Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň täze şekili. Onda Yslam Kerimowyň keşbi bolarmy?


Özbegistanyň ilkinji prezidenti Islam Kerimowyň ýadygärligi.

Özbegistan özüniň reformalar ýoluna düşendigini Günbatara ynandyrmak üçin, habar serişdeleriniň giň çäkdäki kompaniýasyna başlatdy. Şeýle-de bolsa, Şawkat Mirziýaýewiň administrasiýasynyň köne tejribelerden ara açmaga jan çekýändigine garamazdan, ölenine üç ýyldan gowrak wagt geçen Yslam Kerimowyň kölegesi entegem ýurduň üstünden aýrylanok.

Siz ýakyn aýlaryň dowamynda Özbegistanyň paýtagtyna barsaňyz, megerem, üç möhüm ýagdaý barada eşidersiňiz.

Çinownikleriň özara gürrüňine üns berseňiz ýa-da täzeliklere tomaşa etseňiz, soňky üç ýylda ýurduň güýçli özgerendigini aýdýarlar.

Geçen ýylyň aýagynda parlament saýlawlaryndan öňinçä bäsdeşleriň arasynda gurnalan teleçekişme barada hem eşidersiňiz. Mundan üç ýyl öň beýle gepleşikleri göz öňüne getirmek gaty kyn bolardy. (Ýöne oppozisiýadaky adamlaryň saýlawlara gatnaşdyrylmadygy barada aýdylmazlygy mümkin.)

Soňky üç ýylda ýowuz senzuranyň gowşandygyny, käbir erkin metbugatyň peýda bolanyny hökman aýdarlar. (Ýöne käbir agentlikler, şol sanda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň žurnalistleri akkreditasiýa alyp bilmeýändiklerini ýa-da Daşkentde býuro açmaga rugsat berilmeýändigini, olaryň entegem senzura bilen ýüzbe-ýüz bolup, saýtlarynyň baglanýandygyny aýdýarlar.)

Soňky üýtgeşmeleriň ýurdy 27 ýyllap demir penjesinde saklap gelen awtoritar lider Yslam Kerimowyň mundan üç ýyl öň aradan çykmagy bilen gös-göni baglanyşyklydygyny-da aýtmasalar gerek.

Mundan üç ýyl öň ýurduň şol wagtky premýer-ministri Şawkat Miziýaýew Kerimowy öz dogduk şäheri Samarkantda jaýlamak çärelerine ýolbaşçylyk edipdi.

Prezidentlik wezipesini eýeläp, döwlet baştutany bolan Mirziýaýew Kerimowyň ölüminiň bir ýyllygy bilen baglanyşykly hatyra kompleksine zyýarat etdi hem noýabr aýynda Merkezi Aziýanyň dört döwletiniň ýolbaşçylaryny çagyryp, halypasynyň mazaryna gül desselerini goýdular.

Samarkantda Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew Yslam Kerimowyň guburyna gül goýmaga barýar. 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabry.
Samarkantda Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew Yslam Kerimowyň guburyna gül goýmaga barýar. 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabry.

Däp üçin edilýän şol çärelerden soň, Daşkentdäki çinownikler ýurdy reformalaşdyrmak hakda, ýagny Kerimowdan miras galan ýagdaýy aradan aýyrmak barada aýdyp başladylar.

Mirziýaýewiň öňki metbugat-sekretary, häzirki Informasiýa we köpçülikleýin kommunikasiýa agentliginiň ýolbaşçysy Azatlygyň Özbek gullugy bilen gürleşende, has açyk boldy.

«Elbetde, öňki döwür bilen häzirki döwrüň arasyndaky tapawut örän uly – diýip, Komil Allamžonow aýtdy hem Mirziýaýewe ýakynlygyny ýaşyrjak bolmady. Allamžonowyň orunbasary prezidentiň gyzy Saida Mirziýaýewa bolup durýar. – Ýöne ölen adamy tankytlamak biziň däbimize gelişmeýär, başga bir adama hormat etsegem, ony-da açyk aýdyp durmaýarys. Elbetde, munuň özi olary deňeşdirdigimiz däl» diýip, ol belledi.

«Onuň belli usuly bardy – diýip, Allamžanow sözüniň üstüni ýetirdi. – Onuň döwründe gaty köp mesele – kynçylyklar toplandy. Hakykatdanam ol meseleler köpdi, indi olary çözmek biziň prezidentimiz Mirziýaýewiň üstüne düşýär. Ol bolsa bulary häzir çözýär.»

Kerimowyň höküm süren çärýek asyrynyň dowamynda, adamlary türmä basmak, gynamak, başgaça pikir edýänleri basyp ýatyrmak düzgüni emele gelipdi.

2005-nji ýylda Kerimowyň howpsuzlyk güýçleri Andijan şäherinde bolan protestleri rehimsiz basyp ýatyrdy, ýurduň gündogaryndaky ol şäherde ýüzlerçe adam öldi. Özbegistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmet dowam etdi, pagta ýygymynda çaga güýjünden peýdalandylar. Munuň netijesinde, Günbataryň kompaniýalary özbek pagtasyny satyn almakdan ýüz öwürdi.

Häzir Özbegistan daşary ýurt inwestorlaryny ýurda çekmek işini örän aktiw alyp barýar. Kerimowyň ölüminden soň reformalar çäreleriniň yglan edilmegi daşary ýurt maýadarlaryny begendirdi.

Esasan syýasy sebäpler bilen türmä basylan 50 çemesi adam azatlyga çykaryldy. Daşkent pagta ýygymy döwründe mejbury zähmetiň ulanyşyny azaltmak barada köp alada edýär.

Geçen ýylyň fewralynda Miziýaýew Informasiýa we köpçülikleýin kommunikasiýa agentligini döredip, oňa Allamžonowy ýolbaşçy belledi. Görnüşinden ol ynamy ödeýäne meňzeýär.

Geçen ýylyň dekabrynda The Economist žurnaly Özbegistany 12 aýyň jemleri boýunça gazanan «üstünlikleri» üçin, «ýylyň ýurdy» diýip atlandyrdy. CNN kanaly bolsa bu ýurtda Orta asyrlaryň arhitektura ýadygärlikleriň öwşün atyp durany üçin, 2020-nji ýylda turistleriň esasy barjak ýurdy bolar diýip kesgitledi.

Şohi Zinda ýadygärlikler kompleksi, Samarkant, 2019-njy ýylyň 29-njy noýabry.
Şohi Zinda ýadygärlikler kompleksi, Samarkant, 2019-njy ýylyň 29-njy noýabry.

Ýöne birnäçe hukuk goraýjy guramalar bu ykrar edilmeleriň wagtyndan ir aýdylýandygyny duýdurýarlar.

Ynsan hukuklary boýunça Özbek-nemes fondunyň direktory Umida Niýazowa saýlawlardan öň şol täzelikleri reforma «dekorasiýasy» diýip atlandyrdy hem düzgüniň hakyky syýasy oppozisiýa päsgelçilik döredýändigini aýtdy.

Özbegistanda gynamalara garşy kanun bardygyna garamazdan, türmelerde tussaglara garşy ýowuz çäreleriň ulanylýandygy hakda habarlar gowuşýar. Entegem syýasy tussaglaryň bardygy, olaryň sanynyň müňlerçe bolmagynyň mümkindigi aýdylýar.

«Köne endikler örän kynlyk bilen aradan aýrylýar. Howpsuzlyk gullugy entegem güýçli täsirini saklaýana meňzeýär, şonuň üçin hökümet demokratlaşyp bilmeýär» diýip, Merkezi Aziýa boýunça ekspert hem hukuk goraýjy Stiw Swerdlou aýdýar.

«Jemgyýetçilik gözi bilen seredilende, Kerimowyň ýörelgesine salgylanýan işler az däl, ýöne ol öz ady bilen aýdylmaýar. Şol wagtda Kerimowyň ýörelgesinden dynylmak ugrunda gytaklaýyn häsiýetde edilýän işlerem köp ýa-da onuň hereketini ýaşyryn ýigrenýärler, ýöne iş ýüzünde adam hukuklarynyň bozulýandygy barada açyk aýtmak meýilleri ýok» diýip, Swerdlou belleýär.

Mirziýaýewiň administrasiýasynda işleýänleriň köpüsi, şol sanda prezidentiň özi hem Kerimowyň häkimliginiň berkleşmegi üçin, köp hyzmat edipdiler. Häzirki syýasy partiýa prezidentiň alyp barýan ugruny goldaýas diýse-de, öz wagtynda Kerimowy goldapdy.

«Adolat» partiýasynyň ýolbaşçysy Nariman Umarow 2015-nji ýylda geçen prezidentlik saýlawlarynda iň beýik wezipä öz kandidaturasyny goýsa-da, gytaklaýyn ýagdaýda Kerimowyň kandidaturasyny goldapdy. Ol Azatlyk Radiosyna Özbegistanda dowam edýän ýagdaýy suratlandyranda, öňki prezidenti tankyt etmekden ýüz öwürdi, ýöne ýurtda «köp meseläniň» dörändigini aýtdy.

Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow ýurduň Garaşsyzlyk baýramynda tans edýär. Onuň sag gapdalynda ýurduň premýer-ministri Şawkat Mirziýaýew. Daşkent, 2007-nji ýylyň 31-nji awgusty.
Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow ýurduň Garaşsyzlyk baýramynda tans edýär. Onuň sag gapdalynda ýurduň premýer-ministri Şawkat Mirziýaýew. Daşkent, 2007-nji ýylyň 31-nji awgusty.

Mirziýaýew öňki prezident administrasiýasyndan birnäçe ýolbaşçyny işden boşatdy, aýtmaklaryna görä olar häzirki prezidente howp abandyrypdyr, beýleki birnäçesini aklady, üçünji birlerini bolsa jogapkärçilige çekdirdi. Örän täsirli şahs Rustam Inoýatowy Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy wezipesinden boşatsa-da, öz maslahatçysy hökmünde saklap galdy. Onuň bu hereketine «öňki ýüzüni goramak» diýip düşündiler.

Mirziýaýew Milli gwardiýany döretdi. Bu gwardiýanyň alyp barjak işi täze administrasiýanyň Kerimowyň jemgyýetçilik närazylygyny basyp ýatyryjy güýçlerinden näçe derejede daşdygyny ýa-da ýakyndygyny görkezer. Geçen ýylyň dekabr aýynda Özbegistanda tebigy gazyň hem elektrik energiýasynyň ýetmezligi ýerlerde protest aksiýalarynyň döremegine getirdi. Daşkent muňa garşy güýç ulanmady, diňe ýerlerdäki çinownikleri günäledi. Ýöne kommunal hyzmatlaryň ýokarlanmagyndan, närazylyk alamatlarynyň döremegini häkimiýetler basyp ýatyrýarlar.

Daşkendiň hem Samarkandyň ýaşaýjylaryndan käbirleri Azatlyga ýazýan hatlarynda, Kerimowyň döwrüni küýseýändiklerini aýdýarlar, sebäbi soňky üç ýylda bahalar aşa gymmatlady, aýlyklaryň derejesi bolsa öňküligine dur.

«Aýdylýan reforma entek synagdan geçenok, mesele şonda – diýip, Waşingtondaky Russiýany hem Ýewraziýany öwreniş Karnegi merkeziniň uly ylmy işgäri Pol Stronski aýdýar. — [Hökman bir zatlar] bolup geçer, muny hökümet tiz nazara almaly bolar. Şonda siz olaryň köne metodlara daýanýandygyny ýa-da öz täze usullaryna daýanjakdygyny görersiňiz.»

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG