Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çet ýurtda galan ene-atasyz çagalar Özbegistana getiriler. Bu hyzmaty Içeri işler ministrligi amala aşyrýar


Illýustrasiýa suraty

Kämillik ýaşyna ýetmedik, hossarlaryny ýitirip daşary ýurtda galan çagalary Içeri işler ministrligi ýurda getirmeli. Bu düzgüni Özbegistanyň Ministrler Kabineti şu ýylyň 7-nji ýanwaryndaky № 6 karary bilen tassyklady.

Nornal hukuk portalynyň mälim etmegine görä, respublikanyň graždanini bolup kämillik ýaşyna ýetmedik, daşary ýurtda galan we hossarlaryny ýitirenleri, şeýle hem emigrasiýada ýaşamaga hukugy bolmadyklary Içeri işler ministrligi (IIM) ýurda getirer. Bu karar hossarlary öň Özbegistanda ýaşan, ýöne graždanlygy bolmadyk çagalara-da degişlidir. Şunlukda, 3 ýaşa çenli çagalar IIM hem saglygy saklaýyş ministrligi tarapyndan ýurda getiriler.

Eger çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasy bolmasa, respublikanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary hem konsullyk edaralary onuň raýatlygyny tassyk edip, çagany ýurda gaýtaryp getirmek (ýurda girizmek) üçin, wagtlaýyn dokumenti resmileşdirer.

Özbegistanyň Daşary işler ministrligi (DIM) hem-de daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary hossarsyz galan çagalaryň bardygy hakda maglumat alan dessine, ol maglumaty DIM-niň Hukuk-konsullyk departamentine ibermelidir. Departament öz nobatynda bir iş gününiň dowamynda, ol maglumaty IIM-niň Hukuk bozulmalaryň profilaktikasy baş edarasyna ýollamalydyr. Hukuk bozulmalaryň profilaktika edarasy çaganyň ýurda gaýtarylyp getirilmegi üçin, 15 günüň dowamynda çaga baradaky ähli informasiýany jemläp, IIM-niň jogapkär wekiline hem-de zerur bolanda Saglygy saklaýyş ministrliginiň degişli resmisine ibermeli.

Üç ýaşdan uly bolan çagalar Özbegistana getirilenden soň, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial-hukuk kömeklerini berýän ýerlerdäki merkezine tabşyrylmaly, üç ýaşa çenliler çagalar öýüne tabşyrylar.

Eger Özbegistanda hossarlary ýa-da şonuň ornuny tutýanlar bolsa, getirilen çaga olara berler.

Karar şu ýylyň 8-nji ýanwaryndan güýje giripdir.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG