Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň köçe süpürijileri iş wagtyndan daşary işlemäge mejbur edilýärler


Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, paýtagtyň jemagat edaralarynyň işgärlerini iş wagtyndan daşary işlemäge mejbur edýärler, ýagny gijelerine köçeleri ýuwup, süpürmäge mejbur edýärler.

"Dürli guramalaryň işgärlerini - suw guramasynyň, parklara, suw çüwdürimlerine gözegçilik edýän, liftleri bejerýän edaralaryň işgärlerini kanun boýunça iş wagtyndan daşary işlemäge mejbur edýärler. Olar tutuş şäheriň içinde haşal otlary goparýarlar, gijelerine el bilen ýollary ýuwýarlar, köçe süpürýärler we baglary arassalaýarlar. Ýagyn ýaganda köçelerdäki suwy sübse bilen ýygnaýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Aşgabadyň köçe süpürijileri (arhiw suraty)
Aşgabadyň köçe süpürijileri (arhiw suraty)

Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý ýurduň Jemagat hojalygy ministrliginiň dargadylmagyndan soň döräpdir. 2018-nji ýylyň iýul aýynda ministrlik ýok edilip, onuň düzümindäki edaralar Gurluşyk we arhitektura ministrligine tabşyrylypdy. Jemagat hojalygyna degişli işler, şol sanda kommunal hyzmatlary, köçeleriň abadanlaşdyrylmagy we arassalanmagy häkimlikleriň garamagyna berlipdi.

Aşgabat (arhiw suraty)
Aşgabat (arhiw suraty)

Azatlyk Radiosy habar berilýän bu täze düzgünleri barada Aşgabadyň häkimliklerinden resmi kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda köçeleriň arassalanmagy sadaja gurallaryň ulanylmagynda el bilen berjaý edilýär. Köçe süpürijiler esasan gazanjyň gözleginde paýtagta welaýatlardan gelen zenanlar.

Aşgabadyň ähli ýerlerinde ýollary el bilen ýuwýan gyzgylt reňkdäki keltekçeli, başy ýaglykly, ýüzi tozandan we günden goramak üçin örtülen zenanlary köpçülikleýin görmek mümkin.

Aşgabadyň köçeleri köplenç el bilen ýuwulýar
Aşgabadyň köçeleri köplenç el bilen ýuwulýar

Mundan öň käbir döwlet baýramçylyklaryna we häkimiýetleriň möhüm hasaplýan wakalara gabat gelýän döwürlerde Aşgabadyň köçe süpürijileri gije-gündiz iş tertibinde zähmet çikipdi. Hususan-da, Aşgabat-2017 halkara sport çäresiniň dowamynda gije-gündizläp işlän köçe süpürijiler işe baýramçylyk lybasly çykmaga mejbur edilipdi. Olar geýiminiň görnüşine we reňkine degişli ýörote talaplary berjaý etmäge mejbur edilipdi.

Aşgabat
Aşgabat

Türkmen paýtagtynyň köçe süpürijileriniň işi agyr hasaplanylýar. Olar köçeleriň arassaçylygyny esasan sübse, esgi ýaly ujypsyz gurallary ulanmak arkaly berjaý edýärler. Olar tomusuň yssysynda günüň aşagynda gyşyň sowugynda ençeme sagatlap köçede işleýärler.

Aşgabatda köçe süpürijiler mundan öňem gijelerine işe çykarylýardy. Jemagat edaralaryň işgärleriniň aýtmagyna görä, gijelerine geçirilýän arassçylyk çäreleri ilkinji nobatda paýtagtyň merkezindäki protokol köçelerinde amala aşyrylýar.

Üstesine, Aşgabadyň köçe süpürijilerini öýsüz haýwanlary tutmak işlerine hem çekýärler. Olaryň özleriniň aýtmagyna görä, günde itleri we pişikleri tutup, olary diriligine ýa-da maslyklaryny tabşyrmak talap edilýär. Bu işden boýun gaçyranlara jerimä sezewar bolmak ýa-da işden kowulmak howpy abanýar.

Azatlyk Radiosy bilen gizlinlik şerti bilen söhbetdeş bolan jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleriniň sözlerine görä, Aşgabatda köçe süpürijileriň aýlyklary ortaça 800-1000 manada barabar.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistanda köçeleriň arassaçylygyna döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Ýurt baştutany paýtagtyň abadançylygynyň üpjün edilmegini ministrlerden yzygiderli häsiýetde talap edýär.

​Ýurt häkimiýetleri bu işe ýurduň ilatyny köpçülikleýin çekýärler. Jemagat edaralarynyň işgärleri bilen bir hatarda ýurduň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri-de yzygiderli köçeleri süpürip, ýuwýarlar, haşal otlary goparýarlar we agaçlara ideg edýärler.

Ählihalk ýowarlar ýurtda däbe öwrüldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG