Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda gar ýagdy. Arassaçylyk işgärleri ýagyn suwlaryna garşy sübseli we pilli ‘göreşdi’


Mary şäheriniň köçelerindäki ýagyn suwlaryny arassalaýan jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri. 21-nji ýanwar, 2020 ý.
Mary şäheriniň köçelerindäki ýagyn suwlaryny arassalaýan jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri. 21-nji ýanwar, 2020 ý.

Mary welaýatynyň jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri köçeleriň, ýollaryň gyralaryna üýşen ýagyn suwlaryny sübseli we pilli arassalamaly bolýandyklaryny aýdyp, bu ýagdaýdan şikaýat edýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan onlarça arassaçylyk işgäriniň tassyklamagyna görä, munuň sebäpleri edara başlyklarynyň suw sorujy ulaglary “başga maksatlar üçin” ulanýandygy bilen baglanyşykly.

“21-nji ýanwarda Mary şäherinde gar ýagdy. Howanyň temperaturasy minusa geçmeýändigi üçin bir tarapdan gar ýagan bolsa, beýleki tarapdan eredi. Ýoluň gyrasyna ýagyn suwlary üýşüp başlady. Komunal işgärler ellerine sübse, susak, bedre we pil alyp, ýagyn suwlaryny arassaladylar. Olar bu gaplary we gurallary ellerine alyp, ýagyn suwlaryny ýoluň gyrasyndaky atyzlara sepýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 21-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, şäher içindäki ýollaryň tas hiç birinde jemagat hojalygy edaralarynyň suw sorujy ulaglary göze ilmeýär. Ýollaryň ählisinde elleri bilen suwlary arassalaýan jemagat hojalygy edaralarynyň işgärlerini görse bolýar.

Aýdylmagyna görä, şäher ýollarynyň aglabasynda ýagyn suwlarynyň üýşmeginiň sebäpleri olaryň gyrasynda suwuň aryga akmagy üçin ýörite deşikleriň göz öňünde tutulmandygy bilen baglanyşykly.

Adatça bu üýşen suwlary sorup aýyrmak işleri jemagat hojalygy edarasynyň ýörite suw sorujy ulaglarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylmaly.

Ýöne bu edaranyň işgärleri edara başlyklarynyň suw sorujy ulaglary özlerine “goşmaça, bikanun gazanç etmek üçin ulanýandygyny” aýdýarlar.

“Bu ulaglaryň sürüjileri şähere golaý obalara gidip, bu ýerdäki hojalyklaryň lagym çukurlaryny sormak işi bilen meşgullanýarlar. Olar bu hyzmatlardan gelen girdejini başlyklar bilen paýlaşýarlar. Işgärleriň ählisi muny bilýär we mundan zeýrenýär. Ýöne olar iş ýerlerini ýitirmekden gorkup, hiç bir garşylyk görkezip bilmeýärler” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde söhbetdeş bolan bir işgär Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlary Mary welaýatynyň jemagat hojalygy edaralaryna tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Bu barada Mary welaýat we şäher häkimliklerinden hem kommentariý alyp bolmady.

Ýöne bu Türkmenistanda jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleriniň ýagyn suwlaryny we köçelerdäki beýleki arassaçylyk işlerini sadaja gurallar, şol sanda sübseli we pilli berjaý etmeli bolýandygy barada peýda bolan ilkinji habar däl.

Geçen ýylyň iýun aýynda Aşgabatda ýagan güýçli ýagşyň netijesinde köçelere üýşen ýagyn suwlaryny arassalamak işlerine suw sorujy ýörite ulaglar bilen bir hatarda, jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri hem gatnaşdy. Işgärler köçelere üýşen suwlary elleri sübseli arassalamaly bolupdylar.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda we welaýat merkezlerinde ýollary, awtobus duralgalaryny el bilen ýuwýan gyzgylt reňkdäki keltekçeli işgärleri köpçülikleýin görnüşde görse bolýar.

Olaryň iş wagtyndan daşary işlemäge, ýagny gijelerine köçeleri ýuwup, süpürmäge mejbur edilýändigi barada hem habarlar bar. Olara arakesme üçin köplenç şertler döredilmeýär.

Türkmen häkimiýetleri bu habarlary tassyklap ýa-da inkär edip çykyş etmeýärler. Bu barada resmi mediada-da hiç zat aýdylmaýar.

Arassaçylyk işgärleriniň zähmet haklary ortaça 800-1000 manada barabar. Bu resmi kursda $228-$285, “gara bazaryň” nyrhynda $42-$52-a deňdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG