Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow on gün soň eýranly generalyň ölümine 'gynanç bildirdi'


Major General Qassem Soleymani, Commander of Iran's IRGC Qods Force
Major General Qassem Soleymani, Commander of Iran's IRGC Qods Force

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 13-nji ýanwarda Aşgabatda Eýranyň täze bellenen ilçisi Arbab Halesiň ynanç hatyny kabul edende, Eýranyň “Kuds” güýçleriniň şehit bolan komandiri Kasem Suleýmaniniň ölümine gynanç bildirdi diýip, Eýranyň resmi IRNA habar gullugy habar berýär.

General Kasem Suleýmani 3-nji ýanwarda, prezident Donald Trapmyň buýrugy esasynda, ABŞ zarbasy bilen öldürildi.

Şondan iki gün soň Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif sebitiň daşary işler ministleri, şol sanda Reşid Meredow bilen telefonda gürleşdi.

Emma türkmen mediasy bu barada hiç bir maglumat bermedi. Soňra Meredow Eýranyň täze bellenen ilçisini kabul etdi we türkmen DIM-niň websaýty 9-njy ýanwarda wise-premýeriň eýranly ilçi bilen 'parahatçylyk' hakynda maslahatlaşandygyny aýtdy, ýöne sebitde bolan soňky wakalary agzmady.

Şu aralykda, prezident Berdimuhamedow 8-nji ýanwarda ukrain kärdeşi Wladimir Zelenskä, 9-njy ýanwarda eýranly kärdeşi Hassan Rohanä Tähranda bolan uçary heläkçiligi sebäpli gynanç hatlaryny iberdi.

Emma muňa garamazdan, türkmen mediasy dünýä habar serişdeleriniň baş täzeligine öwrülen sebit wakalary barada başga maglumat bermedi.

Şeýle-de, türkmen mediasynyň Berdimuhamedow bilen eýranly ilçiniň arasynda bolan duşuşyk baradaky habarynda general Suleýmaniniň ölümine bildirilendigi aýdylýan gynanç agzalmaýar.

XS
SM
MD
LG