Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sowuk, açlyk hem ölüm... Täjik aýallary Siriýadaky El-Hol bosgunlar lagerinde agyr ýagdaýda galýarlar


Siriýadaky El-Hol bosgunlar lageri. 3-nji dekabr, 2019.

Sowugyň başlanmagy bilen Siriýadaky El-Hol lageriniň çäginde gumanitar şertler ýaramazlaşdy. Ol ýer kürtlere degişli «Siriýanyň demokratik güýçleri» (SDF) toparynyň garamagynda. Sowugyň hem keselçiligiň derdinden soňky günlerde ol ýerde ýüzlerçe adam ýogaldy. Azatlyk Radiosy şol lagerde täjik aýallarynyň bolýandygyny habar berdi.

Siriýanyň El-Hasaka welaýatyndaky “El-Hol” bosgunlar lagerinde 10 müňden az bolmadyk daşary ýurtly saklanýar, olardan 400-den gowragy Täjigistanyň raýatlary.

Ol lagerdäki täjik aýallary tarapyndan Azatlyk Radiosyna ýollanýan foto suratlarda hem wideolarda görnüşine görä, güýçli ýel çadyrlary ýykypdyr. Şol lagerde bolýan täjik aýallaryndan biri Marýamyň biz bilen habarlaşanda aýtmagyna görä, ýagdaý örän agyr bolmaly. Aýallaryň hem çagalaryň ýatyp-turýan çadyrlary öl. “Keselliler örän köp, iýmit hem derman ýetenok. Wraçlar bar adamy görmäge hem olary bejermäge ýetişenoklar” diýip, ol aýdýar. Marýamyň sözüne görä, soňky birnäçe günüň dowamynda onlarça çaga ölüpdir. Ýöne ol maglumaty garaşsyz çeşmelere tassyklatmak häzirlikçe mümkin däl.

Ýatlatsak, 11-nji sentýabrda BMG-de Siriýa boýunça çykyş eden awtorlaryň sözüne görä, bosgunlar lagerinde bolýan aýallar hem çagalar “adamçylyk şertlerinde ýaşamaýarlar”. Siriýa boýunça BMG-niň adam hukuklary Komissiýasynyň ýolbaşçysy Paulu Pineýrunyň aýtmagyna görä, bosgunlar lagerinde bolýanlaryň aglaba köplügi 12 ýaşa ýetmedik çagalar, olardan 3,5 müňden gowragynyň dogluş hakynda şahadatnamalary-da ýok.

Dokladda Komissiýa agzalarynyň pikirine görä, aýratynam El-Hol lagerinde bolýanlar “elhenç şertde”. “Ýüzlerçe adam ölýär, şol wagtyň özünde olaryň köpüsini ölümden halas etmek mümkin. Azyndan 290 çaga halys ysgyndan düşmeden hem medisina ýardamynyň ýokdugy üçin, ýaralarynyň azmagy sebäpli ýogaldylar”.

Duşenbeli ýaşaýjy Gülçehra El-Hol lagerinde bolýan gyz agtygy bilen her günde diýen ýaly gürleşýär. Ol gyzjagazyň aýtmagyna görä, lagerdäki ýagdaý ýaramaz. Gülçehranyň gyzy Siriýada ýitipdir, onuň agtygyna başga bir täjik aýaly seredýär. “Men agtygymyň haçan ýurda dolanjagyna ynanyp bilemok. Lagerdäki ýagdaý günsaýyn agyrlaşyp, çydamsyz derejä öwrülip barýar” diýip, Gülçehra aýdýar.

Şol wagtyň özünde «Siriýanyň demokratik güýçleri» (SDF) toparynyň wekili Jamil Saloh Azatlyk Radiosy bilen gysgajyk gürrüňdeşlikde, «lagerdäki ýagdaý kadaly» diýdi.

Mundan öň Täjigistan Siriýadaky bosgunlar lagerinde bolýan täjik çagalaryny hem aýallary ýurda getirmäge taýýardygyny mälim edipdi. 5-nji oktýabrda Täjigistanyň DIM-si täjik diplomatlarynyň Siriýanyň ýokary derejeli çinownikleri bilen duşuşyp, ol bosgunlaryň kimligini we sanyny anyklamak; olary ýurda getirmek meselesini gozgandygyny aýtdy.

Täjigistanyň Kuweýtdäki hem Yrakdaky ilçisi Zubaýdullo Zubaýdzoda Azatlyk Radiosyna lagerlerde bolýan täjik aýallaryny hem çagalary ýurda getirmäge taýýardygyny, diplomatlaryň häzir Siriýanyň hökümetinden hem kürt güýçlerinden howpsuzlyk kepilnamasyna garaşýandygyny bildirdi.

Siriýanyň lagerlerinde häzir azyndan 575 sany täjik aýallary hem çagalary bar, olar mundan birnäçe ýyl öň “Yslam döwleti” diýilýän topara goşulan söweşijileriň maşgalalary bolmaly. Mundan öň Azatlyk Radiosyna Täjigistanyň hökümetinden anonim şertde maglumat bereniň sözüne görä, täjigistanlylaryň köpüsi El-Hol lagerinde bolmaly. “Olardan takmynan 90 sanysy aýal, 200-den gowrak gyz hem 240-dan gowrak oglan bar. Çagalar 1 ýaşdan 17 ýaş aralygynda, olardan 134 çaga soňky iki ýylda doglupdyr. Çagalaryň köpüsi hossarsyz, baş-bitin ýetim galan. Elbetde, bu gutarnykly maglumat däl, hakykat ýüzünde Täjigistanyň raýatlary has köpräk bolmaly” diýip, täjik hökümetindäki çeşme aýdýar. Onuň sözüne görä, täjik aýallary hem çagalary “yslam döwleti” toparynyň beýleki söweşijileriniň ýeke galan maşgalalary bilen birlikde, şu ýylyň dowamynda, ýagny Bagus regiony söweşijilerden azat edilenden soň, şol lagere getirilen bolmaly.

Maý aýynyň başynda Siriýadaky BMG-niň bosgunlar lagerinde bolýan täjigistanly 34 aýal özleriniň ýurda dolanmagyna hemaýat bermegini sorap, Täjigistanyň DIM-ne ýüz tutupdy. Olaryň her birinde 1-den 5-e çenli çaga bar.

Täjigistanyň hökümetiniň 2014-nji ýylda beren maglumatyna görä, 1900 adam ýurdy terk edip, Siriýada hem Yrakda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijilerine goşulypdyr. “Yslam döwleti” topary dargadylandan soň, köp söweşijileriň, olaryň aýallarynyň hem çagalarynyň ykbaly mälim bolman galýar.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG