Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Un we ýag tapmak nas satyn almakdan-da 'kyn'


Döwlet dükanyndan azyk satyn almak üçin nobata duran adamlar. Arhiwden alnan surat
Döwlet dükanyndan azyk satyn almak üçin nobata duran adamlar. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda azyk harytlarynyň gytçylygy we gymmatçylygy dowam edýär. Marynyň bazarlarynda azyk harytlarynyň bahasy gymmatlaýan mahaly, Lebabyň hususy söwda nokatlarynda arassalanmadyk ýerli pagta ýagynyň we unuň satuwy gadagan edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky we Lebapdaky habarçylary howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 19-njy noýabrda habar berdi.

Marydaky habarçy azyk harytlarynyň gymmatlamagynyň 14-nji noýabrdan göze ilip başlandygyny aýdyp, käbir önümleriň öňki we häzirki bahalary barada maglumat berdi.

“Etiň 1 kilogramy öň 24 manatdy, häzir 37 manatdan bahalanýar. ‘Oleýna’ günebakar ýagynyň 1 litri öň 15 manatdy, indi 20 manada deň. Daşary ýurtdan gelýän unuň ýokary sortunyň 1 kilogramy öň 10 manatdy, häzir 20 manatdan bahalanýar. Onuň pes sorty öň 7 manatdy, häzir 10 manada deň” diýip, maryly habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýerli unuň 1 kilogramyny öň 4 manatdan tapsa bolýardy, ýöne häzir 5,80 manatdan bahalanýar. Ýumurtganyň 1 sanysy öň 80 teňňedendi, häzir 1 manada deň. Öň 1,20 manatdan satylan öý ýumurtgasynyň häzirki bahasy 1,50 manada barabar.

Habarçy hususy söwdagärlere salgylanyp, azyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatlamagynyň dollaryň “gara bazardaky” nyrhy bilen düşündirdi.

Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy döwlet dükanlarynda tapdyrmaýan arassalanmadyk pagta ýagynyň we unuň indi hususy söwda nokatlarynda hem satylmaýandygyny aýdyp, şeýle diýdi:

“Türkmenistanda öndürilen arassalanmadyk pagta ýagy we un indi diňe döwlet dükanlarynda satylmaly edilipdir. Häzir bu önümler Lebabyň etraplaryndaky hususy dükan we bazar tekjelerinde aýryldy. Indi adamlar bu önümleri puluna-da tapman kösenýärler. Uny we ýagy tapmak satuwy gadagan edilen harytlary tapmakdan hem kyn. Sebäbi şu günler un, ýag tapdyrmaýan bolsa, nas näçe diýseň bar” diýip, lebaply habarçy gürrüň berdi.

Türkmenistanyň dürli regionlarynda azyk gytçylygy we gymmatçylygy baradaky nobatdaky habarlar, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarynyň şu ýylyň 10 aýynda jemi içerki önümiň 6,3% artandygyny yglan eden mahalyna gabat geldi.

Ýöne Goçmyrat Myradow 15-nji noýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňünde eden çykyşynda infilýasiýanyň derejesi we ýurt raýatlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady, şol sanda azyk kynçylyklary barada kelam söz aýtmady.

Türkmenistan iki ýyldan gowrak wagt bäri agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Ýurduň döwlet dükanlarynda azyk harytlarynyň ýetmezçiligi we gymmatçylygy, aýlyklaryň gijikdirilmegi hem-de olary nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklar dowam edýär.

Bu ykdysady kynçylyklaryň fonunda, türkmen prezidenti "raýatlaryň durmuş, ýaşaýyş derejesiniň indi has gowulanandygyny" aýdyp, ilata çärýek asyrlap mugt ýa-da ýeňillikli bahadan berlen gaz, suw we elektrik togy ýaly hyzmatlary-da şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan tölegli etdi.

Halkara walýuta fondunyň soňky beýanatyna görä, Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüşi gazanmaklyk bäsdeşligi hem-de manadyň konwertasiýa mümkinçiliklerini ösdürmegi talap edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG