Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede 17 müňden gowrak türkmenistanly student okaýar


Türkiýede okaýan türkmen studentleri. Arhiwden alnan surat
Türkiýede okaýan türkmen studentleri. Arhiwden alnan surat

Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda 17 müňden gowrak türkmenistanly student okaýar. Bu barada türk media serişdeleri habar berýärler.

“Milliyet” neşiriniň 11-nji dekabrda çap eden habaryna görä, häzirki wagt Türkiýede okaýan daşary ýurtly studentleriň jemi sany 154 müň 505-e ýetipdir. Bu sanawda türkmenistanly ýaşlar daşary ýurtly studentleriň sany boýunça üçünji orny eýeleýär.

“Türk ýokary okuw jaýlarynda okaýan daşary ýurtly studentleriň iň uly bölegini siriýaly ýaşlar emele getirýär. Ýurtda 27 müň 34 sany siriýaly student okaýar. Siriýany 19 müň 383 student bilen Azerbaýjan yzarlaýar. Sanawda üçünji orny türkmenistanly studentler eýeleýär. Türkiýäniň uniwersitetlerinde jemi 17 müň 571 türkmen studenti okaýar. Olaryň 672 sanysy Anadolu uniwersitetinde bilim alýar” diýlip, neşiriň habarynda aýdylýar.

“Milliyet” neşiriniň habarynda bu sanlaryň çeşmesi aýdyňlaşdyrylmaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkiýäniň statistika gullugyndan we bilim ministrliginden maglumat almak synanyşyklary hem häzirlikçe başa barmady.

Türkiýe türkmenistanly ýaşlar tarapyndan ýokary bilim almak üçin ýykgyn edilýän esasy ýurtlaryň biri hasaplanylýar. Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri ne Türkiýede, ne-de dünýäniň beýleki ýurtlarynda okaýan türkmenistanly studentler baradaky statistiki maglumatlary köpçülige mälim edýär.

Şeýle-de, Türkmenistanyň resmileri we döwlet mediasy türkmen studentleriniň daşary döwletlerde okap ýören wagty ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada hiç zat aýtman gelýärler. Olaryň arasynda ýurduň banklary tarapyndan berlen plastik kartlardaky puly nagtlaşdyrmak we okuw töleglerini öz wagtynda geçirmek bilen bagly bökdençlikler bar.

Türkiýede okaýan türkmenistanly studentleriň azyndan dört sanysynyň 11-nji dekabrda beren maglumatyna görä, indi noýabr aýynyň başyndan bäri olar öz kartlaryndan düýpden pul çekip bilmeýärler. Mundan öň türkmen banklarynyň kartlaryndan Türkiýede günde 100-150 türk lirasyny, ýagny ortaça 15-23 dollary nagtlaşdyryp bolýardy.

Mundan ozalky aýlarda, şuňa meňzeş bökdençlikler barada Ukrainada, Belarusda, Russiýada we Täjigistanda okaýan türkmenistanly studentler hem habar beripdiler.

Galyberse-de, daşary döwletlerde okaýan studentleriň ençemesi tomusky ýa-da gyşky dynç alyş möwsüminde Türkmenistana baranda, gaýtadan ýurtdan çykmakda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

19-njy awgustda Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde habarlaşan bir türkmenistanly, tomusky dynç alyş üçin Demirgazyk Kiprden Türkmenistana baran student gyz doganynyň Aşgabadyň aeroportundan yzyna goýberilmeýändigini habar beripdi.

Bu habarlaryň fonunda, 28-njy oktýabrda Türkmenistandan daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen studentlerine pul ugratmak bilen bagly täze çäklendirmäniň girizilendigi hem habar berildi.

Türkmen resmileri bu maglumatlary ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG