Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Sen özüňkileriň arasynda keseki, kesekiniň arasynda olaryňky.” Aýdymçy Maniža asyl köki Täjigistan hem emigrasiýadaky Russiýa hakda


Aýdymçy Maniža
Aýdymçy Maniža

Ony hossarlary çaga wagtynda, raýatlyk urşy sebäpli, 1994-nji ýylda Duşenbeden alyp gidipdiler, olaryň jaýyna top oky düşdi. Maşgala keseki ýurtda, öz ata mekanyndakydan düýpden başgaça bolan şertde ýaňadan durmuşa başlapdy. Maniža indi köp ýyldan bäri Orsýetde ýaşap gelensoň, özüni täjik däl, eýsem dünýäniň adamy saýýar.

Maniža iki albomyny çykaryp bildi, rus telewideniýesinde çykyş edýär. Ol “Piknik Afişi”, “Jazz bossany” festiwallarynda aýdym aýtdy, hatda Soýuzlar öýüniň Sütünli zalynda solo konsertinde çykyş etdi. Ol feministler hereketiniň aktiwisti, zorluga duçar bolan aýallara ýardam edýär. Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň žurnalisti bilen gürrüňdeş bolanda, bular hakda hem iň möhüm saýan zatlary barada şulary aýtdy.

Onda näme köp: Täjigistanmy ýa-da Russiýa

– Beýle dartgynly ýagdaý dogduk mekanyndan çykyp, başga bir ýurda gelen her bir adamda bar. Ol başga medeniýetler bilen ýüzbe-ýüz bolup, başga bir dili öwrenmäge mejbur bolanda, öz ene dilini unudýar. Munda aýratyn bir dartgynlylyk ýok. Men rus dilinde gepläp bilýändigim, ol dilde aýdym döredýänim üçin bagtly. Meniň rus dilli diňleýjilerim bar, men muňa-da guwanýan. Ýöne gynasak-da, bu aralykda Täjigistan bilen özara baglanyşygym ýitdi. Şonuň üçinem ol ýere baranymda, özümi birneme başgaçarak duýýan. Orsýetde ýaşaýandygym üçin, bu mende şatlyga garanda, azda-kände gussa döredýändir diýip çaklaýan. Gynansak-da, sen özüňkileriň arasynda keseki, kesekiniň arasynda olaryňky.

Şonuň bilen birlikde Täjigistan maňa içgysgynç diýip bilmen. Men ýagdaýy bolşy ýaly kabul edýän. Golaýda birnäçe günläp Duşenbede boldum, ondan öň köp ýyllap bolmandym. Ýöne men çagalygymy küýseýän; Duşenbede geçiren şol aladasyz günlerimi, o döwürde sen durmuş barada-da, serhetler hakda-da oýlanmaýaň. Haýsydyr bir döwletleriň ýa medeniýetleriň tapawudy barada-da aladaň ýok. Sen diňe ynsan; tebigatdan lezzet alýaň, öz ýakynlaryňa guwanýaň hem örän süýji zatlary gowy görýäň, bu bir akyl ýetirerden owadan medeniýet.

Men dünýäniň adamy. Men hem täjik, hem slawýan, hem iňlis dilinde gepleýän adam. Adama bir sypaty dakmagy goýdum, adamlar özüne bir sypat berip, şonuň bilen töweregini çäklendirýärler. Men özümde kemala gelen medeniýet hem däp-dessurlar bilen ýaşamak isleýän, mende bolsa olaryň köpüsi emele gelipdir, bular meniň durmuşym bilen baglanyşykly. Ol diňe bir medeniýet däl.

Russiýadaky emigrantlar hem özüniň kemsidilmä duçar bolup-bolmany hakda

– Elbetde, men öz gelip çykyşym sebäpli Orsýetde köp kynçylyga duşdum, muny ýaşyrjak bolamok, ýöne ony dartgynlaşdyrmagam islämok. Başga milletden bolanyň alnynda tutuş ömrüne kynçylyklar emele gelip durýar. Ýöne öz üstüňde işlemek gerek, bilim almaly, bu örän möhüm. Bilim almaga bolsa mydama mümkinçilik tapylýar.

Täjigistanda meni köp adamyň tankytlaýandygyny bilýän (iň bolmanda klipde bir geň fidbek - seslenme bar), onda, ‘ine, biziň Täjigistanymyzda şu problemalar bar, sen bolsa olara gülýäň’ diýilýär. Men hiç bir ýagdaýda gülemok. Men migrantlaryň alnynda duran ähli kynçylyklara düşünýän, olary bilýän, sebäbi biziň maşgalamyzyň emigrasiýadaky durmuşy boşlukdan – hiç bir zatdan başlanypdy.

Ýöne bu günki gün men az-kem dynç alyp bilýän. Indi bir döwüm nany nireden gazanarkam diýen aladam ýok. Her günde bagyryp duran adamlary nädip ruhlandyryp bolarka diýip, oturyp oýlanmaga mümkinçiligim bar. Adamlara iň bolmanda egnine kakyp, goltgy bermek gerek.

Kim üçin aýdym döredýändigi hakda

– Men her bir döredýän aýdymymyň diňe özüme degişli bolmazlygyny isleýän. Meniň aýdymymda kimdir biri özüniň başdan geçiren ahwalatyny ýa-da häzirki ýüzbe-ýüz bolýan duýgularyny görmegini isleýän. Sebäbi döredijilikde men näme eden bolsam, onuň hiç biriniň biderek geçmezligini isledim. Ol meniň nähilidir bir öz hasratym bolman, başgalaryň hem duýgusyny aňlatsyn diýýän. Şonda öz kalbym arassalanyp, birneme ýeňillik duýýan.

Meni diňleýändirler diýip pikir edýän, men ony görýän, dürli hatlar alýan. Meniň diňleýjilerim örän güýçli özgerdiler, munuň üçin köp ýyl gidişmeli boldum. Meniň aýdymlarym bir günüň täsiri däl, haýsydyr bir ýyl öňki bolan zat hem däl, ýok. Owal başda bu ýola düşenimde, öz diňleýjilerimi gazanmagy maksat edindim, soňra olar bilen iň ýürekdeş hem möhüm zatlar barada dertleşip boljagyna göz ýetirdim. Eger döreden zadym owaly özüme degişli bolsa, onuň başga adamlara-da degişli bolmagy mümkin. Maňa esasy proýektlerimi amala aşyrmak soňky ýyllarda başartdy, bu meniň şahsy ýeňşim. Muňa köp ýylyň dowamynda geldim. Indi bu ugurda saklanmaryn. Hudaý güýç-kuwwat hem ylham berse, bu täze ýylda has köp iş ederin.

Maşgala hakda

– Ejem meniň durmuşymda köp zatlar etdi, ýene-de goldawyny gaýgyrmaýar. Islendik enä ýat bir ýurtda hatda bir çagany-da aýaga galdyrmak agyr, meniň ejem bolsa bäş çagany ýetişdirdi. Mundan daşary-da, iň esasy, ol bize öz ýüregimizde baryny amala aşyrmaga mümkinçilik berdi, häzirem ol bize öz islegimiz boýunça ýaşamaga ýol berýär. Sebäbi, gynansak-da, olar öz wagtynda höwesinde bolan arzuw-isleglerini unutmaly bolupdyrlar, uruş köp zady aldy.

Şonuň üçin bu günki gün aýdym aýdyp bilýändigime şatlanýan, döredijilik bilen meşgullanmaga, ejemiň ganatynyň aşagynda bolmaga mümkinçiligim bar. Ol meniň prodýuserim, ol bu işde başgalara garanda has köp ‘ylgaýar’ diýip bilerin. Toparyňda meniň ejem ýaly adamyň bolmagy örän möhüm.

Aýallara berilýän kömekler hakda

– Men “kömek düwmesi” diýip, aýallara ýardam edýän bir ulgamy açdym. Bu ulgamda seniň tanşyň nirede, haýsy ýerdedigini saňa habar berýär. Ol örän ýönekeý; sen öz ýakynlaryň, ýagny ynanyşýanlaryň bilen aragatnaşyk açýaň. Eger bir kyn ýagdaýa düşen bolsaň, şol ulgamy tapyp, düwmäni basmaly. Şonda seniň ýüzlenmäň golaý tanşyňa gidýär.

Muny diňe bir maşgalada bolýan zorluklara ýardam däl, islendik howply ýagdaý üçin ulanmak mümkin. Sebäbi dörän ýagdaýa polisiýanyň wagtynda seslenmezligi mümkin, aýratynam dartgynlylyk maşgala çäginde ýüze çykanda.

Bu kommersiýa maksatly proýekt däl, onuň inwestory ýa-da fondy ýok, döwletden ýardam alanok. Bu aýdymçynyň garaşsyz proýekti; biz iki adam bolup – men hem ejem muny alyp barýas. Gynasak-da, bize habar edýänler örän köp, biz bolsak mydama ol proýekt bilen işleşmäge ýetişmeýäris. Ýöne öz güýjümiziň ýetýän zatlaryny edýäris, biziň üçin esasy zat şeýle ýardamyň hereket edip durmagy. Kömek soramak ulgamy mydama mugt, belki, kömegimiz ýeter diýip umyt edýäris.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG