Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Erdogana Liwiýadaky ýagdaýlary “daşyndan gelenleriň” çylşyrymlaşdyrýandygyny aýtdy


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (sagda) we Liwiýanyň premýer-ministr Faýez Sarraj (arhiw suraty)
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (sagda) we Liwiýanyň premýer-ministr Faýez Sarraj (arhiw suraty)

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 2-nji ýanwarda türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen geçiren telefon söhbetleşliginde Liwiýadaky ýagdaýlary daşyndan gelenleriň çylşyrymlaşdyrýandygyny aýtdy.

Trampyň haýsy ýurtlary ýa-da toparlary göz öňünde tutandygy aýdyňlaşdyrylmady. Ak Tamyň bu baradaky beýanatynda hem hiç zat aýdylmady.

Telefon söhbetdeşliginden öň, türk kanunçykaryjylary adatdan daşary mejlisi geçirip, onda sesleriň 325-184 gatnaşygy bilen, türk harbylaryny Liwiýa ugratmak boýunça bir ýyl möhletlik mandady kabul etdiler.

Türk güýçleriniň Liwiýadaky konflikti möwjedip biljekdigi barada aladalar bar.

Hökümeti Tripolide ýerleşýän premýer-ministr Faýez Sarraj häkimiýet ugrunda General Khalifa Haftaryň ýolbaşçylygyndaky bäsdeş administrasiýa bilen söweşýär.

Generalyň Müsür, Birleşen Arap Emirlikleri we beýlekiler, şol sanda Russiýanyň hakyna tutma ýaraglylary tarapyndan hem goldanylýandygy aýdylýan güýçleri Tripolini ele geçirmek üçin aprelde hüjüme geçipdiler.

XS
SM
MD
LG