Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak sudy türmä basylan žurnalisti aklap, ondan ötünç sorady


 Amangeldi Batyrbekow sudda.
Amangeldi Batyrbekow sudda.

Gazagystanyň günortasyndaky Türkistan şäheriniň sudy žurnalist Amangeldi Batyrbekowy aklady, ol sentýabrda töhmet aýyplamalary esasynda iki ýyl üç aý türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Türkistan regional sudunyň sudýasy Taubai Kadyrbaýew 9-njy ýanwarda Batyrbekowyň şikaýat arzasyny kabul etdi we onuň derhal tussaghanadan boşadylmagy barada karar çykardy. Şeýle-de sudýa žurnalistden “döwletiň we suduň adyndan” ötünç sorady.

Batyrbekow suduň jaýyndan azat adam bolup çykdy we onuň goldawçylary “Uzak ýaşa, adalat!” diýip gygyrdylar.

Saryagaş şähär sudy 23-nji sentýabrda Batyrbekowy ýerli magaryf resmisi Bagtyýar Abdiýewi feýsbukda “Kelesdäki kelesaňlyk” diýen at bilen çap edilen makalada masgaralamakda we onuň mertebesine degmekde günäli tapdy we şol günüň özünde türmä basmak hökümini çykardy.

Batyrbekow özüniň jenaýat edendigi barada aýdylýanlary ret etdi.

XS
SM
MD
LG