Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylar köpçülikleýin häsiýetde tebiplerden, palçylardan, porhanlardan we ş.m-lerden haraý gözläp başlady


Illýustrasiýa suraty. Palçy.

90-njy ýyllaryň aýaklarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň göwnüçökgünlikden we depresiýadan ejir çekýän raýatlary köpçülikleýin häsiýetde mollalardan, ahunlardan, palçylardan, ekstrasenslerden we porhanlardan haraý gözläp başlady diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji ýanwarda Aşgabatdan habar berdi.

Ol il içinde barha tanalýan bilgiçler barada maglumat berdi:

“Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garawul obasynda Aba ahun bar. Ony köp adam bilýär. Onuň howlusynda ýüzläp adam ençeme günläp nobata garaşýar. 30-njy etrapçadan gidýän mikro awtobus göni onuň öýüne barýar. Ähli welaýatlardan adamlar oňa gelýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatyna görä, Aşgabatda Aýnabat atly köşüli bir palça-da gyzyklanma bar. “Adamlar oňa-da geljegi bilmek üçin barýarlar” diýip, habarçy belledi.

Ol Hakberdi ahun diýilýän ýene-de bir meşhur bilgiç barada maglumat berdi. Onuň maglumatlaryna görä, Aba ahun bilen Hakberdi ahun diýilýänler Eýranda medresede okapdyrlar.

Habarçy bilgiçleriň hatarynda howpsuzlyk gulluklaryna işleýän adamlaryň bardygy barada giňden gürrüň edilýändigini aýtdy. Azatlyk bu maglumatlary garaşsyz çeşmeleriň üsti bilen tassykladyp bilmedi.

Azatlyk Radiosy Aba, Hakberdi we Aýnabat diýilýän bilgiçleriň özlerinden hem bu maglumatlar boýunça kommentariýa alyp bilmedi.

“Döwlet çuň ykdysady krizise sezewar boldy. Häkimiýetlerden problemalaryň çözgüdine bil baglamaýan adamlar primitiw ýollar arkaly öz problemalaryna özleri çözgüt tapmaga synanyşýar” diýip, habarçy aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde, bu ýagdaý bir topar şarlatanlaryň, kezzap-aldawçylaryň hem-de barypýatan hilegärleriň döremegine getirdi. “Adamlar olaryň kömegine ýüz tutmak üçin birnäçe günläp nobata garaşýar” diýip, habarçy Aşgabatdan maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, adamlar palçy we porhanlardan haraý tapmak üçin ýüzlerçe kilometr ýol söküp, müňlerçe manat harçlaýarlar.

“Olara ýüz tutýanlaryň hatarynda örän köp ýokary wezipeli emeldarlar hem-de täsirli adamlar hem bar” diýip, habarçy sözüne goşdy.

Onuň öwrenen maglumatlaryna görä, tebip-mollalara, palçy-porhanlara ýüz tutýan raýatlaryň problemalary dürli-dürlüdir.

“Meselem, olara çiş keselleri bilen ýüz tutýanlar bar, özlerini terk eden adamsyny yzyna dolamak üçin ýüz tutýan aýallar bar”

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri ýurtda dowam edýän ykdysady krizisiň öz problemalaryna çykalga gözleýän raýatlary palçylara we tebiplere ýüz tutmaga mejbur edýändigini aýdýarlar.

Beýleki tarapdan, Türkmenistanda halk tebipçiligi resmi taýdan hem wagyz edilýär. Ýatlasak, mundan ozal, 2018-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi döwlet metbugatynyň üsti bilen ýurt raýatlaryna prezident Berdimuhamedowyň adyndan çap edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyndaky melhemlik çaýlary içmegi maslahat berdi. Dekabrda Türkmenistanyň Altyn Asyr döwlet telewideniýesinde çykyş eden weterinarlar iri şahly näsag mallary bejermek üçin prezidentiň kitabyndaky ösümliklerden peýdalanmagy maslahat berdiler.

Türkmenistanyň kanunçylygy ýurtda ekstrasensleriň, palçylaryň we şuňa meňzeş tebigy bolmadyk ukyplara eýe bolan adamlaryň hyzmatlarynyň mahabatlandyrylmagyny gadagan edýär. Türkmenistanda 2016-njy ýylyň aprelinde güýje giren “Mahabat hakyndaky” kanuna laýyklykda ýurduň çäginde gözbagçylaryň we şuňa meňzeşleriň hyzmatyny reklama etmek gadagan edilýär. Onda “gipnotizorlaryň (gözbagçylaryň), tebipleriň (şypa berijileriň), ekstrasensleriň, palçylaryň, astrologlaryň, jadygöýleriň we özlerini wakany öňünden aýtmaga ukyply diýip mälim edýän ýa-da ukyply hasap edýän we tebigatdan daşary ukyplary we güýçleri peýdalanmak arkaly adamlara, olaryň ruhy dünýäsine we emlägine we daşky gurşawa täsir edýän beýleki adamlaryň hyzmatlaryny (işlerini) mahabatlandyrmak” gadagan edilýär.

Synçylaryň aýtmagyna görä, türkmen hökümeti we mediasy ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda ilatyň agyr göwnüçökgünligi başdan geçirýän agramly böleginiň problemalaryny ykrar etmeýär. Ýöne soňky üç ýyla golaý wagtyň dowamynda döwlet telewideniýesinde prezidentiň ýerine ýetirýän aýdym sazly çykyşlary has-da ýygjamlaşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG