Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Özbegistana sapar edýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji noýabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkente sapar edýär.

Türkmen döwlet habarlar agentliginiň maglumatyna görä, Kuksaroý köşgünde Berdimuhamedow bilen özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu gepleşiklere iki ýurduň hökümet delegasiýasy hem gatnaşdy.

"Iki ýurduň baştutanlarynyň we hökümet resmileriniň arasynda geçirilýän ýokary derejeli gepleşiklerde syýasy, ykdysady, söwda, medeni we ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar" diýip, TDH ýazýar.

Geçen hepde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi döwlet baştutanynyň 28-29-njy noýabr aralygynda Özbegistana iş saparyny amala aşyrjakdygyny habar beripdi.

Mundan ozal, 1-nji noýabrda türkmen DIM-niň başlygy Reşit Meredow Daşkentde özbek prezidenti bilen duşuşdy.

Özbegistanyň prezidenti Türkmenistana 2017-nji ýylyň martynda we 2018-nji ýylyň aprelinde sapar etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG