Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanyň bölüniji Abhaziýa sebitiniň parlamenti separatist lideriň işden çekilmegine çagyrýar


Demonastrasiýaçylar de-fakto prezident dolandyryşynyň ýerleşýän binasyna zabt edýär.
Demonastrasiýaçylar de-fakto prezident dolandyryşynyň ýerleşýän binasyna zabt edýär.

Gürjüstanyň bölüniji Abhaziýa sebitiniň oppozisiýa aktiwistleri bölüji lider Raul Khajimbanyň işden çekilmegini talap etmeklerini dowam etdirýärler.

Aktiwistler 10-njy ýanwarda tapgyr ikinji gün Khajimbanyň edarasynyň öňünde toplandylar we onuň işden çekilmgi üçin basyşlaryny dowam etdirmek wadasyny berdiler.

Gürjüstanyň bölüniji Abhaziýa sebitiniň de-fakto parlamenti bi rün öň regionyň separatist lideri Raul Khajimbanyň wezipesinden çekilmegine çagyrdy.

9-njy ýanwarda çap edilen kararda, özüni kanun çykaryjy atlandyran wekilleri bu çäräni “jemgyýetiň mundan aňryk durnuksylaşdyrylmagynyň öňüni almak maksady” bilen düşündirdiler. Olar soň “ýetirilen zyýanyň yzyndan ýetip bolmajakdygyny” öňe sürdüler.

Orsýetiň “Interfaks” habar gullugy ses berişlikden soň Khajimba salgylanyp, onuň “Men wizipämde galýaryn we öz konstitusion borçlarymy ýerine ýetirýärin” diýendigini habar berdi.

Şol gün irden demonastrasiýaçylar de-fakto prezident dolandyryşynyň ýerleşýän binasyna zabt edip, separatist lideriň işden çekilmegini talap etdiler.

AÝ/AR-nyň regiondaky habarçysy onlarça protestçiniň binanyň içine urup girendigini, ýüzlerçe adam daşardan “Khajimba, güm bol-da git!” diýip gygyrýan wagtynda birinji gatdaky äpişge aýnalarynyň tas ählisiniň döwlendigini aýtdy.

Khadjimba bu hadysanyň bolan wagty binanyň içinde bolan däldir öýdülýär.

Protestçiler ilki regionyň de-fakto Ýokary sudunyň binasynyň öňünde toplandylar.

XS
SM
MD
LG