Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýene güýçli ýagyş ýagdy; şäher edaralarynyň işgärleri gije sagat 3-e çenli köçeleri arassalady


Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edara-kärhanalaryň işgärleri. 3-nji iýun, 2019 ý. Aşgabat

3-nji iýunda giçlik Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýene güýçli ýagyş ýagdy. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biriniň beren maglumatyna görä, güýçli ýagan ýagyş uzaga çekmese-de, gysga wagtyň dowamynda şäheriň köçelerini ýagyn suwlary basdy.

Ýagyş suwlaryny arassalamak çärelerine Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edara-kärhanalaryň işgärleriniň ýüzlerçesi we ýörite ulaglaryň onlarçasy gatnaşdy.

“Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edara-kärhanalaryň işgärleri gije sagat 9:00-dan daňdan sagat 3:00-a çenli köçeleri süpürip, ýagyş suwlaryny arassaladylar. Şeýle-de, köçelerdäki ýol belgilerini reňklediler. Sebäbi şu gün Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Alyşir Nowaýy köçesinden geçdi” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 4-nji iýunda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary köçeleri arassalamak, pyýadalar üçin geçelgeleri ak reňke boýamak çäreleriniň indi bir hepde gowrak wagt bäri, ýagny paýtagtda geçen hepde doly gatyşykly güýçli ýagyş ýagandan bäri dowam edýändigini aýdýarlar.

Ýatlatsak, 29-njy maýda günortan wagty Aşgabatda doly gatyşykly güýçli ýagyş ýagyp, şäheriň köçelerini suw basypdy. Şonda Azatlyk Radiosynyň habarçysy şäheriň merkezi etrapçalarynda ýagdaýyň birneme ganymatdygyny, ýöne Parahat 7 etrapçasyndaky köçelerden ýöräp geçip bolmaýandygyny aýdypdy.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edara-kärhanalaryň işgärleri. 3-nji iýun, 2019 ý. Aşgabat
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edara-kärhanalaryň işgärleri. 3-nji iýun, 2019 ý. Aşgabat

Türkmenistanda indi mart aýynyň ortalaryndan bäri Balkan, Mary we Ahal welaýatlarynda, şeýle-de Aşgabat şäherinde çabgaly ýa-da güýçli ýagyşlaryň ýagmagy we tupan turmagy wagtal-wagtal dowam edýär.

Bu güýçli we çabgaly ýagyşlar welaýatlaryň ençeme obadyr etrabyna we Aşgabat şäherine sil suwlarynyň gelmegine sebäp bolup, munuň netijesinde köçelere, ýaşaýyş jaýlaryna we ýerzeminlere zyýan ýetdi.

21-nji maýda irden Ahal welaýatynda güýçli ýagyş ýagyp, welaýatyň ençeme etrabyna sil suwlary geldi we ekin meýdanlaryna zyýan ýetirdi. Köpetdagyň dag gerişlerinden Arçmana tarap, şol sanda Bäherden etrabynyň Garawul obasyna çabgaly sil suwlary geldi. Ýollaryň käbir böleklerini sil suwlary ýumurdy.

22-nji maýda Aşgabat şäherinde güýçli ýagyş ýagyp, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edara-kärhanalaryň işgärleriniň käbiri sübseli, käbiri plastikadan ýasalan sübseler bilen köçeleri ýagyş suwlaryndan arassalady.

15-nji maýda Aşgabatda güýçli ýel turup, soňra ýagyş ýagdy. Munuň netijesinde paýtagtyň köçelerindäki wagtlaýyn gurnalan käbir söwda nokatlary we seýilgählerdäki agaçlar ýumruldy.

Aşgabatda 19-njy aprelde ýagan güýçli ýagşyň netijesinde şäheriň merkezi köçelerinde jaýryklar we oýuklar emele gelipdi. Mundan bir hepde çemesi öň hem türkmen paýtagtyna güýçli sil gelipdi.

Martyň aýagynda Mary welaýatynyň Tagtabazar şäherine gelen silde ýüzlerçe ýaşaýyş jaýyna zeper ýetipdi.

Ondan ozal, martyň ikinji ongünlüginde Balkan welaýatynyň Bereket we Serdar şäherlerine gelen sil regionda ençeme obalara zyýan ýetirdi.

Döwlet telewideniýesi Türkmenistanyň prezidentiniň Aşgabada uçardan ýa-da gury ýerden aýlanyp, şäherde alnyp barylýan gurluşyklara syn edendigini wagtal-wagtal görkezse-de, siliň gelmegi, çabgaly ýagyşlar we onuň netijeleri barada hiç hili maglumat bermän gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG