Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň ýarym harby güýçleri Bagdatdaky ABŞ ilçihanasynyň çäklerinden çekildi


Protestçiler Bagdatdaky ABŞ ilçihanasynyň çäklerinden çekilýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:07 0:00

Protestçiler Bagdatdaky ABŞ ilçihanasynyň çäklerinden çekilýär

Yragyň harbylary Eýrana tarapdar ýarym harby toparlaryň, märeke ilçihananyň howlusyna hüjüm edip, ABŞ häkimiýetleriniň bu sebite ýene ýüzlerçe esger ibermegine sebäp bolandan bir gün soň, ABŞ-nyň Bagdatdaky ilçihanasynyň töwereginden daşlaşdyrylandygyny aýdýarlar.

Yragyň ýaragly güýçleriniň 1-nji ýanwardaky beýanaty Halk jemleniş güýçleriniň birleşdiriji toparynyň öz tarapdarlaryny ol ýerden çykmaga çagyrmagynyň yz ýanyndan edildi.

Esasan şaýy milisiýa agzalaryndan düzülen birleşdiriji topar ABŞ-nyň ilçihanasynyň alkymynda gaharly protestleri gurnaýjylaryň öňbaşçylarynyň biri boldy. Bu protestler ABŞ-nyň hepde başynda Yrakda uran howa zarbalaryna gaýtawul hökmünde gurnaldy.

Toplanan adamlar “Amerika ölüm!” diýen şygara gygyrdylar we 31-nji dekabrda, ilçihananyň daşky çäklerine gelip ýetip, ol ýerde ot ýakdylar. Emma muňa garamazdan, olar ilçihananyň çägine girmediler.

Proteste gatnaşýanlaryň köpüsiniň “Kataib Hizbullah” ýa-da Hezbollah Brigadalarynyň, Eýran tarapyndan goldanylýan ýarym harby toparyň baýdaklaryny göterip gelendigi göründi.

Bu ýowuzlyk ilçihana desgasyny goraýan ABŞ goşunlarynyň gijesi bilen şol ýerde galan märekäni dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulanmagyna alyp geldi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 1-nji ýanwarda Yragyň premýer-ministri Adil Abdul-Mahdi bilen gürleşip, Bagdatdaky ilçihana binasyna hüjüm edilmegini “mümkin bolan iň berk şertlerde ýazgardy”.

Yrak hökümeti howpsuzlyk ýagdaýyny ýokarlandyrmak çärelerini gördi diýip, beýanatda aýdylýar.

Pompeo Yrak hökümetiniň amerikan diplomatik missiýasyna hüjüm edilmegine ýol bermezlik baradaky borçlaryny nygtady.

Bagdatdaky hökümet özüniň esasy ýaranlary bolan Eýran we Birleşen Ştatlar bilen arany bozmazlyk tagallasyny edýär.

ABŞ harbylary Yragyň ýaragly güýçlerine tälim berse, Eýran özüniň sebitdäki proksi güýçlerine ýardam berýär. "Kataib Hizbullah" tarapdarlarynyň Bagdatdaky berk goralýan ýaşyl zona ap-aňsat aralaşmagy bilen, bu toparyň regiondaky eýemsekligi görnetin boldy.

"Syýasy-harby fraksiýa öz erk-islegini her bir adamyň boýnuna dakdy we ähli kararlara beýemçilik etdi” diýip, Karnegi Ýakyn Gündogar merkeziniň analitigi Harith Hasan öz makalasynda aýtdy.

Döwlet departamenti, ABŞ resmileriniň bu bolan hadysa degişli jogabyny bermek tagallalarynyň çäginde, Pompeonyň Ukraina, Belarusa, Gazagystana, Özbegistana we Kipre planlaşdyran saparyny hem soňa goýandygyny yglan etdi.

Yrak protestçileri howa zarbalary sebäpli Bagdatdaky ABŞ ilçihanasyna zabt edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:59 0:00


Bagdatdaky ilçihana binasynyň daşynda dörän gapma-garşylyk Yrakda ABŞ güýçlerini nyşana alan iň elhenç märeke ýowuzlygy boldy. Şeýle-de bu 2012-nji ýylda Liwiýada, Bengazide ABŞ desgalaryna garşy edilen hüjümden bäri dünýäde ABŞ-nyň diplomatik desgasyna edilen iň erbet hüjüm boldy.Bengazi hüjüminde dört amerikan, şol sanda ilçi Christopher Stevens öldürildi.

Bagdat protestçileri ABŞ-nyň 29-njy dekabrda uran howa zarbalary sebäpli gahar-gazaba mündi, buzarbalar netijesinde Eýran tarapyndan goldanylýan milisiýa toparynyň azyndan 25 agzasy öldürildi. “Roýters” habar gullugynyň maglumatyna görä, öldürilenlerden başga, 12 milisiýa agzasy ýaradar boldy.

Birleşen Ştatlar bu howa zarbalarynyň bäş nyşana gönükdirilendigini, Kataib Hizbullah toparynyň ABŞ güýçleriniň ýerleşýän bazalaryna gaýta-gaýat eden hüjümlerine, şol sanda 27-nji dekabrda eden hüjümine jogap hökmünde urlandygyny aýtdy. 27-nji dekabr hüjüminde ABŞ-nyň bir goranyş işgäri öldürildi, ABŞ we Yrak harbylary ýaralandy.

Bagdatdaky ABŞ ilçihanasyhökümetiň Ýaşyl zolak diýip bilinýän berk goragly etrabynda ýerleşýär. Bu desga ozal raketa we minomýot nyşanalary bolupdy, emma ol ýere gelmek berk kontrollyk astynda saklanýardy.

Märekäniň bu desga 31-nji dekabrda eden başlangyç hüjüminden soň, ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esper Ýakyn gündogara goşmaça 750 esgeriň iberiljekdigini we gelýän günlerde goşunyň has-da köpeldiljekdigini aýtdy.

"Birleşen Ştatlar biziň adamlarymyzy we bähbitlerimizi olar dünýäniň haýsy bir künjeginde bolsa hem gorara” diýip, Esperiň beýanatynda aýdylýar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp şu aralykda ilçihana edilen hüjümde Eýrany günäledi. Emma soň ol žurnalistlere özüniň Eýran bilen uruş bolmagyny islemeýändigini aýtdy.

Eýranyň ýokary ruhany lideri 1-nji ýanwarda ABŞ-nyň howa zarbalaryny ýazgaryp çykyş etdi we bu ýurtdaky zorluklarda ABŞ-ny günäkärledi. Şeýle-de ol ABŞ-nyň bu hüjümi Eýran gurnady diýen aýyplamasyny ret etdi.

XS
SM
MD
LG