Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda daýhan birleşikler ätiýaçdaky öň ýygnalan pagtalaryny her gün az-azdan harmana tabşyrýar, meýdanlarda pagta ýok


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

2-nji dekabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat şäheriniň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Taňryguly Atahallyýew welaýatdaky “pagta ýygymynyň jemleýji tapgyry” barada hasabat berdi.

Bu maglumatyň fonunda, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy şu günler welaýatyň daýhan birleşiklerinde ätiýaç üçin alnyp goýlan pagtalaryň harmana tabşyrylýandygyny, meýdanlarda pagtanyň galmandygyny habar berýär.

TDH-nyň maglumatyna görä, iş maslahatynyň dowamynda prezident Berdimuhamedow welaýat häkimlerinden gowaça meýdanlarynda galan pagtany ýygnap almagy talap etdi. Atahallyýew prezidente beren hasabatynda pagta ýygymynyň jemleýji tapgyryny tamamlamak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat beripdir. TDH bu işleri aýdyňlaşdyrmady, ýöne Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy 3-nji dekabrda ýetiren maglumatynda welaýatdaky pagta möwsüminiň soňky tapgyry barada maglumat berdi. Onuň dürli etraplardaky ençeme kärendeçä salgylanyp, tassyklamagyna görä, welaýatyň gowaça meýdanlarynda ýygarlyk pagta galmady, ýygym möwsümi tamamlandy, mejbury pagta çekilen býujet işgärleri öýlerine ugradyldy.

Onuň maglumatlaryna görä, şu günler Lebap welaýatynda daýhan birleşikler öň ýygnalan pagtalary her gün belli möçberde az-azdan döwlet harmanyna tabşyrýar.

“Lebapda şu günler her daýhan birleşik 15-nji dekabra çenli her gün 500 kilogram möçberinde ozal ätiýaç üçin alyp goýan pagtalaryny harmana tabşyrýar” diýip, habarçy aýtdy.

“Geçen hepdäniň ortalaryna welaýat resmileri mejbury pagta ýygdyrmaga äkidilen býujet işgärlerine işlerine, öýlerine dolanmaga rugsat berdiler. Şu hepde ýygym doly tamamlandy. Häzirki wagtda býujet işgärleri iş ýerlerine, öýlerine adaty durmuşa dolandylar” diýip, habarçy sözüne goşdy.

Şol bir wagtyň özünde, Lebapda pagtaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyk işleri başlady. Muny Azatlygyň habarçysy tassyklaýar.

Türkmenistanda pagtaçy kärendeçileriň şertnama esasynda döwlete tabşyrýan pagtasyna döwlet töleg töleýär. Geçen ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy öňküsinden biraz ýokarlandyryldy.

TDH-nyň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylyň hasylyndan başlap, ýygymyň başlanan güni bilen 15-nji oktýabr aralygynda döwlet harmanyna tabşyrylan 1 tonna nah pagtany döwlet kärendeçiden 1 müň 500 manada satyn alýar. Bu walýutanyň gara bazaryndaky nyrh boýunça 80 dollara, dollaryň resmi bahasynda 430 dollara barabar bolýar.

Azatlygyň habarçysy gowaça ösdüren ençeme lebaply kärendeçiniň girdejiler boýunça “adalatsyz hasaplaşykdan” şikaýat edýändiklerini aýtdy.

“Kärendesine pagta ýetişdiren lebaplylar şu ýyl hem hasaplaşygyň adalatsyz bolandygyny aýdýarlar” diýip, habarçy belledi. Onuň sözlerine görä, kärendeçiler bu ýylky döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyrylan pagta bilen geçen ýylky pagta bahalarynyň arasynda göze ilginç tapawudyň ýokdugyny aýdýarlar.

Habarçy pagta planynyň hatda üçden birinden köprägini dolmagy başaran kärendeçileriň begenýändigini habar berýär:

“Şu ýyl 1 gektaryna 1,7 tonna pagta tabşyrmaly edilip, [ýöne iş ýüzünde] 700 kilogram pagta tabşyrmagy başaran kärendeçiler telpeklerini göge zyňdylar” diýip, lebaply bir kärendeçi Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny tankyt edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG