Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda öndürilen dizel ýangyjy 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Mahaçgala geldi


Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy

“Balt Flot 15” himiki tankeri Türkmenistanda öndürilen dizel ýangyjy 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Orsýetiň günortasyndaky Mahaçgala şäherine getirildi diýip, rus mediasy habar berýär.

Tanker 25-nji dekabrda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjynyň 6 müň tonnadan gowragyny Dagystanyň Hazar deňziniň kenaryndaky portuna deňiz ýollary arkaly getirdi diýip, RIA Dagystan habar berýär.

Port häkimiýetleri Türkmenistandan aýda 40 müň tonna golaý nebit we dizel ýangyjyny almaga umyt baglaýarlar diýip, habarda aýdylýar. Şeýle-de, Türkmenistandan getirilýän ýangyjyň möçberini soňra aýda 100 müň tonna çenli artdyrmak niýet edilýär.

Bu iki ýurduň arasyndaky nebit we dizel söwdasy tehniki meseleler sebäpli togtadyldy, emma şu ýylyň başynda Dagystan häkimiýetleri bu meseläni çözdüler diýip, rus mediasy belleýär.

Türkmenistan 2016-njy ýylda Orsýet bilen aradaky baha dawalary üstünde kesilen gaz söwdasyny şu ýylyň tomsunda, täzeden baglaşylan şertnama esasynda dikeltdi, emma täze şertnamadaky gaz nyrhlary aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG