Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabat şäher häkimligi onlarça awiatorlar maşgalasyny köçä kowýar


Kosmonawtlar bulwaryndaky (öňki № 2013 köçe) 263-nji umumy ýaşaýyş jaýynda awiatorlar maşgalalary ýerleşýär. Ol jaý “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň baş edarasynyň ýanynda.

“Türkmenhowaýollary” milli awiakompaniýanyň işgärleriniň aýtmagyna görä, Aşgabat şäher häkimligi olaryň maşgalalaryny köçä çykarýar. Kosmonawtlar bulwarynyň (öňki № 2013 köçe) 263-nji umumy jaýynyň ýaşaýjylary 6-njy ýanwarda Azatlyk Radiosyna ýüz tutdular. Bu köçe “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň bir aerodromyna baryp sepleşýär. Indi Aşgabat häkimliginiň pikirine görä, ol ýerden alleýa döretmeli. Şol jaýlaryň ýykyljakdygy baradaky habary Azatlyk Radiosy geçen ýylyň tomsunda mälim edipdi.

Ol umumy ýatak jaýynyň ýykylmagy netijesinde milli awiakompaniýanyň işgärlerinden 47 maşgala öýsüz galýar.

“Bize kömek gerek, islendik kömek, iň bolmanda biziň ýagdaýymyzy köpçülige ýetirmäge. Biz “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň işgärleri Kosmonawtlar bulwaryndaky 263-njy jaýda, öňki “Laçyn” myhmanhanasyndan döredilen umumy ýatak jaýynda maşgala bolup ýaşaýarys. Biz ol ýerde 47 maşgala, biziň ählimiz diýen ýaly “Türkmenhowaýollarynyň” işgärleri. Biziň aramyzda uçar sürüjileri -lýotçikler, ýolagçylara hyzmat edijiler, awia-tehnikler, awiasiýa hyzmatynyň howpsuzlygyny üpjün edijiler hem beýlekiler bar. Biz häzir örän agyr ýagdaýa düşdük” diýip, ol jaýyň ýaşaýjylary ýazýar.

“Türkmenhowaýollary” edarasynyň işgärleriniň maşgalalary ýaşaýan jaýyny boşatmak barada duýduryş aldylar.
“Türkmenhowaýollary” edarasynyň işgärleriniň maşgalalary ýaşaýan jaýyny boşatmak barada duýduryş aldylar.


Aýdylyşyna görä, ýaşaýjylary jaýdan çaltrak çykarmak üçin, olara işden boşatmak haýbaty atylýar, berilýän elektrik togy, suw hem ýyladyş ulgamy eýýäm kesilipdir, ýöne bu gyşyň içinde nirä gitjek. Ýaşaýjylar taýýar iýmitler bilen oňňut edýärler.

Ýaşaýjylaryň ýollan hatynda aýdyşlaryna görä, bu jaýy ýykyp aýyrmak Aşgabadyň häkimi Şamuhammet Durdulyýewiň buýrugyna laýyklykda amala aşyrylýar.

“Owal başda biz ýalňyşyp, bu çärä begenipdiris. Bizi “Parahat-7” etrapçasynda gurulýan täze jaýlara göçürerler diýdik. Biziň respublikamyzyň ýolbaşçysy Aşgabat şäheriniň häkimine täze gurlan “Parahat-7” etrapçasyndaky jaýlara ýaşaýjylary göçürmek barada buýruk berendigini biz ýerli habarlarda öz gözümiz bilen gördük. Ýöne biz ol buýrugyň umumy ýatak jaýlarynda ýaşaýanlara degişli bolmajagyny bilmändiris. 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda, bize “Türkmenhowaýollary” edarasyndan ýörite duýduryş berlip, ýaşaýan jaýlarymyzy hökman boşatmalydygymyzy aýtdylar. Bu biziň Täze ýyl “sowgadymyz” boldy” diýip, ol ýüzlenmede aýdylýar.

Olar özlerine “Türkmenhowaýollary” edarasynyň ýaşamak üçin başga bir jaý bermekden ýüz öwürýändiklerini, häzirki ýaşaýan otaglaryny bolsa meýletin ýagdaýda boşatmagy talap edýändiklerini hem aýdýarlar.

Bu dörän ýagdaýda olaryň ýüzbe-ýüz bolýan beýleki kynçylyklary barada takyk bilmek isläp, umumy ýatak jaýynda ýaşaýan maşgalalar bilen aragatnaşyk açmaga synanyşdyk, ýöne biziň synanyşygymyz netijesiz tamamlandy. Şeýle hem bu ýagdaý hakda Aşgabat şäher häkimliginden, “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň baş edarasyndan konnemtariýa alyp bolmady. Ýogsam bolmasa, ol baş edara şol umumy ýatak jaýynyň ýanynda ýerleşýär.

Aşgabatdaky şol jaýyň ýykyljakdygy baradaky habary Azatlyk Radiosy 2019-njy ýylyň iýul aýynda habar beripdi.

Şonda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabadyň halkara aeroportuna golaýlykdaky sebitiň ýaşaýjylarynyň jaýlarynyň ýykyljakdygy barada duýduryş alandyklaryny habar beripdi. Ýöne ol wagtda gürrüň ýüzlerçe jaý däl-de, onlarça jaý hakda bolupdy. Ol ýykyljak jaýlar Atamyrat Nyýazow, şeýle hem 2013-nji köçä (Kosmonawtlar bulwary), Ýaşyl Tug, A.Amanow köçelerine degişli diýilýär.

Biziň habarçymyzyň aýtmagyna görä, şonda ýaşaýjylar göçmek meselesi barada ýerli häkimleriň özleri bilen gepleşmek islemeýändiklerinden arz edipdiler.

Aşgabadyň daş-töweregindäki jaýlary ýykmak ideýasy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi, ol ýurduň paýtagtynyň Aşgabat-citi bolmagyny isleýär.

Azatlykda bar bolan maglumata görä, köp milliardlap dollara durýan ol gurluşygy daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda “Buig” (Bouygues Batiment International) kompaniýasy alyp barar.

Berdimuhamedowyň ýurdy dolandyrýan ýyllarynda Aşgabat şäherinde hem ýerlerde onlarça müň jaý ýykyldy. Paýtagtdaky mundan öňki köpçülikleýin jaý ýykyşlygy 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryndan öňinçä bolupdy. Şonda müňlerçe maşgala jaýsyz galdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG