Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda dollaryň “gara bazardaky” bahasy 17 manada düşdi


Türkmenistanyň milli manady.
Türkmenistanyň milli manady.

Türkmenistanyň paýtagtynda hereket edýän walýutanyň “gara bazarynda” dollaryň bahasy 17 manada düşdi.

Aşgabatda dollaryň “gara bazardaky” bahasy ozalkylaryndan sähel arzanlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy 3-nji iýulda habar berdi.

“Gara bazarda dollaryň bahasy 17 manada çenli düşdi. Düýn [2-nji iýulda] dollar 17 manatdan has pese gaçyp, ol 16.5 manada çenli baryp ýetdi” diýip, habarçy aýtdy.

Ol Aşgabatda dollaryň ýaşyryn söwdasy bilen meşgullanýan birnäçe adam bilen gürrüňdeş bolup, dollaryň bahasynyň pese gaçmagynyň mümkin bolan sebäpleri bilen gyzyklandy.

Onuň gürrüňdeşleriniň sözlerine görä, walýuta söwdagärleri dollaryň bahasynyň pese gaçmagyny, başgaça aýdylanda manadyň hümmetiniň ýokary galmagyny Ahal welaýatynyň çäginde gurlup, 28-nji iýunda ulanylmaga berlen tebigy gazdan awtomobil ýangyjyny öndürýän zawodyň işe girizilmeginiň hem-de onuň önümleriniň eksportyna başlanmagynyň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Ykdysatçylar milli pullaryň hümmeti bilen ýurtdaky içerki önümçiligiň arasynda berk baglanyşyk gurýar.

Türkmenistanda mundan bir aý töweregi ozal, dollaryň gara bazardaky bahasy 18-19 manat töwereklerindedi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 27-nji maýda dollaryň gara bazarda 18 manat 50 teňňeden satyn alnyp, 19 manatdan satylýandygyny habar beripdi. Martyň ortalarynda Daşoguzda dollaryň gara bazardaky bahasy 19.5 manada çenli baryp ýetdi.

Türkmenistanyň Merkezi banky ýurtda 1 dollaryň manada bolan resmi gatnaşygyny 3.5 manatlygynda saklaýar.

Ýurtda soňky 2.5 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda walýutanyň gara bazary döräp, manat walýutanyň garşysynda ep-esli hümmetini ýitirdi.

Soňky ýyllarda energiýa serişdeleriniň global arzanlamagy, ýangyç-energetika çeşmelerine baý Türkmenistanyň bu pudakda eksport ugurlaryny ýitirmegi, şol sanda 2016-njy ýylda Russiýanyň, 2017-nji ýylda Eýranyň türkmen gazyndan ýüz öwürmegi we beýleki käbir möhüm faktorlar Türkmenistany ýiti ykdysady kynçylyklara iterdi.

Syýasy synçylar we ykdysatçylar degişli möhüm faktorlaryň hatarynda ýurtda ykdysady reformalaryň gijikdirilmegi, bazar ykdysadyýetine geçmekde şertleriň oňaýsyzlygy, ýurda daşary ýurt sermaýasyny ymykly çekip bilmezlik, ýurtda giň ýaýran korrupsiýa ýaly sebäpleri agzaýar.

Halkara walýuta fondunyň Türkmenistana sapar eden missiýasy 10-njy aprelde çap eden beýanatynda daşary ýurt maýadarlarynyň türkmen ykdysadyýetine göni gatanjynyň 2015-nji ýyldan bäri ýyl-ýyldan barha pese gaçandygyny aýtdy. Bu görkeziji 2015-nji ýylda jemi içerki önümiň 8.6 prosentine barabar bolan bolsa, ondan soňky ýyllarda degişlilikde, 5.4 %, 4 % we 3.7%-e deň boldy.

Aziýanyň ösüş banky apreliň başynda çap eden “Aziýanyň ösüş maglumatlary – 2019” atly hasabatynda, 2019-njy ýylda Türkmenistanda inflýasiýanyň 9 prosente deň boljakdygyny çaklady.

Synçylar halkara maliýe guramalarynyň Türkmenistan boýunça ýaýradýan hasabatlarynda esasan türkmen hökümetiniň hödürleýän statistiki maglumatlaryndan peýdalanýandygyny aýdýarlar.

Halkara pul gaznasy Bütindünýä banky ýaly iri maliýe guramalarynyň ýurda sapar edýän hünärmenleri türkmen hökümetine walýuta bilen bagly çäklendirmeleri gowşatmagy, onuň resmi bahasyny täzeden kesgitlemegi hem-de döwlet harçlamalaryny tygşytlamagy maslahat berýär.

Türkmen hökümeti walýuta çäklendirmeleriniň çäginde, ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlara görä, daşary ýurtda bilim alýan studentlere olaryň Türkmenistandaky hossarlarynyň maliýe ýardamlary ibermegini, söwda bilen meşgullanýan telekeçileriň daşary ýurtlardan haryt import etmegine degişli walýuta çäklendirmelerini gysyp gelýär.

Halkara walýuta fondunyň soňky hasabatyna görä, 2017-nji ýylda Türkmenistana daşary ýurtlardan 10 milliard dollarlyk haryt import edilen bolsa, 2018-nji ýylda bu 5 milliard dollara düşdi.

Ýerli media importa durýan harytlaryň ýerli önümçiliginiň ösdürilýändigini öňe sürýär. Ýöne, beýleki tarapdan, Türkmenistanda gara bazaryň döremegi bilen paýtagt Aşgabadyň hem-de welaýatlaryň ýaşaýjylary, hususan-da soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda esasy iýmit önümleriniň ýiti gytçylygyna we gymmatçylygyna duçar boldy.

2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanda ondan ozalky ýyllarda ilata mugt berilýän elektrik energiýasy, gaz, suw we beýleki ýeňillikler ýatyryldy.

XS
SM
MD
LG