Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka: Russiýa gazak nebitini Belarusa akdyrmaýar


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka
Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka Russiýanyň, Moskwa bilen tariffleriň üstündäki dawanyň arasynda, gazak nebitini öz üstünden Belarusa geçirmeýändigini aýtdy.

Lukaşenka 21-nji ýanwarda Minskde nebit ekspertleri bilen geçiren duşuşygynda belarus ykdysadyýetiniň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlarynyň “has hem çylşyrymlaşýandygyny” aýtdy.

“Bu geň, biziň ýaranymyz beýleki ýaranymyzyň nebitini bize akdyrmaýar. Bu nebit pudagyndaky täsin bir ýagdaý, biz muňa çäre tapmaly bolarys” diýip, Lukaşenka aýtdy.

Bu üç döwlet Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň esaslandyryjy agzalarydyr. Rus prezidenti Wladimir Putin bu Bileleşigi ozalky sowet respublikalarynda Moskwanyň täsirini güýçlendirmäge, şeýle-de Ýewropa Bileleşigne we NATO garşy goýmaga synanyşdy.

Moskwanyň Minske iki ýurduň arasyndaky garylyp-gatylmagy çuňlaşdyrmak barada edýän basyşlarynyň güýçlenmegi bilen baglylykda, Belarus bilen Russiýa indi esli wagt bäri nebit tranziti üstünde oňuşman gelýär.

XS
SM
MD
LG