Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus sudy Peterburg metrosynda terror aktyny geçirenler diýlip günä bildirilen 11 adama ömürlik türme tussaglygyny berdi


Abror Azimow

10-njy dekabrda Russiýanyň 2-nji Günbatar harby okrug sudy Peterburg metrosynda terror aktyny geçirmäge gatnaşanlar, olara maliýe kömegini berenler diýip, ondan gowak adama günä bildirdi. Olaryň köpüsiniň asly Gyrgyzystandan hem Özbegistandan.

  • 29 ýaşly Abror Azimow, asly Gyrgyzystandan, Russiýanyň graždanini, derňewiň barşynda ol terror aktynyň baş guramaçysy saýylyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi;
  • onuň agasy, 31 ýaşly Akram Azimow, asly Gyrgyzystandan, Russiýanyň graždanini, 28 ýyl berk düzgünli türme tussaglygyna höküm edildi;
  • 28 ýaşly Muhamadýusup Ermatow, Gyrgyzystanyň graždanini, 28 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi;
  • onuň dogany, 26 ýaşly Ibragimžon Ermatow, ol hem Gyrgyzystanyň graždanini, 27 ýyl koloniýada oturmaly;
  • 41 ýaşly Sodik Ortikow, Täjigistanyň graždanini, 22 ýyl koloniýada oturmaly;
  • 48 ýaşly Şohista Kerimowa, Özbegistanyň graždanini, 20 ýyl koloniýada oturmaly;
  • 25 ýaşly Azimžon Mahmudow, Özbegistanyň graždanini, 20 ýyl koloniýa tussaglygy;
  • 22 ýaşly Dilmurod Muidibow, Gyrgyzystanyň graždanini, 20 ýyl koloniýada oturmaly;
  • 24 ýaşly Muhamadýusuf Mirzaalimow, asly Gyrgyzystanyň Oş şäherinden. Russiýanyň graždanini, 20 ýyl koloniýa tussaglygyny aldy;
  • 41 ýaşly Saýfulla Hakimow, Gyrgyzystanyň graždanini, 19 ýyl berk düzgünli koloniýada oturmaly;
  • 41 ýaşly Bahrom Ergaşew, Gyrgyzystanyň graždanini, ol hem 19 ýyl berk düzgünli koloniýada oturmaly;

Mundan başga-da, tussag edilenleriň ählisine uly möçberdäki - 800 müň rus rublyna çenli jerime tölegini saldylar.

Peterburg metrosyndaky terror akty 2017-nji ýylyň 3-nji aprelinde geçipdi. Terror metrodaky «Сенная площадь» hem «Технологический институт» duralgalaryň aralygynda boldy. Onda asly Gyrgyzystanyň Oş şäherinden bolan, özüni öldüren 22 ýaşly Akbaržon Jalilow bilen jemi 16 adam öldi.

Derňew komiteti “terror akty barlyşyksyz yslam terroristik guramasynyň biri – «Katiba Tauhid wal-Jihad» tarapyndan geçirildi” diýip mälim etdi. Muny terror akty geçenden iki ýyldan soň mälim etdiler, ýöne Peterburg metrosynda bolan hadysanyň jogapkärçiligini açyk boýun almadylar. «Bu işi buýran, ony gurnan hem ýerine ýetirenler öz aralarynda biri-birini tanamaýan ekeni, ýöne häzirki zaman tehnologiýasynyň kömegi bilen özara gatnaşyk saklapdyrlar» diýip, derňew komiteti öz beýanatynda aýtdy. Terakty guranlaryň ýolbaşçysy Akram Azimow hem onuň dogany Abror bolupdyr.

Derňewde mälim edilişine görä, Abror Azimow «Katiba Tauhid wal-Jihad» guramasynyň ýolbaşçysynyň adyndan özüni öldüren Akbaržon Jalilowa 122 müň rubl berip, partlaýjy serişdeleri taýýarladypdyr. Soňra hem A. Jalilowa terakty geçirmegiň görkezmelerini ýollapdyr. Derňew toparynyň maglumatyna görä, Akbaržon Jalilow bir bombany «Площадь Восстания» duralgasynda goýupdyr. Ýöne ol ýarylmandyr. Beýleki bilen bolsa wagona münüpdir.

Şohista Kerimowa Abror Azimow bilen birlikde Moskwanyň etegindäki kafede miweleri arassalaýjy bolup işläpdirler. Derňewden mälim bolşuna görä, ol aýal “terroristleri aragatnaşyk bilen üpjün” edipdir. 2017-nji ýylyň 31-nji martynda öz telefonyny aktiwleşdirmek hem sim-kart üçin, Azimowa beripdir. Şol sim-kart bilen Abror peýdalanyp, WhatsApp и Qiwi-den özüni öldüren Akbaržon Jalilow bilen gepleşipdir hem onuň hasabyna pul geçiripdir.

Günäli saýylanlaryň beýleki dokuz sanysy derňew maglumatyna görä, “terror işlerini geçirýän toparlara goşulmaga çagyrylyp: olar öz jaýlarynda ýaraglary hem partlaýjy serişdeleri gizlin saklapdyrlar”.

Sud diňlenişigi wagtynda Abror Azimow özüni terakty paş etmäge mejbur edendiklerini aýtdy. Onuň sözüne görä, FSB işgärleri onuň kakasynyň üstüne teraktda ulanylan, içi partlaýjy maddaly ýangyn söndüriji polat gutyny taşlajakdygyny aýdypdyrlar.

«Men özümi garalamaga mejbur boldum, sebäbi maňa haýbat atdylar» diýip, Abror Azimow suduň zalynda aýtdy. Derňew izolýatorynda ýatan wagtynda, Jemgyýetçilik gözegçilik komissiýasynyň agzalary onuň bilen gürleşip bilipdi. Şonda Azimow resmi taýdan tutmazlaryndan iki hepde ozal özüni bir nämälim jaýyň ýerzemininde elektrik toguna tutandyklaryndan şikaýat edipdi.

Bu işde günä bildirilenleriň beýlekileri-de terakt bilen özleriniň dahylynyň ýokdugyny aýtdylar. Olar dürli wagtlarda işlemek üçin Orsýete gelipdirler, gurluşyklarda, kafelerde hem taksiçi bolup işläpdirler. Ilkinji sud diňlenişiginiň birinde olar berk aýnaly gözenegiň aňrysyndan «Bizi mejbur etdiler», «Biz günäli däl» hem-de «Görýäňizmi, bizde hiç zat ýok» diýen ýazgyly kagyzlary görkezdiler. Käbirleri gynalmalara duçar bolanyny hem elektrik toguna tutulanyny aýtdy.

Material AÝ/AR-nyň Rus gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG