Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda mejbury ýygym dowam edýär. Ýygymçylar ýok pagtany ýygmaga mejbur edilýär


Lebabyň gowaça meýdanlaryndaky pagtaçylar. Arhiwden alnan surat

Lebap welaýatynda edara-kärhanalaryň işgärleri, studentler we esgerler pagta ýygymyna mejbury gatnaşdyrylýar. Olar gowaça meýdanlarynda ýok pagtany ýygmaga mejbur edilýär diýip, Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Pagta ýygymy dowam edýär. Howa sowuk. Adamlar ýatymlaýyn ýygymda kösenýar. Pagta ýygymyna esasan-da himiýa zawodunyň işgärleri, lukmançylyk mekdebiniň studentleri we çagyryş boýunça harby gulluk borjuny berjaý edýän esgerler işjeň gatnaşdyrylýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde maglumat beren habarçy 25-nji noýabrda gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, ol häzirki wagt gowaça meýdanlarynda pagtanyň tas ýokdugyny aýdyp, mejbury ýygymyň dowam etdirilmegine hiç kimiň düşünmeýändigini hem belledi.

“Ýygymçylar maý aýynyň aýagynda ekilen gowaça meýdanlaryna çykarylýar. Bu meýdanlarda her gektardan iň köp 20 kilogram pagta çyksa-da, bu ýere azyndan 50 sany býujet işgäri, student ýa-da esger getirilýär. Ýygar ýaly pagta ýok. Howa bolsa, buz ýaly” diýip, habarçy aýtdy.

Howa maglumatlaryny çap edýän AccuWeather websaýtynyň berýän maglumatyna görä, 25-nji noýabrda Lebap welaýatynda howanyň temperaturasy gündiz -2 we gije -12 gradusa barabar.

Habarçy bu ýagdaýyň “gyşyň sowuk günlerinde diňe ýygymçylary” däl, eýse pagtaçy kärendeçileri-de köseýändigini aýdyp, olaryň peýda görmegiň deregine zyýan çekýändiklerine ünsi çekýär.

“Kärendeçiler her 50 adamy getirýän awtoulag üçin 400 manat tölemeli bolýarlar. Ýygylýan pagtanyň jemi möçberi 30 kilograma-da ýetmeýär. Şeýle-de, ýygylan pagtalar-da 3-nji sort hasabyndan kabul edilýär. Esgerleriň günortanky nahary hem kärendeçileriň boýnuna bolýar” diýip, lebaply kärendeçileriň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Lebabyň gowaça meýdanlarynda pagtanyň tas ýokdugyna garamazdan, mejbury ýygymyň dowam etdirilmeginiň sebäpleri barada resmiler tarapyndan düşündiriş berilmeýär.

Ýöne bu habarlar, 22-nji noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almagyň möhümdigini” ýene bir gezek nygtan mahalyna gabat geldi.

8-nji noýabrda döwlet metbugaty Türkmenistan boýunça 550 müň gektar ýerden 1 million 50 müň tonna pagta hasylynyň ýygnalyp alnandygyny we borçnamanyň ýerine ýetirendigini yglan etdi.

Muňa garamazdan, Türkmenistanda pagta ýygymy resmi derejede dowam edýär. Türkmenistanyň dürli regionlarynda döwlet işgärlerinden “ýygym üçin” pul ýygnamak işleri alnyp barylýar. Şeýle-de, işgärleri we gullukçylary ýatymlaýyn ýygyma çekmek işleriniň güýçli depginde dowam edýändigi habar berilýär. Muny berjaý etmedik býujet işgärlerine we studenlere okuwdan, işden çykarylmak howpy abanýar.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň hökümetini pagtaçylykda mejbury zähmetiň ulanylmagyny bes etmäge çagyrýarlar. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň adam gaçakçylygy barada iýun aýynda çap eden hasabatynda “mejbury zähmet Türkmenistanyň iň uly adam gaçakçylygy problemasy bolup durýar" diýilýär.

Türkmen häkimiýetleri bu aýdylanlary inkär ýa tassyk edip çykyş etmeýärler. Bu barada resmi mediada-da mesele gozgalmaýar.

“atlas.media.mit.edu” websaýtynyň “Ykdysady çylşyrymlylyga syn” atly bölüminde aýdylmagyna görä, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň daşary ýurtlara eksport eden pagtasynyň möçberi 150 million amerikan dollaryna barabar bolupdyr. Maglumata görä, türkmen pagtasynyň 84%-i Türkiýä, 9,6%-i Pakistana, 2,9%-i Hindistana we 1,7%-i Malaziýa satylypdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG