Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda studentlerden Täze ýyl eşikleri üçin 1200 manatdan pul ýygnalýar


Turkmenistan. weekly photos 36th (hepte) week. boys , cellphone , park , bank , students

Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynda (ÝOJ) okaýan studentlerden 1200 manat möçberde pul ýygnalýar. Bu resmi kursda $340, “gara bazaryň” kursunda ortaça $65 barabardyr.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän habarçysynyň sözlerine görä, ÝOJ-laryň ýolbaşçylary bu pul serişdesiniň kostýum-jalbarlary satyn almaga sarp ediljekdigini aýdýarlar.

“Studentler bir meňzeş kostýum-jalbarlary Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçiriljek çärelerde geýmeli edilipdir. Dekanlyklar studentlere şu hepdäniň içinde 1200 manat pul ýygnaljakdygyny duýdurypdyrlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 27-nji noýabrda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda bu ýokary okuw jaýlary barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Habarçynyň sözlerine görä, studentlere kostýum-jalbarlary olaryň özleriniň satyn almagyna hem rugsat berilmeýär. ÝOJ-laryň ýolbaşçylary “studentleriň hemmesiniň meňzeş kostýum-jalbarda bolmalydygyny” belläp, olaryň ählisini özleriniň satyn aljakdygyny aýdýarlar.

“Adatça ýokary okuw jaýy pul ýygnap, matadyr kostýum-jalbarlary satyn alanda, onuň bahasy gymmat, hili pes bolýar. Şol harytlary bazarlarda has arzan bahadan satyn alyp bolýar. Olaryň hili-de has gowy bolýar” diýip, Azatlyk Radiosyna anonim şertde maglumat beren aşgabatly studentleriň biri aýtdy.

Türkmenistanyň ÝOJ-larynda okaýan studentlerden ýurtda bellenilýän baýramçylyklaryň öňýanynda, köplenç täze egin-eşikleri ýa welosiped ýaly beýleki zatlary satyn almak ýa-da olar üçin pul tabşyrmak talap edilýär. Dilden görkezme esasynda amala aşyrylýan bu talapdan boýun gaçyrýan studentlere okuwdan kowulmak howpy abanýar.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň ençemesi ýurt raýatlarynyň iýjek çöregini tapman kösenýändigini aýdyp, studentlerden täze egin-eşikleriň talap edilmegine öz nägileligini bildirýär.

“Studentler ene-atalaryna jaň edip, yzygiderli pul iberiň diýýärler. Çagamyzy okuwa salan soň, pul seslerinden ýadadyk. Her aý bir zat üçin pul ýygnalýar. Alýan aýlygymyzyň ýarysyny çagamyza iberýäris. Aýlygam öz wagtynda berilmeýär. Hemme zat gymmat. Üstesine, entek ÝOJ-yň ýyllyk puluny hem töläp ýetişemizok” diýip, habarçy çagasy tölegli esasda okaýan ene-atalaryň biriniň sözlerini sitirledi.

Azatlyk Radiosynyň bu barada ýurduň Bilim ministrliginden kommentariý almak boýunça eden synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Ýöne bu habar, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurt resmilerine Täze ýyl baýramy mynasybetli “meýilleşdirilen çäreleriň taýýarlyk işlerine ýokary derejede ähmiýet bermegi tabşyrmagynyň” yzýanyna gabat geldi.

Türkmenistan soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirip gelýär. Muňa garamazdan, häkimiýetler ýurtdaky baýramçylyklary giň gerimde belläp gelýär. Bu baýramçylyklar mynasybetli geçirilýän çäreler üçin býujet işgärlerinden, studentlerden we okuwçylardan pul ýygnamak işleri hem dowam edýär.

Türkmenistanyň döwlet mediasy ýurtda bellenilýän baýramçylyklary mahabatlandyryp habar berse-de, ýurt raýatlarynyň, şol sanda studentleriň we býujet işgärleriniň muňa sarp etmäge mejbur bolýan maliýe serişdesini agzamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

XS
SM
MD
LG