Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistanly professor dine dil ýetirmekde günäli tapylyp, ölüme höküm edildi


Pakistanyň kartasy

Pakistanda bir professor dine dil ýetirmekde günäli tapylandan soňra, ölüm jezasyna höküm edildi.

21-nji dekabrda Multanyň sudy Junaid Hafeezi yslama garşy pikirleri ýaýratmakda günäli tapdy.

Pakistanyň dawaly dine dil ýetirmek kanunyna laýyklykda, Hudaýa, yslama ýa-da dini şahsyýetlere dil ýetirmekde günäli tapylana dessine ölüm jezasy berilýär.

Hafeeziň aklawçysy suduň hökümine şikaýat etjekdiklerini mälim etdi.

Hafeeze ýene ýarym million pakistan rupisi, ýagny 3 müň 200 dollar möçberinde pul jerimesi hem salyndy.

2013-nji ýylda polisiýa Hafeezi Punjab welaýatyndaky uniwersitetleriniň birine sapar eden mahaly dine garşy maglumatlary ýaýratmakda güman edip saklapdy.

33 ýaşly Hafez sud diňlenişigine çenli alty ýyllap saklandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG