Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow suwdan peýdalanmagyň "çäklendirilen möçberlerini" tassyklady


Suwuň “çäklendirilen möçberiniň” mukdary barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklady.

Resmi maglumata görä, bu Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda, ýurduň suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak maksady bilen kabul edilipdir.

Şol bir wagtda, suwuň “çäklendirilen möçberiniň” mukdary barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Berdimuhamedow "raýatlaryň durmuş, ýaşaýyş derejesiniň indi has gowulanandygyny" aýdyp, ilata çärýek asyrlap mugt ýa-da ýeňillikli bahadan berlen gaz, suw we elektrik togy ýaly hyzmatlary geçen ýylyň başyndan tölegli etdi.

Şondan bäri ýurt resmileri bu hyzmatlaryň tölegleriniň öz wagtynda geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirdiler. Tölegleri öz wagtynda tölemedik raýatlaryň işiniň kazyýete geçiriljekdigi hem duýduryldy.

Soňky aýlarda Azatlyk Radiosy ýurduň dürli künjeginde tölegleri öz wagtynda töläp bilmedik hojalyklaryň elektrik togunyň, gazynyň kesilendigi barada ençeme gezek habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG