Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Galmak üçin gitmek. «Hökümet tranzitiniň» gazakça aýratynlygy


Gazagystanyň öňki prezidenti Nursultan Nazarbaýew özi tarapyndan goýlan Kasym-Žomart Tokaýewiň prezidentlige belleniş dabarasy geçjek zala girýär. Nur-Sultan, 2019-njy ýylyň 12-nji iýuny.

Birinji prezidentiň diri wagtyndaky ikinji prezident öňki ýolbaşçy tarapyndan taýýarlanan plan esasynda, hökümet başyna geldi. Hökümdarlygy bir ýolbaşçydan beýleki ýolbaşça bökdençsiz çalşyran «hökümet tranziti» geçip barýan ýylda halkara habar serişdeleriniň esasy temasyna öwrüldi. «Gazagystandaky hökümet çalşygy» diýen jümle bolsa häli-şindi ulanylýan media resursy boldy. Tas otuz ýyla golaý wagt içinde Merkezi Aziýada ilkinji gezek döwlet ýolbaşçy çalşyrylyp, Nursultan Nazarbaýewiň № 1 wezipesini onuň golaýyndaky adam eýeledi. Öňki garry ýolbaşçydan galan ýurdy täze prezident nähili kabul etdi?

HÖKÜMETI BERMEZDEN, WEZIPESINI BERDI

2019-njy ýylyň 19-njy marty, sişenbe agşamy. Ýurdy tas 30 ýyllap dolandyran adam döwlet telekanalynda çykyş edip, «özi üçin ýeňil bolmadyk karara gelendigini» aýdýar. 78 ýaşly Nursultan Nazarbaýew özünden prezidentlik ygtyýarlygyny aýyrýandygyny mälim edýär. Mundan öň köpler ýurduň ilkinji prezidenti goňşy Özbegistanda hem Türkmenistanda bolşy ýaly, fiziki taýdan mümkinçiligi bolýança öz wezipesinden aýrylmaz diýip çaklaýardylar, şonuň üçin bu täzeligi gaty geň kabul etdiler.

– Biz jenap Nazarbaýewiň wezipesinden çekilmegine 30 ýyl bäri garaşyp ýadaýdyk. Ol hökümetden çekilýänçä, biz ölüp gideris diýip oýlanýardyk. Şonuň üçinem şol gün mende gowulyga tarap özgerişlik bolar diýen umyt oýandy. Men özüni ruhubelent duýdum – diýip, 19-njy martda gazagystanly hukuk goraýjy Bahtyžan Töregožina aýdýar. Ol hökümetden garaşsyz «Ap.Ruh.Hak» guramasynyň ýolbaşçysydyr.

Şol günüň ertesi Gazagystanda hasap boýunça ikinji prezident peýda boldy. Kasym-Žomart Tokaýew köp ýyllap Nazarbaýewiň garamagynda işlän tejribeli diplomat, ol premýer-ministr boldy, ondan öň daşary işler ministridi, soňky ýyllarda parlamentiň Ýokarky öýüniň spikeri boldy. Ol kasam kabul etdi. Konstitusiýa laýyklykda prezident wezipesinden çekilen ýa ölen ýagdaýynda, hut senatyň spikeri prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji bolmaly. Birnäçe sagatlap senatyň başlygynyň boş galan kürsüsini eks-prezidentiň gyzy Dariga Nazarbaýewa eýeledi.

– Nazarbaýewiň biziň hemmämizi nobatdaky gezek aldandygy belli boldy. Il gözüne häkimiýeti berse-de, hakykatda ol ýerde galdy. Munuň bary mende agyr göwnüçökgünlik döretdi. Munuň özi utanç hem masgaraçylyk – diýip, Töregožina aýdýar.

Ýurt Nowruz baýramyna çykdy. Bu baýramçylykda täze prezident öz ilkinji permany bilen ýurduň paýtagty Astanany Nur-Sultan diýip üýtgetdi. Bu adamlarda garşylyk protestini döretdi, köpleri tussag etdiler.

Üç aý geçmänkä, ýurtda möhletinden öň prezidentlik saýlawlary geçdi, millet ilkinji gezek Nazarbaýewiň ady bolmadyk saýlaw býulletenini eline aldylar. Ýeňiji eks-prezidentiň görkezeni Tokaýew boldy. Öňki däp boýunça Gazagystanda saýlawyň adalatly geçendigi aýdyldy, ýöne OBSE synçylary saýlawyň açyk bolmandygyny, saýlawlarda köp sanly düzgüni bozmalaryň bardygyny aýtdylar. Öňkülerden tapawutlylykda bu saýlaw köp protestleriň fonunda geçdi, ses bermegi boýkot etmäge çagyryşlar boldy, soňra onuň resmi netijesini ykrar etmeli däl diýlen pikirler öňe sürüldi. IIM-niň resmi maglumatyna görä, ýurduň iň iri şäherleri Almaty hem Nur-Sultanda dört müň adamyň saklanandygy aýdyldy, müň çemesi adam jogapkärçilige çekilip, jerime tölemeli boldular ýa-da administratiw tussaglykda saklandylar.

Saýlawdan soň Tokaýew bilen Nazarbaýew bu işleriň planyny bir ýylda çekmändiklerini aýtdylar. Günbatar neşirine beren interwýusynda Tokaýew Nazarbaýewiň özüni mundan üç ýarym ýyl öň saýlandygyny, hut özüniň geljekki prezident bolmalydygyny aýtdy. Munuň hut şeýle bolmagyna saýlawçylaryň goldap-goldamajagy şübhe döremedimi diýlen sowala Tokaýew: «Men köçeden gelmedim ahyryn» diýip jogap berdi.

«Men köçeden gelmedim ahyryn». Tokaýew özüniň prezidentlige taýýarlanyşyny gürrüň berýär.

Iňlis dilindäki Eurasianet.org saýtynyň synçysy hem-de «Gara kölegeler: Gazagystanyň syrly dünýäsiniň içi» kitabyň awtory, ömrüniň soňky 15 ýylyny Gazagystanda ýaşan žurnalist Joanna Lillis pragmatik Nazarbaýewiň özüne oruntutar belläninde, öz howpsuzlygyny hem maşgalasynyň abatlygyny göz öňünde tutandygyny aýtdy, ýöne soňky ýagdaýlaryň «öňki gelnen plan boýunça gitmeýändigini-de» belledi.

– Munuň sebäbi, belki-de, ol hem onuň töweregindäkiler: «Muny halk halajakmy ýa-da ýok?» diýip, köpçülikden soramadylar. Halk bolsa oňa garşy çykyp başlady – diýip, Lillis belleýär. – Halk Kasym-Žomart Tokaýewiň garşysyna däl, eýsem özleriniň saýlamak hukugyndan mahrum edilenine garşy çykýar, olaryň esasy şygary «Meniň öz saýlajagym bar» diýen söz boldy.

«Ýewropanyň soňky diktatory» diýilýän, çärýek asyrdan gowrak wagt bäri Aleksandr Lukaşenko tarapyndan dolandyrylýan Belarusdan bolan syýasy synçy Ýuriý Drakahrust Gazagystandaky wezipe çalşygy barada öz garaýşyny aýdyp, «nähilidir bir tüweleýiň» bardygyny belledi.

– Gazagystanda öňki prezidentlik saýlawlary geçende, Nazarbaýew mydama buludyň deňindäki sanlary (90%-den ýokary) gazanýardy, muňa ýurtda üns beren bolmazdy. Indi Tokaýew prezidentlik saýlawlarynda, edil Putin ýaly «diktator» derejesindäki (70%-den aşak) sesi gazandy, ýurtda bolsa köpçülikleýin protestler emele geldi – diýip, ol synçy Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugyna aýdýar. – Nazarbaýew ýurdy diňe öz elinde saklapdy, kimiň hökümdardygyny hemme bilýärdi. Indi täze düzgün girizilende, şeýleräk tüweleý emele gelýär. Eger muňa Nazarbaýewiň garaýşy boýunça seredilse, bu ýerde belli gapma-garşylyk bar; ol bir tarapdan, häkimiýeti bermezden, hamana hökümeti berdi, beýleki tarapdan, ol wezipäni eýelän adam «jylawy» elinde berk saklamalydy. Ýöne meniň pikirimçe, soňraky bolýan köpçülikleýin protestlere seredilende, Tokaýewiň «jylawy» elinde saklap bilmeýändigi üçin, Nazarbaýewde uly şübhe döreden bolsa gerek.

NAZARBAÝEWIŇ «AGALYK EDIJI GERIMI»

«Gazagystandaky hökümet çalşygy» diýen jümle 2019-njy ýylda rus dilli mediada iň köp ulanylan söz bolup, onuň «protest» sözi bilen deňeçerräk gelýändigini rus bilermenleri aýdýarlar. «Nazarbaýewiň wezipeden çekilmegi» diýilýän tema «Ýandeks» gözleglerini ulanyjylaryň iň köp üns beren ýokary onlugyna giripdir.

– Merkezi Aziýada hökümeti başga birine geçirmegiň dürli tejribeleri bar, olaryň şowly ýa-da däldigi hakda jedel edip bolar. Özbegistanyň hem Türkmenistanyň tejribesi bar. Gyrgyz tejribesi hem bar – bizde häzir 5-nji prezident – diýip, Gyrgyzystanyň öňki premýer-ministri Temir Saryýew aýdýar (dördünji prezident Almazbek Atambaýew häzir korrupsiýada aýyplanyp, gorag astynda saklanýar). – Özbegistanyň, Türkmenistanyň hem Gyrgyzystanyň tejribelerini Gazagystan nazarda tutup, hökümeti ýumşak hem howsuz ýagdaýda elden ele geçirdi. Iň esasy zat – bu öňden ýola goýlan syýasaty üpjün edýär.

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursultan Nazarbaýew hem onuň öz ýerine goýany Kasym-Žomart Tokaýew paýtagtda geçýän ykdysady foruma barýarlar. 2019-njy ýylyň 16-njy maýy.
Gazagystanyň öňki prezidenti Nursultan Nazarbaýew hem onuň öz ýerine goýany Kasym-Žomart Tokaýew paýtagtda geçýän ykdysady foruma barýarlar. 2019-njy ýylyň 16-njy maýy.

Gazagystandaky «hökümet tranzit» özboluşlylyga eýe: Nazarbaýew prezidentlik wezipesinden çekilse-de, örän köp ygtyýarlyklary, döwlet apparatyny dolandyrmagy öz elinde saklaýar.

Nazarbaýewiň wezipeden çekilmegi bilen sosial ulgamda, diňe Gazagystanda prezidentlik wezipeden gidip, ýokary çekilip bolýar diýen degişme peýda boldy. Nazarbaýew Howpsuzlyk geňeşiniň – ýurtdaky iň täsirli organyň ömürlik ýolbaşçysy bolup galdy, indi häzirki saýlanan prezidente iň möhüm döwlet wezipelerine bellenjek adam barada onuň razylygyny almak gerek. Ol şeýle hem ýurtda agalyk ediji «Nur Otan» syýasy partiýanyň ýolbaşçysydyr, hut şol partiýa Tokaýewiň kandidaturasyny ýokary göterdi (prezidentlik wezipesine öz-özüňi teklip etmek instituty 2018-nji ýylda ýatyrylyp, hut şol ýyl hem Howpsuzlyk geňeşi döredilipdi).

– Eks-prezident Nazarbaýew Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde baş orunda oturýar, ýurduň häzirki prezidenti Tokaýew bolsa ol geňeşiň beýleki agzalarynyň hatarynda. Elbetde, gep kimiň nirede we kimiň arasynda oturanynda däl, eýsem prezidentiň kadrlar we wezipe meselesinde, hökman oňa maslahat salmaly bolýanlygynda. Kadrlar bolsa bar zady çözýär – bu ähli döwürler üçin ret edip bolmajak kanun. Nazarbaýew «Nur Otan» partiýasynyň hem başlygy bolup galdy, ol partiýa formal taýdan ýurtdaky syýasy maslahat býurosy saýylýar, Tokaýew bolsa başlygyň hatda orunbasary-da däl, diňe agzasy. Munuň özi ahyrky netijede Nazarbaýewiň döwlet başynda galandygyny, hatda ýurduň prezidentiniň üstündenem agalyk edýändigini aňladýar. Şol wagtyň özünde olaryň ikisi-de Gazagystanda iki häkimiýetliligiň ýokdugyny aýdýarlar – diýip, žurnalist Joanna Lillis belleýär.

Hökümetde-de, oppozisiýada-da bolup gören 72 ýaşly Petr Swoik «jemgyýetçilik ynamynyň maslahaty» diýilýän, diňe maslahat ediji guramanyň dekabr aýynda geçen ýygnagyna salgylanyp, ýurduň häzirki prezidentiniň aşa seresaply hereket edýändigini aýtdy. Ol maslahat beriji gurama Kasym-Žomart Tokaýewiň inisiatiwasy bilen dawaly saýlawdan soň döredilipdi. Şol maslahatda Tokaýew aýry-aýry kanun aktlaryny ýeňilleşdirilmegiň zerurdygyny aýtdy hem parahatçylykly mitingler – üýşmeleňler üçin täze kanunyň işlenmegini teklip etdi.

– Tokaýewiň çykyşy örän eserdeň hem seresaply boldy, ol wagtyndan öň saýlawlar geçirmek, häkimiýetdäki wezipeleri bölüşmek, saýlaw sistemasyndaky ýalan üýtgetmeleri aradan aýyrmak barada ýeke söz hem aýtmady. Ýöne onuň teklipleriniň ählisi peýdaly, başgaça aýdylanda, öňden garaşylýan zerurlykdy. Ahyrky netijede ondan ýurduň syýasy sistemasynda hiç zat üýtgetmeýär – diýip, Petr Swoik aýdýar.

Tokaýewiň wadalary hem aktiwistleriň pikirleri:

Joanna Lillis bolsa Tokaýewiň hökümetiniň «häzirlikçe ejizdigini» aýdýar, Nazarbaýewiň hökümeti welin «güýçlüdi». Şonuň üçinem aram kanunlar kabul ediläýende-de, munuň özi Konstitusiýanyň baş deklorasiýasy ýaly bir formallyk bolar. Konstitusiýada Gazagystan – demokratik döwlet diýlip görkezilýär.

Gazagystanda «hökümet tranzitiniň» entek başlanmandygyny, munuň diňe «ýarym tranzitdigini» Swoik belleýär. Şoňa meňzeş pikiri Gazagystanyň beýleki syýasy bilermenleri-de aýdyp, hakyky «hökümet tranzitiniň» Nazarbaýew ýurduň syýasy arenasyndan doly çekilenden soň başlanjakdygyny öňe sürýärler.

Öňki prezident Nursultan Nazarbaýew ýurduň içki syýasatyna örän aktiw gatnaşýar. Meselem, awgust aýynda ol parlamente möhletinden öň saýlawlar geçirilmez diýdi, ýogsam bolmasa möhletinden öň saýlaw geçirmek çäresi häzirki prezidentiň wezipesi. Mundan daşary ol ýurduň daşarky işlerinde-de Gazagystana wekilçilik edýär, Nazarbaýew Ýaponiýanyň täze imperatorynyň täç geýdiriliş dabarasyna gatnaşdy hem Tokioda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen duşuşyk geçirdi. Bakuwda geçen türki döwletleriň özara hyzmatdaşlyk Maslahatynyň sammitine gatnaşdy, soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň Daşkentde geçen duşuşygyna bardy, dekabrda bolsa Peterburgda geçen Ýewreaziýa Ýokary ykdysady komissiýasynyň maslahatynda wekilçilik etdi.

Merkezi Aziýanyň syýasy ýagdaýyna syn edýän Günbataryň mediasy Gazagystanyň «Nazarbaýewiň döwleti» bolup galýandygyny belleýär, sebäbi öňki prezident özüni hakyky prezident derejesinde alyp barýar. «Ol prezident hökmünde gepleýär hem prezident derejesindäki hukuga eýelik edýär» diýip belleýärler. Bu sebitdäki uly ýurduň hökümet ýolbaşçysynyň çalşygy «diňe kagyz ýüzünde bolup geçdi», hakykat ýüzünde Gazagystanyň hojaýyny eks-prezident Nazarbaýew bolup galdy diýip, Günbatar neşirleri ýazýar.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG