyndan “dynmaly boljakdygyny” aýtdy.

NATO agza Türkiýe S-400 ulgamyny satyn alypdy. Ulgamyň ilkinji tapgyry iýulda gowşupdy.

Munuň netijesinde, ABŞ Türkiýäni özüniň F-35 kysymly söweş uçarlary programmasyndan çetleşdirdi.

ABŞ-nyň we NATO-nyň harby resmileri Türkiýäniň Russiýadan S-400 ulgamyny satyn almagyna uzak wagtdan bäri garşy çykyp gelýärdiler. Olar munuň Ýaranlygyň harby ulgamy bilen utgaşmaýandygyny we Günbatar tarapyndan ulanylýan täze F-35 uçarlaryna howp abandyrjakdygyny belläpdiler.

Birleşen Ştatlar eger-de S-400 ulgamy ABŞ-nyň uçarlary bilen bilelikde ulanylsa, onda Russiýanyň täze uçar bilen ilteşikli tehniki maglumatlary ele geçirip biljekdigini aýdýar.

Waşington Türkiýeden Russiýanyň ulgamyndan el çekip, onuň deregine ABŞ-da öndürilen Patriot ulgamyny satyn almagyny gazanjak bolýar. Emma türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, sanksiýalaryň howpuna garamazdan, mundan ýüz öwürmedi.

Geçen hepde prezident Donald Tramp Ak Tamda Erdogany kabul etdi. Tramp özara duşuşygy “ajaýyp” diýip häsiýetlendirdi.

Şol bir wagtda, S-400 meselesi bilen baglylykda öňegidişligiň gazanylyp-gazanylmandygy belli däl. Erdogan Trampa Türkiýäniň rus ulgamyndan el çekmejekdigini, şeýle-de Moskwa bilen berk baglarynyň bardygyny aýdandygyny mälim etdi.

Erdoganyň belliklerinden habarlydygyny aýdan Döwlet departamentiniň resmisi: “Türkiýäniň gepleşiklere dolanmagyna entegem mümkinçilik bar. Munuň üçin, olar S-400 ulgamyny ýok etmelidigini bilýärler” diýdi.

Resmi ABŞ-nyň Müsür bilen Russiýanyň 20 sany Su-35 kysymly söweş uçaryny satyn almak baradaky 2 milliard dollarlyk ylalaşygyndan el çekmegi ugrunda işleşýändigini hem mälim etdi.

Waşington Kaýire Su-35 uçarlarynyň we beýleki rus harby ulgamlarynyň krizis ýagdaýynda ABŞ-nyň we NATO-nyň harbylary bilen bilelikde hereket etmegine howp abandyryp biljekdigini duýdurdy.

Müsür ençeme ýylyň dowamynda ABŞ-dan milliardlarça dollarlyk maliýe we harby hemaýatyny alýar. Ol durnukly bolmadyk Ýakyn Gündogar sebitinde Waşingtonyň möhüm ýaranlarynyň biri hasaplanýar.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG