Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda iki aýlyk bäbegini öldürmekde aýyplanýan türkmenistanly zenana 12 ýyl kesildi


Ýyldyz Haýdarowa. Tut.by neşirinden alnan surat.
Ýyldyz Haýdarowa. Tut.by neşirinden alnan surat.

Belarusda iki aýlyk bäbegini öldürmekde aýyplanyp, sud edilýän Türkmenistanyň raýaty 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Bu barada Belarusyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.

Brestcity.com neşiriniň maglumatyna görä, Brestiň regional sudy bu baradaky hökümi 31-nji oktýabrda çykardy. Ýöne bu karar heniz güýje girmedi we bu barada şikaýat bilen ýüz tutulyp bilner.

“Sud bu baradaky hökümi yglan etdi we ýurduň Jenaýat kodeksiniň 139-njy maddasynyň Ikinji punktunyň 2-nji bölegine laýyklykda, 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi barada karar çykardy. Bu tussaglyk möhleti umumy režimiň düzediş koloniýasynda geçer” diýip, neşir Brestiň regional sudunyň ýolbaşçysynyň kömekçisi Snežana Grişkewiçiň sözlerini sitirleýär.

23-nji oktýabrda Brestiň regional sudunyň 29 ýaşly türkmenistanly Ýyldyz Haýdarowa garşy gozgalan jenaýat işi boýunça diňlenişigi dowam etdirýändigi mälim boldy. 8-nji oktýabrda Belarusyň Derňew komiteti Brestde çaganyň öldürilmegi bilen bagly jenaýat işiň derňewiniň tamamlanandygyny habar beripdi.

Belarusyň Tut.by neşiriniň 23-nji oktýabrda çap eden maglumatyna görä, türkmenistanly zenan öz çagasynyň ölümine tötänligiň sebäp bolandygyny, özüniň bolsa jogapkärçilikden gorkup, onuň jesedini gizländigini aýdypdyr.

Sudda Ýyldyz gyzynyň heläk bolmagynda özüni günäli hasap edýändigini aýtdy, emma ony öldürmek islemändigini nygtady: "Men özümiň aklanmagymy ýa-da boşadylmagymy islemeýärin. Men günäkär. Men oňa ömür bermedim. (...) Men munuň bilen ýaşap bijek däl we islämok" diýip, Tut.by neşiri ýazypdy we türkmenistanly zenanyň özüne "kanuna görä berk jeza berilmegini" sorandygyny habar beripdi.

Neşiriň maglumatynda çaganyň pajygaly tötänligiň netijesinde wepat bolandygyna derňew we prokuratura işgärleriniň ynanmaýandygy, çaganyň demigip ölendigi hem aýdylypdy.

Derňewde anyklanylmagyna görä, Haýdarowanyň 17-nji martda, wagtyndan öň gyz bäbegi bolýar. Ene we çaga 10-njy maýda bäbekhanadan çykarylýar. Emma ene, borjuny berjaý etmezlik üçin, tanşynyň kwartirasynda çaganyň dem alyş ýollaryny ýapýar we ol ölýär. Soňra ol çaganyň jesedini Muhowets derýasynyň kenarynda gizleýär.

Metbugat maglumatlarynda aýdylmagyna görä, Haýdarowa Türkmenistanyň gündogarynda, köp çagaly maşgalada kemala gelipdir. Ol Breste ilkinji gezek 2012-nji ýylda baryp, Brestiň döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt diller fakultetine giripdir. Bäş ýyldan soň ol okuwyny tamamlap, öz ýurduna dolanypdyr. Aşgabatda zenan syýahatçylyk şereketinde gid-terjimeçi bolup işläpdir. Başda kireýe alnan jaýda öz joralary bilen ýaşapdyr. Soňra öz halaşýany Röwşeniň jaýyna göçüp barypdyr we gysga wagtda birinji gezek göwreli bolupdyr.

Şol çaga dünýä inmändir, sebäbi ýaşlar çaganyň bolmazlygyny karar edipdirler diýip, neşir belleýär we 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda zenanyň ikinji gezek göwreli bolandygyny, emma halaşýanynyň bu çagany hem islemändigini ýazýar.

2019-njy ýylyň martynda Belarusda nemes dili kursuna ýazylyp, umumy ýaşaýyş jaýynda hasaba durandygy aýdylýan Haýdarowa şu ýylyň maý aýynda, özüniň iki aýlyk gyzynyň jesedi tapylandan soň, Brest şäherinde tussag edilipdi. Şonda zenana garşy jenaýat işi gozgalypdy.

Brest regionynyň Içeri işler bölüminiň resmi websaýtynda 16-njy maýda çap bolan maglumata görä, iki aýlyk çaganyň jesedi çaga dogurylýan keselhanadan berlen habaryň esasynda we operatiw-gözleg işleriniň netijesinde Muhowets derýasynyň kenarynda tapylypdyr.

Türkmen zenanyň we onuň çagasynyň ykbaly barada Türkmenistanyň media serişdelerinde häzirlikçe maglumat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG