Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabat teatrlarynyň mejbury tomaşaçylaryndan toý lybasly barmak talap edilýär


Türkmenabadyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet drama teatry (arhiw suraty)

Türkmenabat şäheriniň we onuň golaýyndaky etraplaryň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet drama teatryna barmaga we munuň üçin geýim satyn almaga mejbur edilýärler.

Bu barada Azatlygyň Lebapdaky habarçysy aýdýar:

- Türkmenabat şäheriniň we etraplardaky dürli pudaklarynyň işgärlerini mejbury ýagdaýda "Daýa hatyn" we "Döwletli Döwran" atly spektakllara bilet satyn alyp, iki sagat mejbury tomaşa etmäge çekýärler.

Habarçymyzyň sözlerine görä, teatra barmak tomaşaçylardan goşmaça çykdajylary talap edýär. Býujet işgärlerinden 20 manada golaý bilet pulundan başga täze geýim satyn almak talap edilýär.

- Biletiň bahasy 20 manada hem ýetmeýär, emma ýokary okuw we orta hünär bilim edaralarynyň ýolbaşçylary milli äheňde tikilen bir reňkdäki köýneklerde barmagy talap edýärler. Aýal-gyzlaryň köýnekleri 200 manatdan gowrak, erkekleriň kostýumlary 800 manat töwereginde çykdajy talap edýär - diýip, habarçymyz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, teatra gatnamak aýratynam etrap ýaşaýjylaryna agyr düşýär. Sebäbi olar goşmaça ýol harajatlaryny çekmeli bolýarlar we transport bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar.

- Etraplardan gelýän mejbury tomaşaçylar ýol harajatlaryny çekýärler we hatda agşam öz etraplaryna gaýtmak üçin transport tapdyrmaýandygyny aýdýarlar. Sagat 19:00 başlanýan sahna oýny 21:00 tamamlanýar bu wagtda awtobuslar ýok, taksiler ýok adamlar myhmanhanalarda ertire çenli galmaly bolýarlar. Uly çykdajy. Myhmanhanalar iň arzany 50 manat, eger ýer tapylsa, bolmasa 170 manada ýetýär Türkmenabat şäherinde - diýip, habarçymyz aýdýar.

Azatlyk Radiosyna Lebap welaýatynyň döwlet edaralaryndan resmi maglumat almak başartmady.

Döwlet edara-kärhanalarynda bilet satmak, işgärleri teatra we kino gitmäge mejbur etmek tejribesi Türkmenistanda ýyllarboýy giňden ulanylýar.

Häkimiýetler medeniýet pudagyny ösdürmegiň döwletiň ileri tutýan ugry bolup durýandygyny aýdýarlar we bu meselede teatr sungatyny ösdürmek işine uly ähmiýet berilýändigini belleýärler.

Türkmenistanda jemi 10 sany döwlet teatry bar, olaryň altysy paýtagtda we dördüsi welaýatlarda ýerleşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG