Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti, resmiler uçar urulmagy barada ‘ýalan sözländen’ soň, milli bitewilige çagyrýar


Hassan Rohani
Hassan Rohani

Prezident Hassan Rohani ýurduň howa goragy güýçleriniň geçen hepde ukrain ýolagçy uçaryny urup ýykmagy zerarly guralan protestleriň dowam edýän wagtynda halky milli bitewilige çagyrdy.

Bu çagyryş 15-nji ýanwarda, hökümet mejlisinde edilip, telewideniýe arkaly halka ýetirildi. Şu aralykda, daşary işler ministri Jawad Zarif Hindistanda guralan metbugat ýygnagynda adamlaryň “özlerine birnäçe günläp ýalan sözlenmegi sebäpli protest bildirýändiklerini” aýtdy.

"Adamlar häkimiýetleriň özlerine çyn ýürekden, düzüwli we ynam bilen çemeleşmeklerini isleýändiklerini nygtaýarlar” diýip, Rohani belledi we ýaragly güýçleri “ötünç soramaga”, betbagtçylygyň anyk nähili ýagdaýda bolandygyny düşündirmäge çagyrdy.

Ukrainanyň Halkara howa ýollarynyň uçary (PS752) 8-nji ýanwarda, Tährandan uçanyndan soň urlup ýykyldy. Uçaryň üstündäki 176 adamyň ählisi wepat boldy.

Pidalaryň köpüsi eýranly, kanadaly raýatlardy.

Betbagtçylyk Eýranyň howa goragy güýçleriniň Eýran Yrakdaky ABŞ bazalaryna zarba uranyndan soň ýokary hüşgärlik ýagdaýynda goýlan wagtynda boldy.

Eýranlylar 11-nji ýanwardan, ýurduň harbylary ukrain uçaryny ýalňyşlykda urup ýykandygyny boýun alaly bäri protest bildirmegini dowam edýär.

XS
SM
MD
LG