Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda bir aýaly öldürmekde güman edilýän türkmenistanly tussag edildi


Belarusyň MInsk şäherindäki Swisloç derýasynda içinde adamyň bedeniniň bölekleri bolan sumka tapyldy.
Belarusyň MInsk şäherindäki Swisloç derýasynda içinde adamyň bedeniniň bölekleri bolan sumka tapyldy.

Belarusyň häkimiýetleri 37 ýaşyndaky bir aýaly öldürmekde güman edilýän daşary ýurt raýatyny tussag etdiler. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň ýurt içindäki çeşmeleri, şol sanda Telegram kanallaryň ikisi tussag edilen şübheliniň Türkmenistanyň raýatydygyny anyklady.

Belarusyň Içeri işler ministrliginiň 6-njy ýanwarda çap eden maglumatynda 26 ýaşly şübheliniň Witebskde tussag edilendigi we onuň öldürilen aýaly öňden tanaýandygy habar berildi.

“Güman edilýäniň daşary ýurtlydygy anyklandy. Mundan öň ol jenaýat jogapkärçiligine çekilmändir. Ölen aýal bilen wagtlaýyn bilelikde ýaşapdyr” diýlip, habarda aýdylýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň ýurt içindäki çeşmeleri, şeýle-de "Nexta" we "Paparator" Telegram kanallary tussag edilen şübheliniň Türkmenistanyň raýatydygyny tassyklaýarlar.

Azatlyk Radiosynda onuň şahsyýeti we haýsy ýokary okuw jaýynda okaýandygy barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, derňewiň dowam edýändigi sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosyna şübheliniň şahsyýeti baradaky maglumaty Belarusyň Içeri işler ministrligine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Bu barada Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasyndan hem kommentariý alyp bolmady.

Minskiň ýerine ýetiriji komitetiniň Içeri işler boýunça merkezi müdirliginiň Jenaýaty agtaryş bölüminiň başlygy Sergeý Ýakubeliň aýtmagyna görä, derňewçiler tussag edileniň şahsyýetini bir günden hem az wagtyň dowamynda anykladylar.

“Ähli faktlary we ýagdaýlary deňeşdirmek üçin yhlasly iş alyp baryldy. Tussag edileniň sözüne görä, 28-nji dekabrda onuň we kwartiranyň eýesiniň arasynda konflikt döredi. Munuň netijesinde adam kwartiranyň 37 ýaşyndaky eýesini bogup öldürdi” diýip, Ýakubel Belarusyň Içeri işler ministrliginiň websaýtynda 6-njy ýanwarda çap edilen çykyşynda aýtdy.

Häzirki wagt ähli ýagdaýlary anyklamak üçin ekspertizalar geçirilýär. Waka bilen ilteşikli adamlaryň dogan-garyndaşlaryny we şaýatlary soraga çekmek dowam edýär.

Bu waka barada Belarus metbugat serişdeleri ilkinji gezek 3-nji ýanwarda habar berdiler.

Şonda ont.by neşiri Belarusyň Içeri işler ministrliginiň resmi wekili Olga Çemodanowanyň Telegram kanalynda beren maglumatyna salgylanyp, Swisloç derýasynda içinde adamyň bedeniniň bölekleri bolan sumkanyň tapylandygyny mälim etdi.

“Minskiň kommunal gullugynyň işgärleri Swisloç derýasynda arassalaýyş işlerini geçirýän mahaly sumkany tapdylar. Olar içinde adamyň bedeniniň bölekleri bolan sumkany suwdan çykarýarlar we şondan soňra polisiýa habar berýärler” diýlip, habarda aýdylypdy.

Belarus türkmenistanlylaryň ýokary bilim almak ýa-da zähmet migrasiýasyna gitmek üçin saýlap alýan esasy ýurtlarynyň hatarynda agzalýar.

Geçen ýylyň sentýabrynda Tut.By neşiri Belarusyň döwlet uniwersitetine okuwa giren türkmenistanly studentleriň sanynyň ortaça bäş esse ýokarlanandygyny habar berdi.

Şol aýyň ikinji ýarymynda Belarusyň döwlet statistika gullugy 2018-nji ýylyň dowamynda 4 müňden gowrak türkmen raýatynyň Belarusa göçüp barandygyny mälim etdi.

Munuň bilen bir wagtda, Belarusyň media serişdelerinde türkmenistanlylar, şeýle-de eklenç üçin bikanun işlere, şol sanda altyn gaçakçylygyna ýüz urýan türkmen raýatlary barada häli-şindi habarlar peýda bolýar.

Geçen ýylyň noýabrynda Belarusda iki aýlyk bäbegini öldürmekde sud edilen Türkmenistanyň raýaty Ýyldyz Haýdarowa 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Mart aýynda bolsa, Belarusyň Gomel şäherinde 19 ýaşly türkmenistanly studentiň kireýne alyp ýaşaýan jaýynyň eýesini pyçaklandygy barada habarlar peýda bolupdy.

Türkmen metbugaty ýurt raýatlarynyň daşary döwletlerde düşýän agyr ýagdaýlary barada maglumat bermeýär. Bu barada türkmen häkimiýetleri hem dymýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG