Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan möhüm üç syýasy wakanyň alnynda


Täjik paýtagty Duşenbäniň köçeleriniň biri. Arhiw suraty

Oktýabr aýynda Täjigistanyň ýaşaýjylarynyň ýanyna elleri desse-desse kagyzly adamlar gelip, hojalykda näçe adamyň ýaşaýandygyny hem-de olaryň emlägine degişli maglumaty hasaba alarlar. Beýleki möhüm syýasy çäre ondan sähel soňrak, noýabr aýynda bolup, ýaşaýjylaryň ýanyna ýene eli kagyzly adamlar geler. Bu gezek olar ilaty prezidentlik saýlawlaryna çagyrarlar.

Täjigistanda 1-nji oktýabrdan 15-nji oktýabr aralygynda ilat ýazuwy geçiriler. Ol Täjigistany geljekki ýyllar üçin dolandyrmagyň strategiki planyny taýýarlamakda, iň möhüm hem zerur çäre hasap edilýär.

Geljekki ýedi ýyl üçin täze prezidenti saýlamak hem möhüm syýasy waka. Iň ýakyn golaýda, ýagny şu ýylyň mart aýynda parlamente saýlawlar geçiriler. Şeýlelikde, Täjigistanyň ilatyna üstümizdäki ýylda ýurduň ýakyn ýyllardaky ýagdaýyny kesgitlejek üç möhüm syýasy waka garaşýar.

Emomali Rahmon häkimiýetde galarmy?

Bularyň arasynda möhümi prezidentlik saýlawlary saýylyp, ýurduň içinde bu hakda dürli gürrüňler dowam edýär. Olaryň arasynda döwlet ýolbaşçysy Emomali Rahmon öz prezidentlik ygtyýarlygyny bes edip, ony oruntutaryna geçirjekmiş diýen gürrüňem bar. 67 ýaşa ýeten Emomali Rahmon 32 ýaşly ogly Rustam Emomala öz kürsüsini berjekmiş diýen çaklamalar ýygy-ýygydan eşidilýär.

Täjigistanyň Sosial-demokratik partiýasynyň lideri Rahmatillo Zoirow prezidentiň geçen ýylyň 26-njy dekabrynda parlamente ýollan ýüzlenmesine salgylanyp, ony syýasy «wesýetnama» hasaplaýar, onuň pikirine görä, Emomali Rahmon 2020-njy ýylda nobatdaky prezidentlik saýlawlarynda öz kandidaturasyny goýmaz.

Emomali Rahmon
Emomali Rahmon

Ýöne Emomali Rahmon parlamente ýüzlenmesinde hökümetiň geljek 7 ýyl üçin programmasyny öňe sürüpdi. Täjik ýuristi hem bilermeni Şokirjon Hakimow E. Rahmonyň geljekde-de prezident boljagyna hiç bir şübhäniň ýokdugyny aýdýar. Ol 3-nji ýanwarda Azatlyk Radiosy bilen gürleşende: “Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, ýagny Gyrgyzystandan başgasynyň liderleri soňky demine çenli hökümetiň başynda boldular. Şonuň üçinem men Emomali Rahmonyň näçe mümkin bolsa, şonça gezek saýlawlara gatnaşjakdygyna ynanýan, islendik şert bilen mümkin bolsa-da, ol häkimiýet başynda galar. Hökümetiň golaýyna diňe öz ýakynlary hem çagalaryndan başgany getirmez” diýip, ol aýdýar.

Marat Mamadşoýew
Marat Mamadşoýew

Täjik žurnalisti Marat Mamadşoýew hem şeýle pikirde. Ol: «Nobatdaky gezekde-de Emomali Rahmon häkimiýet başynda galar» diýýär.

Beýleki bir täjik eksperti Abdumalik Kodirow Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: «Geljekki saýlawlarda Emomali Rahmon öz kandidaturasyny goýarmy ýa goýmaz diýen çaklama köp, ýöne bir zat aýdyň; Rahmon häkimiýeti öz maşgalasyndan başga hiç kime bermez. Olaryň arasynda-da iň öňe saýlanýany Rustam Emomali bolup durýar».

Emomali Rahmon Täjigistany 1992-nji ýylyň noýabryndan bäri dolandyryp gelýär. Soňky ýyllarda ol ynsan hukuklaryny çäklendirmekde, azatlygy gysmakda hem syýasy opponentlerini basyp ýatyrmakda köp tankyt edilýär. Syýasy bilermen Abdugani Mamadazimowyň pikirine görä, ýurtda geçiriljek prezidentlik saýlawlary barada häzirden gürrüň etmek gaty ir. Ol 3-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna: “Biz häzir diňe ýetip gelýän parlament saýlawlary barada gürrüň edip bileris, parlamente geçen saýlawlaryň netijesinde, prezidentlik saýlawlarynyň nähili boljakdygyny çaklamak mümkin” diýip, ol belleýär.

Saýlawlar nähili geçer?

Hakykatdanam, Täjigistanyň nobatdaky ilkinji syýasy meselesi 1-nji martda parlamente geçjek saýlawlar bolup durýar. Emomali Rahmon ýurduň parlamentine ýollan ýüzlenmesinde, saýlawlaryň geçirilişine hiç bir adamyň päsgel bermeli däldigini talap etdi, saýlawlar açyk hem demokratik esasda geçmelidir diýdi. «Saýlaw komissiýasynyň işine goşulyşmak gadagan edilýär, muňa degişli guramalar diňe kanun boýunça öz üstlerine alan borçlaryny berjaý etmelidirler» diýlip, ýüzlenmede nygtalýar.

Şokirjon Hakimow
Şokirjon Hakimow

Bilermenler bu aýdylýanlaryň hakykatda amala aşjagyna şübhe bildirýärler. Sebäbi şeýle talapy olar öňki saýlawlar geçirilende-de eşidipdiler, ýöne netije başgaça bolupdy. Parlament saýlawlaryna öň bir gezek gatnaşyp gören Şokirjon Hakimow şeýle diýýär: «Konstitusiýanyň kepili bolup duran ýurduň prezidentiniň saýlawlary adalatly hem erkin geçirmeli diýip öňe süren ilkinji beýanaty bu däl. Kanun goraýjy guramalar hem ýerlerdäki resmiler prezidentiň adyna duwlanyp, ýurdy dolandyrýan Halk Demokratik partiýasyna daýanyp, saýlawlaryň geçişine aç-açan goşulyşýarlar».

Onuň pikirine görä, eger hökümet hakykatdanam erkin hem demokratik saýlawlary geçirmek isleýän bolsa, owaly bilen öňki saýlawlaryň işine goşulyşanlara çäre görmeli hem geljekki saýlawlara kontrollygy güýçlendirmeli.

«Syýasy köppikirlilikde demokatlaşma»

Häzirki parlamentiň deputatlarynyň aglaba köpüsi Täjigistanyň Halk Demokratik partiýasynyň agzalarydyr. Ol partiýa ýurduň prezidenti baştutanlyk edýär. Sosial, Demokratik hem Agrar partiýalardan, şeýle hem Ykdysady reformalar partiýasyndan az sanly wekil saýlanyp, olar “jübi” deputatlary hasaplanýar.

Abdumalik Kodirow
Abdumalik Kodirow

Abdumalik Kodirow Wekiller öýüniň aşakky palatasynda azda-kände üýtgeşikligiň boljakdygyny belleýär, ýöne parlamente saýlanjak «oppozisiýadaky partiýalar» diýilýänlerden saýlanjaklaryň köpüsiniň «oýnatgy» boljakdygyny, diňe ýurtda syýasy plýuralizmiň - köppikirliligiň «bardygyny» görkezmek üçin saýlanýandygyny öňe sürýär. Hakykat ýüzünde bolsa olaryň hiç biriniň hökümet düzgüniniň tassyklan çäginden çykyp bilmejegini aýdýar.

Marat Mamadşoýew hem «Hökümet parlamentiň işinde nähilidir bir üýtgeşiklik isleýändir diýip, men pikir edemok, beýle boljagyna biz hiç bir alamatam göremizok. Häzirki hökümetiň syýasatyny üýtgetmek üçin, ýa jemgyýet tarapyndan, ýa onuň daşyndan örän güýçli basyş gerek. Beýle talapy bolsa men göremok» diýýär.

«Nähili bolýanda-da, düýpli özgerişlik bolmaz»

Täjigistanda häzire çenli geçen saýlawlaryň hiç birine halkara synçylary tarapyndan erkin geçirildi hem halkara saýlaw kadalaryna mynasyp boldy diýlip baha berilmedi.

Abdugani Mamadazimow
Abdugani Mamadazimow

Abdugani Mamadazimowyň sözüne görä «özüniň 30 ýyllyk garaşsyzlygyna taýýarlanýan Täjigistandaky häzirki jemgyýet erkin hem açyk saýlawlary isleýär». «Häzir Täjigistanda 7 partiýa hereket edýär, olaryň ählisi-de dünýewi, hiç biri Täjigistanyň döwlet gurluşyna garşy gitmeýär. Olaryň haýsy biri saýlawlarda ýeňiş gazanaýanda-da, ýurduň syýasy düzgüninde hiç bir üýtgeşme bolmaz. Belki-de, ýurduň sosial-ykdysady durmuşynda azda-kände üýtgeşme bolar» diýip, ol hasap edýär.

Täjigistanda 2015-nji ýyla çenli Yslam täzeden döreýiş partiýasy hereket edipdi, ol häzirki ýurdy dolandyrýan hökümetiň baş oppozisiýasy hasaplanýardy. Olaryň parlamentde wekilleri bardy. Ýöne Abduhalim Nazarzodanyň gozgalaňyndan soň, hökümetler Yslam täzeden döreýiş partiýasyny şol pitnä gatnaşyjy diýip görkezdi hem ol partiýany terroristik gurama hasaplady. Partiýanyň ýolbaşçylary öz atlaryna aýdylan ähli aýyplamany düýp-göter ret etdiler hem-de Yslam täzeden döreýiş partiýasyny ýurduň syýasy arenasyndan düşürmek üçin, hiç bir esassyz öňe sürlen bahana atlandyrdylar. Ol partiýanyň ýolbaşçylary häzir syýasy başpena alyp, Ýewropada gizlenýärler.

Banklar, migrantlar...

Ykdysady kynçylyklaryň fonunda çözülmeýän iki syýasy mesele durýar. Ýurduň ilatynyň sosial-ykdysady ýagdaýynyň gowulaşmaýan döwründe, hökümetlerde ol meseläni çözmäge şert hem, güýjem ýok. Banklara bolan ynam örän pes derejede, zähmet migrantlary Täjigistana iberýän pullaryny belli derejede azaltdylar. Işewür toparlar bolsa salgytlaryň köp dürlüliginden hem beýleki barlaglardan närazy bolýarlar.

Beýleki bir tarapdan, goňşy Owganystandaky ýagdaý durnukly däl. Şonuň üçin ýurduň içinde bar bolan dini ekstremistik toparlar täjik hökümetini köp alada goýýar. Şol ýagdaýlar bilen baglanyşykly Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň geçiren sorag-jogaplarynda, analitikler hem bilermenler Täjigistanyň sosial hem syýasy durmuşynda düýpli özgerişe garaşmaýandygyny aýdýarlar.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG