Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serhetçi: owganystanlylar Termiziň aragyny Haýraton köprüsi arkaly daşaýarlar


Illýustrasiýa suraty

Özbegistany Owganystan bilen baglanyşdyrýan Haýraton köprüsinden şu ýylyň 3-nji ýanwarynda geçen 300 awtomobilden 100 sanysy Mazary-Şerife gaýdanlarynda arak alyp gidipdir.

Bu barada 6-njy ýanwar güni Azatlyk Radiosyna habar beren Özbegistanyň Serhet goşunlary bölüminiň gullukçysy Owganystana daşalýan aragyň mukdaryny kesgitlemek üçin, diňe bir günüň maglumatyny berdi.

Serhet gullukçysy bu barada Azatlyga habar bermeginiň sebäbini owganlylaryň arak daşamagynyň artýandygy bilen düşündirdi.

Rugsat edilýän aragy daşaýjylar

Howpsuzlyk sebäpli adynyň gizlin galmagyny haýyş eden serhetçiniň sözüne görä, Özbegistana girmek üçin köp gezeklik wiza (multiple visa) alýan owgan raýatlary ýeňil awtoulaglar bilen serhetde oturan Termiz şäherine gelýärler, bu ýerden arak satyn alyp, şol günüň özünde yzyna gaýdýarlar.

3-nji ýanwarda agşam sagat 18-e çenli Owganystandan Özbegistana 300 maşyn girdi. Olardan 200 çemesi ýük maşynlary, 100 sany hem ýeňil maşynlar. Ýeňil maşyndakylaryň ählisi 3-nji ýanwar güni yzyna gaýdyp geçdiler. Ýeňil maşyndakylardan 90%-i öz ýanlary bilen arak alyp gitdiler. Olarda multiple wizasy bardygy üçin, günde 2 ýa 3 gezek arak alyp gidýärler. Bu ýerde aragy 40 müň sumdan (takmynan $4) alyp, köprüden geçen ýerinde (Owganystanda) 30 dollardan satýarlar – diýip, serhetçi aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Özbegistandan getirilen 1 litrlik aragyň Kabuldaky gara bazarda 90-100 dollar aralygynda satylýanyny görendigini aýdýar.

Özbegistanyň gümrük gullugy serhet gözegçiliginden pyýada geçýänleriň her birine 2 litr arak-likýor geçirmäge rugsat edýär we munuň üçin salgyt alynmaýar.

Özbegistanyň serhet goşunlary bölüminiň gullukçysynyň aýtmagyna görä, Özbegistana girip, soňra Owganystana gaýdýan her bir maşynda adatça sürüjiden daşary ýene 4 adam bolup, olaryň her biri rugsat edilen mukdardaky aragy öz ýanlary bilen alyp gidýärler, ýagny olar Özbegistanyň kanunlaryny bozmaýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysynyň aýtmagyna görä, Owganystan Yslam respublikasy bolany üçin, ýurda alkogolly içgileri getirmek we olary ýaýratmak gadagan.

– Kim arak getirse ýa-da içse, Owganystanyň jeza kanunyna görä, ol dardan asylýar – diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Özbegistanyň serhet goşunlary bölüminiň gullukçysynyň sözüne görä, arak alyp ötmek bilen meşgullanýan owganlylar “öz atlaryna firma açyp, şol firmanyň üsti bilen multiple wizasyny” edinýärler.

Öňler multiple wizasy ýokdy, araçäkden esasan uly ýük maşynlary gatnaýardy. Bir günde 200 ýük maşyny dürli şahsy-hususy işler bilen gelip geçýärdi. Indi multiple wizasy ýola goýlansoň, torbaly arak daşaýjylar peýda bolup, biziň işimizem kynlaşdy, maşynlaryň gatnawy köpeldi. Serhet agşam sagat 18-de ýapylsa-da, biziň hat-ýazuw işlerimiz sagat 21-e çenli dowam edýär – diýip, serhetçi aýdýar.

Onuň sözüne görä, turizmi ösdürmek maksady bilen döredilen köp gezek ulanyp bolýan wiza “arak daşaýjylary köpeldip, serhetçileriň işini agyrlaşdyrdy”.

Serhetçiniň pikirine görä, Özbegistandan aragyň daşalmagy Owganystandan ‘gaçak’ ýoly bilen getirilýän altynyň, neşe maddalarynyň hem ‘hapa’ pullaryň kontrabandasyny ösdürýär. Serhetçi öz sözüne delil hökmünde, jenaýat işine çekilenler baradaky mysallary Azatlyk Radiosyna mälim etdi.

Serhetde saklanan "gaçak" serişdeler
Serhetde saklanan "gaçak" serişdeler

Arak kontrabandasy

Azatlygyň habarçysynyň aýtmagyna görä, Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatynda (merkezi Mazary-Şerif şäheri), Özbegistandan arak alyp gelmäge ýöriteleşen toparlar bar.

–Olar öz maşynlarynyň içinde arak ýygşyrar ýaly ýörite ýerler edipdirler. Aýratynam benzin bakyň içine arak salýarlar. Esasy barlag neşe maddalaryna degişli bolansoň, olara aragy ýygşyrmak tehniki taýdan onçakly kyn däl – diýip, ol aýdýar.

Onuň sözüne görä, Owganystanyň gara bazaryndaky arak-wino harytlary esasan Özbegistandan hem Täjigistandan kontrabanda ýoly bilen geçirilýän harytlardyr.

– Mazary-Şerifde arak-çakyr arzan. Kontrabanda ýoly bilen getirilen Termiz aragynyň 13 dollardan satylýan wagty hem bolýar. Ýöne Kabulda welin aragyň nyrhy 100 amerikan dollaryna barýar – diýip, habarçymyz belleýär.

Özbegistanyň serhet goşunlary bölüminiň gullukçysynyň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, arak kontrabandasynyň derejesi umumylykda mälim däl. Onuň sözüne görä, her bir awtoulagda bar bolan alkogolly çüýşeleri takyk bilýän tehnika ýok. Serhetdäki itler bolsa narkotiki maddalary aýan etmek üçin taýýarlanan.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG