Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sibirdäki tussaglaryň gynalyşyny görkezýän wideodan soň derňew işi açyldy


Sibir türmesindäki tussaglar. Arhiw suraty
Sibir türmesindäki tussaglar. Arhiw suraty

Sirbirdäki deslapky tussaghanlaryň biriniň işgärleriniň tussaglary gynaýşyny görkezýän wideo peýda bolanyndan soň, rus prokurorlary derňew işini açdylar.

Prokurorlaryň pikiriçe, 2017-nji ýylda Kemerowadaky 4-nji tussag merkezinde düşürilen diýip bilinýän wideoda türme sakçylary kameralardan barlag üçin çykarylýan bendileri urýarlar.

Gulagu.net adam hukuklary portaly başda bu wideony 28-nji dekabrda, wideo paýlaşylýan gyzgyn liniýa arkaly özlerine iberilendigini aýdyp çap etdi.

Bu topar tussaghananyň tussagdan urlup-dykylan ýaly doldurylmagynyň üstüniň urlup-ýenjilemler, kemsitmeler we beýleki fiziki sütemler bilen ýetirilýändigini aýdýarlar.

Kemerowanyň baş prokurorynyň edarasy deňew işiniň açylandygyny 3-nji ýanwarda yglan etdi.

“Interfax” habar gullugy içerki derňewiň eýýäm geçirlendigini we “bu hadysa gatnaşygy bolan adamlaryň eýýäm berk disiplina jogapkärçiligine çekilendigini” habar berdi. Ýöne neşir bu disiplina çäresini anyklaşdyrman, geljekde şeýle zatlara ýol berilmezligi üçin görkezmeleriň çykarylandygyny aýtmak bilen çäklendi.

XS
SM
MD
LG