Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda eli çeper adamlar öz harytlaryny Internet arkaly satmagy öwrenýärler


Sary-Kamyş aýlagyndaky eli çeperler

Kara-Kulža raýonynyň Sary-Kamyş aýlagynda eli çeper adamlar döreden zatlaryny Internetiň üsti bilen satmagy öwrenýärler. Olar tikinçilik edýärler, dokma dokaýarlar, keşde gaýaýarlar.

Olaryň bu işi ýola goýmagy BMG-niň «Gyrgyzystanyň oba ýerlerindäki aýallaryň mümkinçiliklerini hem ykdysady hukuklaryny giňeltmek» maksatnamasy esasynda amala aşyrylýar. Maksatnama 2014-nji ýyldan işe girizilipdi.

Aýžarkyn Zaýnabidin kyzy indi üçünji gün amaly sungatyň gysga wagtlyk kursuna gatnaşýar. Ol häzir noutbuklar üçin goýun derisinden daşlyk gap tikmegiň üstünde işleýär. Munuň daşyndan ol öz taýýarlan harytlaryny Internetiň üsti bilen satmagy öwrenýär.

Tikinçi Aýžarkyn Zaýnabidin kyzy.
Tikinçi Aýžarkyn Zaýnabidin kyzy.

– Men bu okuwyň ilkinji gününde noutbuklar üçin daşlyk tikmegi öwrenip başladym. Bu gün meniň şol işiň üstündäki üçünji günüm, ol eýýäm taýýar diýen ýaly. Öň zamanlarda garry mamalarymyz bir zat tikenlerinde, onuň ýanynda oturyp, olaryň işini öwrenerdik. Indi biz bu işleri nähilidir täze usullar bilen öwrenýäris. Görüp otursak, pul diýleni biziň aýagymyzyň alnynda eken, ony diňe almagy başarmaly. Muny biz öň bilmändiris, goýun derisini mal soýlandan soň, ýakyp ýok ederdik – diýip, Aýžarkyn aýdýar.

Haly dokamagy aýallar deňi 51 ýaly oba ýaşaýjysy Erkin Aýdaraliýew hem öwrenýär. Soňky 20 ýylyň dowamynda ol dürli geýim-eşikler hem possun tikmek bilen meşgullanýar.

Erkin Aýdaraliýew.
Erkin Aýdaraliýew.

– Häzir men haly dokamagy, ýüplükleri saýlamagy, olary dogry çitmegi öwrenýän. Meniň özüm egin-eşigi köp ýyldan bäri tikip gelýän, keşde-de gaýap bilýän. Meselem, egnimdäki kemzolymy özüm tikdim. Eger ukybyňy hem ünsüňi bir ýere jemläp bilseň, islendik hünäri öwrenmek mümkin. Adamda höwes hem işlemäge gaýrat bolsa, her bir zatda üstünlige ýetmek kyn däl – diýip, Erkin düşündirýär.

Gülbaýra Sarytaýewa bolsa gysga wagt içinde çagalar üçin çaban – nagyşly don tikmegi öwrenendigini hem Internetiň üsti bilen oňa hyrydar tapandygyny aýdýar.

– Mundan öň biz mydama Kara-Suun bazarynda söwda edýänlere ýüz tutup, harydymyzy ýerleýärdik ýa-da müşderiler bilen öňünden gürleşip, harydmyzy Nokkata ýa Uzgene iberýärdik. Indi bolsa bize harydymyzy Internetde satmagy öwretdiler. Munuň üçin harydyňy surata düşürip, ol suraty-da Internetde goýmak ýeterlik. Gerekli adam derrew jaň edip başlaýar. Her hili örtükleri, çagalaryň nagyşly donlaryny soraýarlar. Näçe harydymyzyň bardygyny, biziň täze tabşyryk alyp biljekdigimizi soraýarlar. Biz şeýdip Internetiň üstünden işläp başladyk – diýip, ol iş usulyny düşündirýär.

BMG tarapyndan öňe sürlen «Gyrgyzystanyň oba ýerlerindäki aýallaryň mümkinçiliklerini hem ykdysady hukuklaryny giňeltmek» maksatnamasy dört gurama tarapyndan bilelikde amala aşyrylýar. Bu maksatnama 2014-nji ýylda Gyrgyzystanyň Naryn, Çuý, Oş, Jalal-Abat hem Batken welaýatlarynda başlandy. Ol maksatnamanyň çäginde ukyply adamlar amaly haşam babatynda öz ussatlygyny, harydyň biçimi hem ýaraşyga getirmek, ony ýerlemek usullaryny başgalar bilen paýlaşýarlar.

Milli hünärleri ösdürmek Fondunyň eksperti Dinara Çoçunbaýewa ýaş nesliň keşde gaýamak, tara dokamak ýaly köne hünärleri unudýandygyny aýdýar.

Dinara Çoçunbaýewa.
Dinara Çoçunbaýewa.

– Ýaşlardan käbiri asyl ik bükdürmegiň nämedigini bilmeýän bolsa nädersiň, onuň nähili edilýänini bilýänem bolsa, ol işi hiç haçan gözi bilen görmändir. Ol işlere öwrenişdirmek hem häzirki zaman bazarynyň ýagdaýyny bilmekleri üçin, biz şu maksatnamanyň çäginde ussat halypalary çagyrýarys, bazar işlerini guraýan bilermenlerden haryt ýerlemek üçin maslahat alýarys. Biz diňe bir täze zatlary taýýarlamak bilen çäklenmän, ony ýüzugra surata düşürmegi hem soňra Internetde goýmagy öwrenýäris. Biz bäş günüň dowamynda oba adamlaryna bazar şertlerini, haryda alyjy tapmagy öwredýäris. Oba adamlary maýylgan günlerinde meýdanda işleseler-de, gyşda öýde oturmaly bolýarlar ahyryn. Biziň bu öwredýänlerimiz bolsa, olara öýden çykman işlemäge, hatda oturan ýerinden harydyny satmaga mümkinçilik döredýär.

El işlerini öwrenijilik sapagy
El işlerini öwrenijilik sapagy

Kara-Kulža raýonynyň Sary-Kamyş obasyndaky amaly sungat ussatlygy merkezinde häzir 20 çemesi ýaşaýjy gatnaşýar.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG